Shining ✨
11.02.2023 10:22
Ikisi hem ÿetmez.Geçmişi ÿatlarsyñ.Sen nirede bolsañda her sagadyñy her minudyñy ÿatlarsyñ.Meniñ bilen geçen ÿerleriñi geçmek,giden ÿerleriñe gitmek islärsiñ.Kimdir biri saña içiñdäki hasratdan dynmagyñ ÿoluny aÿtjak bolar,emma sen gaçarsyñ.Şol dynmak isleÿän derdiñden,ÿene dynmazlyk üçin dileg edersiñ.Durmuşyñ galanyny diñe meni ÿatlap geçirmek islärsiñ.Hiç bir ynsany meniñ ÿerime goÿup bilmersiñ.Seni hiç bir zat öziñe getirmez,we ÿene derdiñ dermanyny gözläp başlarsyñ.Nämedir bir zat saña az wagtlyk ähli zady unutdyrar,ÿöne meni unutdyrmaz.Ähli aÿdylan aÿdymlar,ÿazylan goşgular biziñ ikimiz üçin ÿaly bolar.Damagyñ dolar we diñläp,okap bilmersiñ.Uklamak kyn,oÿanmak añsat bolar.Hakykat bolmagyny islän düÿşleriñi görersiñ.Şäheriñ howasyny içiñe çekersiñ,kä wagt bolsa"käşgä hiç dañ atmasady,hiç oÿanmasadym" diÿersiñ.Ne gijeler saña rahatlyk berer,ne-de gündizler.Kimdir biri bilen gürrüñdeş bolanyñda ÿalñyşyp meniñ adymy aÿdanyñybilmän galarsyñ,ÿada meniñ aÿdÿan sözlerim has ÿakyn eşdiler gulaklaryña.Telefon jañynyñ gelmesine garaşarsyñ,jañ etmejegimi bilseñde.Her jañ gelende ÿüregiñ agzyña geler,ÿöne başga biriniñ jañ edÿänini görüp ÿene keÿpiñ gaçar.Aglaÿan halyñda gürleşersiñ jañ edÿänler bilen.Meniñ sesimi ÿekeje gezek eşitmek üçin ÿanyp tutaşarsyñ.Ÿüregiñ burulup,hasratyñ artar.Mundan soñ hiç wagt söÿmezlige ant içersiñ.Durmuşyñ üçin nämedir bir zatlar edesiñ gelmez.Hiç bir zadyñ manysyny görüp bilmersiñ.Emma her gezek meni göreniñde bolsa,ÿaşaÿan şäheriñi,okaÿan okuwyñy,işleÿän işiñi terk etmek islärsiñ.Meniñ bilen hiç hili bagly bolmadyk,menii ÿatlatmajak ÿerlere gidip ÿaşamak islärsiñ.Ÿöne ýene bir umyt durar içiñde
"BELKI BIR GÜN DOLANAR" diýe..
17
130
AýgülÝazweliýewa
12 Fewral 2023
Okamasam nämedikä🤦🏻‍♀️
AýgülÝazweliýewa
12 Fewral 2023
😵😵😵😒☹️
okayjy
11 Fewral 2023
Umyt "Belki bir gün dolanar" 😞
zolushka
11 Fewral 2023
nejepnepesov7,gowy menem. Bitmedi diýip garaşmak diňe ejir çekdirýär adama. Bilýäňizmi bir ynsan sizden gitse giden bolsa söýmedigi bolup biler. Eger söýibem giden bolsa oň bir sebäbi bardyr. Söýen adam ýöne ýere gitmez. Iki ýagdaýdada bitmedi diýip umyt edip garaşmak ölen adamy jaýlaman saklamak ýalydyr!
zolushka
11 Fewral 2023
nejepnepesov7,Salam. Gowmysyňyz?. Nämäni başarýan?
zolushka
11 Fewral 2023
Duýgylar täsirli we giňişleýin beýan edilipdir👏👏
zolushka
11 Fewral 2023
Giden gitdi, gitdigi gün bitdi....
Myhman Myhman
11 Fewral 2023
Likeee
Leýla💔
11 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.