(Kakamyň öwütlerinden)
Yssa ereme sowuga doňma diýerdi,
Sada göreniňi ýüpe daňma diýerdi,
Molçuluk diýägän baryň zyňma diýerdi,
Esasy mertebäň ar-namasyň diýerdi,
Daýy aga diýýäň itler bilen doňuza,
Dogry çaltjak ýetýänsiňiz hozyn maňyza
Ýöne bularyň bary bilseň wagtlaýyndyr
Urkaçy maly meňzemez hijem öküze
"Şeýle döwürde" diýilýän sözlerem
Ýalançydyr bakylýanja gözlerem
Birlik pul ýaly gadyrsyz ýüzlerem
Çalt ereýär sowukdaky buzlaram
Meniň külli namysym hem arym
Guwanjym daýanjym dünýe barym
Saňa soňky wesýetim unutma
Dury bolgun ýörme garma-garym
SYegenbayew