Relax
31.08.2023 19:20

Sadaka diýen zady bermelidigini men öňden bilýärdim. Sadaka berýän adama "Asmandan" hem ýeňillikleriň boljakdygy barada "Esasy Gollanmada" köp agzalyp geçilýär: "Kimde kim sadaka berse, Men oň ýerine iki esse edip gaýdyp bererin, eger kimde kim şeýle usul bilen gazanjak bolsa, onda hiç zat başa barmaz". Sistema şeýle işleýär, sadakany ak ýürekden berseň, ol 2 esse bolup gaýdyp gelýär, eger sadakaň işleýiş mehanizmlaryna düşünip, öz pulyňy 2-ä köpeltjek bolsaň, sende hiç zat başa baranok. Men hem öz wagtynda Sadaka atly sistemaň işleýşini barlamaga synanşdym. Birne Hudaýýoly berdim we 2 esse bolup gaýdyp gelerine garaşdym, elbetde hiç zat gaýdyp gelmedi, sebäbi meň nýetim sadaka dälde, öz pulymy 2 esse köpeltmekdi. Soň men bir işdeş aýalyň telefon nomerine 5 manat saldym we şol bada eden işimi unytdym, ol aýal haýsy belgiden puluň geçenini bilenokdy. Aradan köp wagt geçmäkä meň hem belgime nätanyş biri 10 manat saldy. Hemişe şeýle zatlardan soň, telefonyňa ýalňyşyp pul oklan adam, puly yzyna soraýardy, emma şol gün hiç kim maňa jaň edip pul soramady. Şeýdip, meň birniň telefonyna sadaka diýip geçiren 5 manadym, yzyna 10 manat bolup geldi. Şol işdeş aýalyň ýoldaşy ýokdy we ýeke özi 3 çagany ekleýärdi. Elbetde sadaka beriň diýip Hudaýyň özi aýtsada, Oňa hiç kim boýun bolasy gelmez, ýöne şeýle sözleri dünýä belli ýazyjy diýse näme? Robert Kiosaki atly biriniň bir kitaby bar. Kitabyň ady: "Baý kaka, garyp kaka". Kitapda awtor öz kakasy bilen, öz dostynyň biznismen kakasyny deňeşdirýär we pul gazanmakda her dürli maslahat berýär. Kitabyň esasy pikirine görä, pul diýen zat ýatmaly dälde, elmidama aýlanşykda bolmaly, girdeýji getirmeli. Garaz şol kitap ekanomika boýunça maslahatlar berýär, ýöne kitabiň bir ýerinde, awtor, eger sadaka bermeseňiz, hiç zat gazanyp bilmersiňiz diýýär. Özem şol soragda öz iki sany kakasyny deňeşdirýär. Oň hakyky kakasy, garyp kakasy, aýlyk hakyny alyp, ähli çykdaýjylary töläninden soň, artan pulyndan sadaka berýän eken. Oň baý kakasy bolsa, ilki sadaka berip, soň Hudaýyň ugradan pulyny girdeýji hasap edýän eken. Biznes we ekanomika barada kitapda, şeýle informasyýaň gabat gelmegi diýseň geň, ýöne Amerikanlylar näme diýseňem bir zatlara düşünýän bolmaly? Girdeýjilerimden elmydama sadaka bermegi, men hem bir akyma düzdim. Ilki başda meni gysgançlyk eýeleýärdi we öz gazanjymyň laýyk 40-dan bir bölegini hudaý-ýoluna berýärdim. Elbetde ilki bada, sadaka berip başlan wagtyň, Asman mehanizmleriniň işläp başlaryna we beren zadyňy 2 esse edip gaýdyp gelerine garaşýaň. Ýöne kelläňde şeýle pikir bar wagt sadaka berseň, yzyna hiç zat gaýdyp gelenok. Wagtyň geçmegi bilen sadaka bermek ýöne bir endige öwrülýär, eýýäm hiç hili pikirsiz berip başlaýaň we asman mehanizmlary işe girişýär. Edil şu wagt men öz gazanjymyň laýyk 1/10 bölegini berýän, özem awtomatda, hiç hili pikirsiz. Eger sadaka bermegimi goýsam, meň şol bada girdeýjilerim hem kemelip başlaýar.


