Sahet
15.11.2019 08:51
Söýginiñ tayyarlanyşy:
1. 300 gram gep,
2. 2litr göz ýaş
3. 1 wagon dawa,
4. 4 kilo uruş,
5. 1 gazan azap,
6. 1 cemce gulki,
7. yarty halta gaygy.
Baryny garyşdyrsañ söýgi???
5
111
Sahet
14.11.2019 10:01
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
5
116
Sahet
14.11.2019 09:56
Baylygy hayr işe ulandygynca bereketi artar. Emma ony ulanman goysan oz ozunden hummeti gacar
3
87
Sahet
14.11.2019 09:54
Adamlar yalta dal
Olarda diñe ruhlanmana cesme bolup durjak guycde maksatlarynyn yok bolmasydyr
5
61
Sahet
13.11.2019 13:19
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.

– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.

– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.

– Ýok, men jaý nomerin ýalňyşamok,
ýok,
Men geldimmi — boş gitmäni halamok.
– Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.

– Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.

Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
– Niçik? — diýip sorajakdym,
şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.

Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».

Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.

– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.

Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.

Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!

Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.

Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.

Diýdim: — Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

– Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
– Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym.

– Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! — diýip,
Sumat boldy gözümden.
7
110
Sahet
13.11.2019 13:18
Ýene howa garalyp,
ýagyş çisňäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen
saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men
bu golaýda, bu çakda,
Birden agyr oýa batdym
ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda
öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalaň agzyny açar;
aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapdan taýyp geler
ýaşyl şemal, näzik şemal.
Niçik oýa batarsyň sen
meniň ýoklugymda şo hal.
Geldi şonda göz öňüme
bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly,
syýa ýaly şalyň seniň.
Hesretiň gara deňzinde
gark bolup ýörüşiň seniň
Mensiz galan bu dünýäni
dowzah deý görüşiň seniň.
Diýdim şonda öz-özüme:
«Eý, ýok zatlaň pikrin eden,
Heý, ýary şu halda taşlap,
gidip bormy bu dünýeden?»
2
108
Sahet
13.11.2019 13:17
«Birkemsiz gözel ýok» diýenmişinler,
Belki, şol gözelem däldir birkemsiz.
Belki, iş edende ýokdur usuly,
Belki-de, özüni söýýändir çensiz.

A sen weli, ýöräp barýaň şadyýan,
Göni bakyp adamlaryň ýüzüne,
Tur, otur sen, kitap oka, suw daşa,
Sen mydam ýeke-täk meniň gözüme.

Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,
Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.
Bolubersin gözelleriň ýetmezi,
Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly.
4
83
Sahet
12.11.2019 14:21
Örän ajap zatdyr aýala gadyr.
(Bolmalysam şodur, bolýanam şodur!)
Ýöne är
aýalyn öwüp başlasa –
Erkegiň gojalyp gojalyp başladygydyr.

Örän ajap zatdyr erkege gadyr.
(Bolmalysam şodur, bolýanam şodur!)
Ýöne aýal
ärin öwüp başlasa –
Aýalyň bozulyp ugradygydyr.
5
84
Sahet
12.11.2019 10:17
* * *
Gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň,
Gurruga gaçsaňam tapdyr bir mydar.
Ýöne weli ikaýakly bendäňi
Dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam.

* * *
Dostuň bürgüt bolsa – daglara elter,
Dostuň bilbil bolsa – baglara elter.
Dostuň elguş bolsa – bir oba elter,
Dostuň baýguş bolsa – haraba elter.

* * *
Ýekedaban bolsaň – urmak ýaraşar,
Sandal bolsaň – çydap durmak ýaraşar.
Şyňk-şyňk edip dursa kiçijik çekiç –
Şodur içýakgyç.

* * *
Aman, aman...
Dynmak üçin derdimden,
Elli ýaşda ýetmiş
derman gördüm men.
«Guş gerek!» diýseler
– sapanlap aldym,
«Gurt gerek!» diýseler
– gapanlap aldym,
«Mumyýa!» diýdiler
– tüpeňläp aldym.
Birisinden gördüm –
Azajyk haraý,
Birisinden gördüm –
Müň hili zyýan.
Ahyry bir güýçden ýeňildi derdim;
Adam üçin adam –
Iň uly derman.

* * *
«Bal, bal!» diýmek
bilen agzyň süýjänok
Ýöne beýle ajam bolup baranok.
«Sag bol!» almak
bilen garnyň doýanok,
Ýöne beýle ajam bolup baraňok.

* * *
– Arçynmyza goşgy goşýaň,
Başlygymyza goşgy goşýaň,
Brigadire goşgy goşýaň,
Başgasyna goşgy goşýaň.
Kaka, kaka, gorkaňokmy?
– Gorkman, oglum, gorkman, oglum.
Degirmende doglan syçan
Gök gürlände gorkmaz, oglum.

