Sary
31.05.2023 01:25
KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI
Platondan:
— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.

Bir akyldar şeýle diýipdir:
— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.
13
134
Sary
30.05.2023 01:56
Nýu-Ýork şäheriniň köçelerinde şar satýan adam nädip mähelläni üýşürmegiň usulyny bilýärdi. Satuwa başlamanka, ol ak şary geliý gazy bilen doldurdy, ýüplüje şar asmana tarap howada ýüzdi.

Ol ilki bilen gyzyl şary çişirdi, soňra bolsa sarysyny. Çagalar harydy satyn almak üçin satyjynyň daşyny gurşap aldylar. Kiçijek garaýagyz oglanjyk şarlara seredip durdy-da, ahyrynda şeýle sorag berdi:“Jenap, eger siz gara şary çişiren bolsaňyz, olam ýokary galardymy?”

Ol adam egildi-de, oglanjygyň gözlerine garap şeýle diýdi: “Elbetde. Şaryň ýokary galmagyna onuň reňki däl-de, onuň içindäki zat sebäp bolýandyr.”                                              

Taýýarlan: Aşyrmät ANNAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
16
139
Sary
Sary
14.03.2023 08:49
Ÿüregiñizi buz ÿaly ediñ bu doñdurmany iÿip Dünÿädäki iñ gymmat doñdurma Ony Nÿu-Ÿorkdaky belli restoran bolan " SERENDIPITY 3 - de" 25 000 $ satyn alyp,iÿip bilersiñiz.Doñdurmanyñ ady
Sary
Sary
10.03.2023 18:19
Geçmişini bilmeÿän geljegine ynamly seretmez. Geljek geçmişden dogar. Gelejegiñi alada etme esasy zat geçmişiñde bitirenleriñ. Egerde geljegiñiz hakynda pikirlenmeseñiz,ÿagty geçmişiñiz bolmaz.
Sary
Sary
09.03.2023 18:36
Sorasalar meni senden; Söÿülmedi ÿöne söÿÿärdi diÿ! Hem örän sada-dy diÿ! Ol şeÿle çyny bilen söÿdi ÿöne men göterinmedim diÿ! Içinde bir ataş ÿakdym,häzirem ÿanyp dur diÿ! Gitmedim,hiç habar
Sary
Sary
03.03.2023 09:27
Garaşmak. Şeÿle seredeniñde ÿönekeÿje söz ÿaly welin, meniñ ÿüregime girip görsediñiz, bu beÿle däl. Garaşmak onda-da intizar bolup, ÿoluna göziñ dikip garaşmagyñ nähili hupbatynyñ bardygyny,siz bir