©Rahman Zulfikarow

38
162
Relax
30.08.2023 21:41
Ol elindäki stakanyna üns bilen seretdi. Içindäki suwuklyk, durmuşy ýaly çylşyrymly we düşnüksizdi. Ol bir ýuwdum aldy-da, şol pursatda içindäki ähli garaňky pikirler birin-birin peýda bolup başlady. Içki sesi pyşyrdady: "Dogulanyňdan bäri samsyk bolduň, samsyklyk seniň DNK-nyň bir bölegi, sen mundan gaçyp bilmersiň. Hemmeler senden has gowy, akylly we zehinlidir. Sen diňe ýönekeý kölege, töweregiňdäkileriň ýagtylygynda ýitip giden bir garaňkylyk".
Ol bir ýuwdum ýene aldy, ýöne bu gezek has çuň bir ýuwdymdy. "Pul gazanmak? Meşhur bolmak? Senmi? Hat-da bu barada pikir etmek hem gülküňç. Seniň ukyp başarnyk diýýän zatlaryň beýlekiler üçin wagt ýitirmekdir. Hat-da olar üçin seniň bilen bile bir howadan dem almak hem ezýet. Seni söýmeklerine garaşýaňmy? Seni söýmäge bir sebäp görkezmediňä ömriň boyunça!"
Soň ýene bir ýuwdum aldy, indi içindäki ses hasam güýçli gürleýärdi. "Daş-töweregiňe seret, hemme bir zatlar başarýar. Sen bolsa şu ýerde, bir stakan içgi bilen özüňe teselli bermäge synanyşýarsyň. Ýöne bilýäň hatda bu içgi hem seni söýmeýär; seni diňe aşak çekýär. Motiwasiýaňy ruhyňy ele geçirýär we seni ýere serýär. Näçe içseňem, şol gara bulut hiç haçan dargamaýar; tersine, garaňky bulut goýulaşýar."
Ol içmegi dowam etdi. Her ýuwdumda içindäki ýigrenç artdy. Ýigrenç ilki özüne, soň bolsa bütin dünýä ýaýraýardy. Içindäki garaňky tokaý ulaldy, ruhyny we kalbyny doly gurşap aldy. Özüne bolan ynanamy, umydyny, joşgunyny; hemmesi birin-birin ýitip barýardy. Indi diňe bir gabyk galdy; boş, manysyz, biderek.
Soň ýene bir ýuwdum alyp, stakany stoluň üstünde goýdy. Onda indi hiç zat galmady; ne umyt, ne-de arzuw. Diňe garaňky, düýpsüz çukur. Ol bu çukuryň düýbünde, döreden garaňkylygy bilen ýeke özi galypdy. Şol pursatda ol karar berdi. bu garaňkylygy kabul edip, onuň bilen hemişelik ýaşamalydy ýa-da çykalga gözlemelidi. Ýöne haýsy ýoly saýlasada hiç zat öňküsi ýaly bolmaýardy.
47
438
Relax
30.08.2023 10:53
1961-nji ýylda öňki Sowet Soýuzy döwleti (Türkmenistan hem şonuň içindedi) Kosmosa adam uçurdy. Bu habar bütin dünýäni haýrana goýdy. Sowet Soýuzy toý toýlady.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolsa bu habar taýak bolup degdi. Sebäbi olar ömür Sowet döwleti bilen ýaşaýyşda her bir ösüş ugruda, esasan-da harby ugurdan Sowet döwleti bilen bäsleşýärdiler. Şondan az wagtlar geçensoň olar hem Kosmosa ýol açdylar. Emma Sowetler bu ugurdan öňdeligi bermeýärdiler. Amerikanlar bolsa her edip, hesip edip Sowet Soýuzyndan öňe geçmeli diýen pikir-alada bilen ýaşaýardylar, diýip eşidýärdik hem şeýle-de düşünýärdik.
1969-njy ýylda bolsa garaşylmadyk waka dünýäni ýene-de haýrana goýdy oturyberdi. Amerikanlar iki sany adamy uçurup Aýa gondurdy diýen habar dünýäni aňk etdi. Amerika toý tutdy. Aýyň üstünde Amerikanyň baýdagy dikildi, indi Aýa ýol açyldy diýdiler. Amerika Aýa uçuşlygy hasam kämilleşdirer diýip pikir edildi. Emma bu beýle bolmady.
Şo boldy, şo boldy, Aýa adam uçurylmady. Sowet Soýuzy-da, Amerika-da şondan soňam kosmosa kän gezek adam uçursalaram, adamy Aýa golaý aralaşdyryp bilmediler. Bir gezek gidip gelnen bolsa ýene-de gidiläýjek ýalydy. Aslynda hakykatdan-da Aýa aýak basyldymyka?! Soň-soň bu ullakan syr bolup, amerikanlaryň Aýa uçuşlaryna ynamsyzlyklar gitdigiçe köpelip başlady.
Resmi ýagdaýda aýdylmasa-da, özara gürrüňçiliklerde Aýa uçuşlygy amerikanlar ýerde gurnap, ýerde surata düşürip soň edil hakykatdan-da Aýyň üstünde ýaly edip telewizorda görkezipdirler diýýärler. Ýöne munyň nähili gurnalandygy, 2022-nji ýylda bolsa gerek, bir gezek Russiýanyň RenTW teleýaýlymynda giňişleýin hem aýdyň edip görkezildi. Öňki rus syýasatçylarynyň biri W.Žirinowskiý öz çykyşlarynyň birinde bu ýalançylyklary barada ABŞ-ny paş edenini telewizorda gördük. Şeýlebir geň-taň edilip gurnalan bu sahna oýnuny teleýaýlymda görüp haýranlar galdyk. Beýle-de bir çyna berimsiz ýalan bor eken-ow!
1867-nji ýylda Russiýa Alýaska ýarym adasyny Amerika 7,2 million dollara satypdyr. Bilermenler muny dünýäde iň arzan söwda hasaplaýarlar. Şeýle bolsa, 1969-nji ýyldaky amerikanlaryň Aýa uçuşlygynyň aldawy hem dünýäde iň uly ýalan diýip hasap edip bolar.

