SYegenbayew
23.12.2021 00:01
Oglanlykdan saýlan, döşüňe seret,
Senem erk edip, bir hak erkek döret,
Gül üçin süýnme, olara men belet,
Oýlan! Oglanjyk indi Erkek bolgun!
Dogry Kerim agamyz ýazyp ozal,
Häzirki döwürde-de başga gazal,
Erkek bol! eräp akmada höküm al!
Oýlan! Oglanjyk indi Erkek bolgun!
Duýgy sözi bu zamanda duýgusyz!
Käbir Ata-ene bar hiç gaýgysyz!
Hemmä ýeňil bolmaly görgüsiz!
Oýlan! Oglanjyk indi Erkek bolgun!
Sylatmany başar-da! damja bolma!
Yssy howa-da buzy satyn alma!
Başgalary köp, mertebeden galma!
Oýlan! Oglanjyk indi Erkek bolgun!
Durmuş seňki meniňemä pikirim!
Üýtgeşik adam däl menem! bar erkim!
Ýalbarmadym, ýalbarmasyn her kim!
Oýlan! Oglanjyk indi Erkek bolgun!
SYegenbayew
8
164
SYegenbayew
20.12.2021 02:11
Siz hakynda näçe ýazssam az,
Baky üýtgemejek ýeke ýaz,
Soňlanmajak kalba ýakyn saz,
Meniň mähribanym Ejemjan
Güller köp alysda meýdanda,
Güller üçin bilbil saýranda,
Söýgiňize älem haýranda,
Meniň mähribanym Ejemjan
Ba:lam diýe ylgaýaň, mydam,
Ba:la:mam bolsun diýe a:dam,
Gamyň bolsa-da, üns bermäni
Gülip seredýäň bolup şa:dam
Meniň mähribanym Ejemjan
Siz bagtym hem tumarym
Pa:nyda çyn goragym
Siz üçin bagt binasyn
İnşallahym guraryn
Mähribanym Ejemjan
SYegenbayew
7
100