Sahet
14.11.2019 10:01
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
5
116
☺️???
16 Noýabr 2019
Nasil bir ynsan sen?Anneler galsyn,kendin cevap ber,sulandirma anneni
Sahet
16 Noýabr 2019
Ejen maymyn señ
Myhman
15 Noýabr 2019
maýmynlaryn gosgy ýazan bolup otursyna haýran galaýmaly
Myhman Perisde
15 Noýabr 2019
Maymyn bilmandirin senki dalligni sozumi gaydyp alyan☺️???
Sahet
15 Noýabr 2019
Berdinazar Hudaynazarow "Sabyr" atly goşgusy
Myhman
15 Noýabr 2019
Gosgyny haladym Dowletyar!Tuweleme galamyn ujy yiti bolsun!!!☺️??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.