Geldimyrat SEÝIDOW.
30
133
Relax
29.08.2023 16:07
Ahyry bulam moda bolmañ ugrunda😄
35
177
Relax
27.08.2023 00:30

Begli we Merjen durmuşynda täze bir sahypa açmak üçin kiçijik bir şäherçä göçüp geldiler. Emma olar bu sahypa nämeleriň ýazyljagyndan habarsyzdylar. Göçüp gelen ilkinji günlerinde Begli öýüň içinde geň we täsin pyşyrdylary eşidip başlady. "Ahyry geldi.." -diýen pyşyrdy sesleri. Bu seslere Begli känbir üns bermedi, hamala onuň göwnünedi.

Günleriň birinde Merjen azyk dükanyna gitmek üçin öýünden çykdy. Begli diwanda oturdy we telewizora tomaşa edip başlady. Çuňňur rahatlyk ýagdaýyna gelende, Merjen gaýdyp gelipdi we ýuwaşlyk bilen Begliniň ýaňagyndan öpüpdi. Gözüni açanda Merjeniň ýylgyrýan ýüzüni gördi.

- Gaty çalt dolandyňla.. - diýip, Begli ýylgyrdy. Emma şol pursatda Merjeniň sesi aşakgy gatdan duýuldy: "Ezizim, men dükandan geldim!"

Gorkudan Begliniň ýüzi çuw-ak boldy. Ýanyndaky bu aýal Merjen däldi. Gorkudan gözleri ulaldy we ýuwaşdan ýüzüni öwürdi. Onuň öňünde Merjeniň ýüzüne meňzeýän, ýöne gözleri garalan gorkunç jandar bardy. Jandar birden bugaryp, zym-zyýat boldy. Pikirlendi: "Bu nämedi? Düýş, galýusinasiýa?"

