Sary
31.05.2023 01:25
KÖŞEŞMEGIŇ IKI TÄRI
Platondan:
— Betbagtlyga uçran adam nähili köşeşip biler? — diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
— Akylly adam başyna düşen betbagtçylygyň gutulgysyzdygyna düşüneni üçin, köşeşýär. Akmak adam bolsa, şol betbagtlygyň uly iliň hem başyndan inenligi hakda pikir edýändigi üçin köşeşýär.

Bir akyldar şeýle diýipdir:
— Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança, akmagyrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç mahal tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.
13
134
okyjy dz
31 May 2023
Wahh çaga,öwrenişmek kyn bolarow 600 nyşana,serawno post super👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.