* * *
Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat.
Ony guraňda-da howlukmaly däl,
Ony bozaňda-da howlukmaly däl:
Ony guran wagtyň howlugyp gursaň –
Kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal.
Ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň –
Çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal.

* * *
Ussat bol, iş salyş ussatlar bilen.
Ussadyň gadyryn ussatlar biler.

* * *
Sakalyň deregin tutsa-da akyl,
Akylyň deregin tutmaýar sakgal.

* * *
Burun ys almaga,
Dil sözlemäge,
Gulak hem berlendir diňlemek üçin.
Soň-soň düşünersiň ýene bir zada:
Göz diýen zat berilendir bir bada
Hem-ä seretmek üçin,
Hemem ys almak üçin,
Hemem sözlemek üçin,
Hemem diňlemek üçin.

* * *
Ol adam şeýle bir ajaýyp adam,
Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran.
Käte ony Köpetdaga çykaryp,
Şo ýerden äleme görkezsem diýýän.

Emma Köpetdagyň belentligi-de
Entek gözlerime bärräk görünýär.

Ol adam şeýle bir ýaramaz adam,
Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran.
Käte ony Çuňly derä äkidip,
Şo ýerde il-günden gizlesem diýýän.

Emma Çuňly deräň çuňňurlygy-da
Gözlerime has telperräk görünýär.

* * *
Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý –
Umytdan düşmeklik namartçylykdyr.
Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.

* * *
Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi agarýança oýun etmek bor.
Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi gögerýänçä oýun etmek bor
Emma dostuň bilen oýun edeňde,
Çala gyzarýança oýun etmek bor.
Şondan aňry gitmek
– öte gitmek bor.

* * *
Gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
Seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň.
Soň görüp biriniň şerraý aýalyn,
Şolardandygyna ynanmaýarsyň.

* * *
Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam.
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş.

Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp,
dotsuz galmagyn.
Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun.

* * *
Garaşmak diýen zat erbet zat däldir.
«Garaş!» diýdilermi – garaşgyn oglum.
Ýöne illere-de garaşgyn weli,
Iller saňa,
saňa garaşsyn, oglum!

* * *
– Özüňi süýt saýgyn,
Dostuňy gaýmak!
Diýýärsiň sen atam,
Bu näme diýmek?
O nämüçin mydam
Süýt bolup özüm,
Dostum hem üstümde
Bolmaly gaýmak?

– Oglum, bu igenjiň
Nähakdyr nähak.
Özüni süýt saýsaň,
Dostuňy gaýmak,
Onsoň gaýmak saýar
Dostuňam seni.
Onsoň senem gaýmak,
Dostuňam gaýmak.

– Gul aga ullakan adamam weli,
Oňa «Samsyk» diýýär obanyň halky
– Oglum, ol şeýle bir ullakan weli,
Ähli göwresine ýetenok akly.

* * *
– Kelesaň bolsa-da Kelhanyň ogly,
Öz bolup ýörşünden özi-hä hoşal?
– Her kim öz-özünden bolmasa hoşal,
Oglum, obamyzyň deň-ýary boşar.

* * *
– Ak geçimiz gije-gündiz mäläp dur,
Çal geçimiz mälemeýär beýle kän.
Kaka, kaka, Bu namüçin beýlekän?
– Akja geçimiziň süýdi ýok, oglum.
Beýlekiniň süýdi kän.

* * *
Karam zähmet, haram bagt –
Geçegçi gara şemal.
Bir gün (bilmersiň näwagt)
Lowurdap jöwher Sowal –

Haram bilen Halaly
Ýüzleşdirer iki-çäk.
Halaly eýläk çeker,
Haramy beýläk.

Ýöne Sowal gelýänçä
Jebir çeker Halalat.

Pida bilen dogular
Her bir uly kemalat.
...Şol pidadan gorkmagyn
Kerim, Kerim, keramat!

* * *
«Atam pylankesdi!» diýip,
bukulmagyn ataňa,
Ataň Görogly bolsa-da,
il at dakar hataňa.

* * *
Öýlere gelin geler:
üýtgär öýleň howasy.
Gyzgyn-gyzgyn öýleriň
geler durar sowasy.
Gara saçly «mollaň» hem
ýüzün ýuwjak däl weli,
Gara murtly «molladyr» bigaýratlyk
belasy.

* * *
Başyňa iş düşende
tanadar gahrymanlar.
Türşek dek müzzerşibiýr
tarlawuk «waharmanlar».

* * *
Ol jülge şeýle bir täsin jülgedi –
Göwsünden emerdi ýüz dürli agaç.
Şaglaşar otyrdy hozlar, çynarlar.
Güwleşer otyrdy arça, garagaç.