Begliniň ýüregi güýçli urýardy, ol aýalynyň ýanyna bardy. Näme bolandygyny oňa aýtdy, ýöne Merjen muňa ynanmady. Merjen aladaly ýagdaýda: "Belki, gaty ýadansyň, dynç al" -diýdi.

Birnäçe günden soň Begli şäherçäniň köne kitaphanasyna gitdi. Içerde adam juda köpdi. Emma bir salymdan soň ähli adamlar ýitirim boldy. Begli töweregine göz aýlady, hiç kim ýokdy. Ol gorky bilen aýna seretdi. Aýnadaky şekili oňa däl-de, arkasyna seredýärdi. Begli uludan demini aldy we ýuwaşjadan yza çekildi. Aýnadaky şekili oňa bakdy we gorkunç jandara öwrüldi. Jandar aýnadan çykyp, Beglä tarap okduryldy. Begli bar güýji bilen ol jandara ýumruk berdi, jandar ýere ýykyldy. Pursatdan peýdalanyp gaçdy we bir pena ýerde gizlendi.

Gizlenen ýerinde köne tozanly kitap tapdy. Kitabyň sahypalaryny dörüşdirdi, birnäçe adamyň doglan we ölen senesi we ýeri bellik edilipdi. Öz adyny tapanda gözleri doňdy. Ölüm ýeri bu kitaphanany, ölüm senesi bolsa şu güni sagat 16:00-y görkezýärdi. Sagada seredip, sagat 14:30 bolandygyny gördi. Bary-ýogy bir ýarym sagat wagty galypdy.

Kitaphanadan çykyş gapysyny gözleýärkä, Begli garaňky otaga geldi. Otag juda garaňkydy. Begli içeri girende, gapy onuň arkasyndan ýapyldy. Garaňkylykda jandaryň gülki sesleri eşidildi.

Garaňkylykdaky ses: "Wagtyň geldi, Begli" -diýdi.

Begli garaňkylykda çabalanyp "bu bir ýönekeý elhenç düýş!" diýip pikir etdi. Ýöne bu düýş däldi. Garaňkylykda gülki sesleri ýaňlanýardy we bu, tä kyýamat gopýança ýaňlanmalydy...


© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW.

47
383
Relax
25.08.2023 17:13
“TikTok” toruna bäsdeş geldi 

Hytaýyň “TikTok” jemgyýetçilik toruna ýene-de bir bäsdeş geldi. Ol hem Hytaýda döredilip, oňa “Kuaishou” diýip at berdiler. Bu täze jemgyýetçilik tory 3 yklymda 30 döwletde 1 milliarddan gowrak ulanyja ýetdi.

Gysga göwrümli wideo ýazgylary ýerleşdirmek üçin döredilen goşundy bolan “Kuaishou” hytaý dilinden terjime edilende “çalt el” diýen manyny berýär.

Täze toruň esasy aýratynlygy söwda platformalaryň goşundysydyr. Ol Günorta-Gündogar Aziýada onlaýn söwdada öňdebaryjydyr. 2022-nji ýylda goşundynyň dolanyşygynyň umumy möçberi 150 milliard dollara deň boldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, birinji ýarym ýylda 78.1 million sapr girdejä garaşylýar.

“Kuaishou” işewürlik nukdaýnazaryndan gyzyklydyr. Häzirki wagtda bu goşundynyň gerimi giňeldildi, onda dürli güýmenje, kiçi seriallary, telegepleşikleri, göni ýaýlymdaky wakalary görmek bolar, şeýle hem onlaýn dükan we hyzmatlar hödürleýär.
40
342
Relax
24.08.2023 21:00

Dünýädäki suwuñ ýaşy kesgitlendi


Muña görä planetadaky suwuñ iki gözbaşy bar, ikisi-de örän gadymy


Dünýädäki iñ gadymy suwuñ 4 milliard 571 million ýyl ýaşynyñ bardygy anyklandy.

"GeoScienceWorld Elements" ylmy žurnalda çap edilen makalada hytaýly we italýan ylmy-barlagçysy birtopar çylşyrymly hasaplamalar bilen planetanyñ suwunyñ haýsy döwürlerde emele gelendigini ähli-jikme-jiklikleri bilen ýüze çykardy. Muña görä planetadaky suwuñ iki gözbaşy bar. Birinjisi Gün sistemasy heniz sowuk bulut görnüşindekä ýüze çykypdyr. Ikinjisi bolsa planetalaryñ emele gelen döwründe (4 milliard 543 million ýyl öñ) emele gelipdir.

Ylmy-barlagçylar Gün sistemasynyñ kemala gelmeginiñ irki tapgyrlarynda emele gelen suwuñam bir ýol bilen Ýer togalagyna gelendigini aýdýar.

Gün sistemasy aslynda Gün ümürligi diýilýän äpet molekulýar bulutdan döredi. Bu buludyñ düzüminde köplenç suwuñ esasy komponenti bolan wodorod bardy. Ony gezegi bilen geliý, kislorod, karbon dowam etdirýärdi. Buludyñ düzüminde ownuk silikat tozany we karbonly tozgalar bardy.

Ylmy-barlag makalasynda Gün sistemasyndaky suwuñ taryhynyñam şu ýerden başlanýandygy aýdylýar. Ýagny, wodorod we kislorod reaksiýas girip, iki dürli suw buzuny döretdi: Adaty suw we deýteriý düzümli agyr suw.

Deýteriý - agyr wodorod (DAW) ady berilen wodorod izotopydyr. Özeninde proton we neýtron (adaty suwuñ tersine) bolýar.

Täze barlagyñ awtorlary Çeçiliýa Çekarelli we Fužun Du bu hadymy suwuñ Ýer togalagynda bar bolup-bolmandygyny anyklamak üçin jemi suwuñ mukdaryny we deýterili suwy ulandy.


Hasaplamalar netijesinde Ýer togalagyndaky suwuñ 1%-den 50%-ne çenli Gün sistemasynyñ kemala gelşiniñ birinji tapgyryndan gelip çykandygy belli boldy.

Ylmy-barlagçylar 1-50%-niñ giñ aralyga yşarat edýändigine ynanýar. Emma şeýle-de bolsa planetamyza düşünmek üçin diýseñ gymmatly maglumatdygyny nygtaýar.

Ylmy makalada bu mesele boýunça, "Guýrukly ýyldyzlardaky we astreoidlerdäki suwuñam ep-esli bölegi alyndy" diýilýär.

Öñe sürlen esasy çaklamalaryñ birinde guýrukly ýyldyzlardan gopan astreoidleriñ planetamyzy bombalandygy we şonda planetamyza suw molekulalaryny getirendigi öñe sürülýär.

Şol sanda Çekarelli we Fužun munuñ beýle däl bolmagynyñ mümkindiginem aýdýarlar:

"Planetamyz birinji suwuny uly ähtimallyk bilen astreoidlerden we planetalardan öñ bolandygy çaklanýan planetajyklardan (planetesimal) miras aldy.


Çagla ÜREN.

30
205
Relax
22.08.2023 17:30

Paskalyñ humarly oýuny. Ateizmiñ manysyzlygy. 



Bu dünýäde hemme zadyñ ömri gysga. Sebäbi tükeniksiz we dowamly däl. Bu gün ýaş, ertir garry. Bu dünýäde ateizme uýup näme üstünlige ýetseñem iñ soñunda hemmesi nol bolýar. 1 hepde mundan ozal meniñ keýpi sapada geçiren günlerimiñ edil şuwagt maña hiç hili täsiri ýok. Geçdi gitdi bolany. Ýaşlygyñda nämeler etseñem iñ soñunda garrylyga ýeteniñde saña hiç hili peýdasy ýok. Ýaş wagtyñ nämeler başdan geçirendigiñ şuwagt garrylygyñda saña hiç hili täsir edenok. Islendik geçen zat ýok bolup ýitip gidýär. Ýaşlygam ýom ýok bolup gidýär. Ateizmi saýlap gazanan peýdañam nol boldy şuwagt. Iñ soñunda hemmesi nol bolýar. Güneş gara girdaba öwrülip pylesos ýaly daş töweregindäki planetalary iñ soñunda syryp süpürýär. Gutardy. Ýok boldy.