Jokrama jöwzada ol jülgä baryp,
Gujagyňy açyş serilip arkan,
Daglara seredip ýatansyň weli,
Asman lälezardyr
Toprak – tenekar.
Agaçlaň bilinden gujaklap menem,
Salkyn saýalarda böküp günuzyn,
Gözüm gidip olaň belent başyna,
Egilip-egilip, ederdim tagzym.

Tagzym etdigimçe
belent şahalaň
Şaggyldysy emaý-emaý ýuwaşap,
Öz belentliginden uýalýan ýaly,
Özümdenem beter
Eglerdi aşak.

Şu gün ýene bardym. Tagzym edere
Ne çynar galypdyr, ne-de bir güýjüm.
Diňe haşal otlar tagzym isleşip,
Çar tarapdan etdi üstüme hüjüm.

* * *
Paşşy goňşy ýüz ýaşady, ýagşy etdi.
Her ýaşynda ýedi ýyllyk iş etdi.
Şol ýaşlaryň, şol işleriň näçesin
Öz derdine, il derdine bagş etdi? –
Şonsy weli belli däl.

Betbagtlyk diýen zadyň
Gara bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň –
(Dana bolsaň-da) seňki.

Bagtlylyk diýen zadyň
Ak bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň –
(Samsyk bolsaň-da!) seňki.

Emma aslyýetinde
Olar däl bolsa seňki,
Yz goýsa-da etiňde,
Süňküne ýokmaz reňki.

* * *
Taşlama başlanyňy,
Başlama taşlanyňy.
Sanasaň-da dostuňy,
Sanama duşmanyňy.

* * *
– Kaka, kaka, möjek köp-le çöllerde:
Günde ýetmiş sürä salýarlar dowul!
– Dünýäden ötende her garry möjek
Yzynda müň çaga galdyrýar, ogul.

– Kaka, kaka, bürgüt gyt-la daglarda:
Biri ýa ikisi sataşýar her ýyl!
– Dünýäden ötende her garry bürgüt
Yzynda bir çaga galdyrýar, ogul.

* * *
– Kaka, düşündir sen ýene bir zady:
Ýaz geldi. Dünýäni gülletdi bu gün.
Adamlary näme gülledenok-da.
Gaýta söküp barýar bogunma-bogun?

– Balam, adamy hem gülletmek üçin
Ilki sökmelidir bogunma-bogun.
Gül diýen zat bogun ýaryp çykýandyr,
Bogun ýarmak bolsa kyn zatdyr, ogul.
7
92
Sahet
12.11.2019 10:14
Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler.
Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler.
Şeýdip endik etdik aglamazlyga.
Şeýdip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp».
Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp».
Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre,
Hakyň barmy? Törüň özünden sora!»

Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň,
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň».
«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler.
Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler.
«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.

Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt
ondanam gyt zat!» diýdiler.
«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler,
Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler.
«Galp şägirtden boluň hüşgär!»
«Emer-de,
emjegňi dişlär!» diýdiler.

Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä,
Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»

«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler.
Onuňam adyna dilber diýdiler.
«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler,
Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.

«Ýene iki merde ýalbarmak bolar –
Diýdiler – ene hem atadyr olar».
«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy».
«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy»,
«Kim etse şolara tagzym – diýdiler,
Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.

...Ene kän edepleň tutdular adyn.
Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!»
«Gabanma zehiniň ezelligini!»
«Gabanma öz joraň gözelligini!»
«Gabanma öz äriň gerçekligini!»
«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!.
Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban,
Diňe oýnaklatsa...
gözlerin gaban!»

Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!»
«O nämüçin?» diýip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň,
Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün –
Aýal
är ojagyn saklar – diýdiler,
Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler.
«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler,
Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.

«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler,
Bu babatda pesdir entek!» diýdiler.
«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly,
Gözlerin ýumdumy eziz aýaly –
Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler,
Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.

...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.
Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat.
Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesýet – diýdiler.
Diňe kyn zat –
Şol mukaddes! – diýdiler.

* * *
Gum hem özi üçin hasyl berenok,
Suw hem özi üçin berenok tagty.
Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,
Gün hem özi üçin saçanok ýagty.
Hemmesiniň aladasy-gaýgysy –
Biri-biriniň bagty.

Hemmesi-de biri-birine aşyk.
Birisi suw berýär, beýlekisi nur.
Birisi gül açsa, beýleki joşup
Gülleriň üstünden seçelenip dur.

Birisi süpürse ýapragyň çygyn,
Beýleki şol çygdan ýasaýar bulut.
Ýene-de şol çygdan ýasalan bulut.
Dagdan aşak inýär bir derýa bolup.

Ýene-de derýadan döreýär bulut.
Ýene-de buludy ýaýradýar şemal.
Şeýdibem hemmesi bir hemra bolup,
Biri-birisine berýärler kemal.
Elmydama al sen şolardan mysal,
Hem mydama bol sen şolara mysal,
Ynsan.
6
92