Indi göreli, görnükli alym Paskal "Paskalyñ humarly oýuny"nda näme diýýär ? Ol onda şeýle diýýär:


1-nji wariant: Tañry bar bolsa we men Tañra ynanyp dogry ýoly saýlap ýaşasam Jennete düşerin, bu tükeniksiz ebedi derejede gowudyr.


2-nji wariant: Tañry bar bolsa we Tañra ynanman islänimi edip ýaşasam onda dowzaha düşerin, bu ededi ýagdaýda erbetdir tükeniksiz azapdyr otda ýanyp awy çekmekdir.


3-nji wariant: Tañry ýok bolsa we sorag jogaba çekmese onda men ynansamam ynanmasamam iki ýagdaýda hem gazanjym ýa-da ýitgim iñ soñunda ölmegim bilen nol bolar, beýnim öçer.


Bu Ýerde görnükli alym Paskal Tañra ynanyp dogry ýolda ýaşamagyñ has manylydygyny we az risklidigini düşündirýär.


© Monty Blank

40
171
Relax
21.08.2023 10:28

1968-nji ýylda etolog-alym Jon Kelhun, Ruhy sagdynlygyň amerikan milli institutynda üýtgeşik tejribe synagyny geçirýär. J.Kelhun syçanlaryň sosiumynyň (jemgyýetiniň) adam jemgyýeti bilen meňzeşligini (analogiýasyny) çaklamagyň esasynda, şu meňzeşlikden ugur alyp, tutuş adamzadyň geljegi barada garaýyşlaryny subut etmäge synanyşypdyr.

Munuň üçin alym, özüçe: “syçanlaryň jenneti” diýip atlandyran eksperimental zolagy oýlap tapypdyr we ýasapdyr. Barlaghana şertlerinde ýasalan “syçanlaryň uçmahy” – bu 2x2 metrlik inedördül meýdanly, beýikligi 1,5 metr bolan, onuň içine ýerleşdirilen syçanlar çykyp, gaçyp bilmez ýaly edilen, ýatak ekeni.

Bu ýatakda syçanlar üçin iň amatly howa şertleri, bol iýmit we suw, syçanlaryň özlerine hin gurunmaklary üçin zerur bolan serişdeler üpjün edilipdir. Ondan başga-da gemrijiler weterinarlaryň üznüksiz gözegçiliginde saklanyp, olaryň saglygyna hiç zadyň zeper ýetirmezligi ýola goýlupdyr. Umuman, syçanlar üçin bu emeli “behiştde” ähli howpsuzlyk çäreleri – syçanlara howp saljak ýyrtyjylaryň bolmazlygy, köpçülikleýin ýokanç keselleriň ýaýramazlygy doly derejede berk berjaý edilipdir. Üstesine-de ýatagy hepdede bir gezek doly arassalapdyrlar we hemişe tämiz ýagdaýda saklapdyrlar.

Şeýlelikde, J.Kelhun we onuň kömekçileri tarapyndan syçanlar üçin aňrybaşy ýaşaýyş üpjünçilik şertleri döredilipdir. J.Kelhun özüniň ýasan ýatagyny “syçanlaryň utopiýasy” hökmünde häsiýetlendiripdir we öz geçirýän eksperimentini “Älem-25” diýip atlandyrypdyr.

Bu ýatak 3840 sany syçanyň arkaýyn ýaşamagyna niýetlenipdir. Ýöne, tejribe geçirilýän döwründe syçanlaryň umumy sany 2200 baş bolandan soňra, olar öz-özünden köpelmeklerini bes edipdirler we azalmaga başlapdyrlar.

Tejribe synagy başlananda “syçanlaryň jennetine” 4 jübüt gemriji goýberilipdir. Şu pursatdanam synagyň A tapgyry – özleşdiriş tapgyry başlanypdyr. Şondan 55 gün soň syçanlaryň maşgalalary nesil öndürip ugrapdyr. Syçanlaryň ilkinji çagalarynyň dünýä inmegi bilen synagyň B tapgyry başlanypdyr.

Şondan soň her 55 günden gemrijileriň sany iki esse artypdyr. Emma, eýýäm synagyň 315-nji gününde syçanlaryň köpelmegi peselip, olaryň sany her 145 günden iki esse artmaga başlapdyr. Şol pursatdanam synagyň S tapgyry başlanypdyr. Bu tapgyrda ýatakdaky boş ýer azalypdyr, syçanlaryň baş sany bolsa 600-e ýetipdir. Şonuň bilen birlikde-de syçanlaryň arasynda basgançaklaýyn gatnaşyklar (özara iýerarhiýa) we belli bir derejedäki jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy (sosial ulgam) emele gelipdir. Şol ulgamyň düzüm bölekleri şu aşakdakylardan ybarat bolupdyr:

1. Syçanlaryň arasynda “ýekirilenleriň tiresi (kastasy)” ýüze çykypdyr. Ol topar esasan ýaş syçanlardan ybarat bolupdyr. “Ýekirilenleriň tiresi” ýatagyň merkezine kowlup, dykylypdyr we hemişe diýen ýaly has garry syçanlaryň hüjüm etmeklerine sezewar bolupdyrlar. Tejribe geçirýänler bu ýagdaýyň sebäplerini öwrenenlerinde, aňrybaşy amatly şertlerde syçanlaryň tebigy ýagdaýdakydan has köp ýaşaýandyklaryny we şonuň netijesinde-de garry nesliň jemgyýetçilik meýdanyndaky orunlaryny wagtynda ýaşlar üçin boşatmaýandyklaryny anyklapdyrlar. Hut şonuň üçinem garry syçanlar esasan ýaş syçanlara hüjüm edipdirler. Ýaş syçanlary bolsa, gemrilen guýruklaryndan hem-de tüýi goparylan hamlaryndan tanamak mümkin bolupdyr. Şunuň ýaly zabunlyk bilen syçanlaryň umumy köpçüliginiň arasyndan ýekirilip, kowlanlaryndan soňra ýaş erkek syçanlar, ruhy taýdan ejizläp, pese düşüpdirler we öz tebigatlaryna laýyklykda özleriniň bogaz urkaçylaryny beýleki syçanlardan goramakdan boýun gaçyrypdyrlar.

2. Syçanlaryň urkaçylary öz tebigy boluşlaryndan has gaýduwsyz we yzgytsyz häsiýetleri edinipdirler. Çünki öz erkekleri tarapyndan ýeterlik derejede goralmaýandyklary zerarly, olaryň özleri, özlerini we nesillerini goramaga mejbur bolupdyrlar. Uzagyndan urkaçy syçanlaryň gahar-gazaby, keseki syçanlardan geçip, öz çagalaryna-da täsir etmäge başlapdyr. Olar öz çagalaryny öldürip, ýatagyň ýokarky (çetki diwaryna ýakyn) bölegine göçüpdirler we ýekemenlige endik edip, erkek syçanlar bilen bile ýaşamakdan hem-de çaga dogurmakdan ýüz dönderipdirler. Netijede, syçanlaryň köpelmegi bes edipdir, ýaş syçanlaryň ölümi bolsa barha artypdyr. Şu pursatdanam synagyň D tapgyry – “syçanlaryň uçmahynyň” ahyrzamany başlanypdyr. Bu tapgyrda syçanlaryň arasynda täze bir görnüşi emele gelipdir. Alymlar ol syçanlary “owadanlar” diýip atlandyrypdyrlar.

Ol syçanlaryň “owadanlar” diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi – olar öz jynslaryna mahsus bolmadyk häsiýetleri ýüze çykarypdyrlar. “Owadanlar” erkek syçanlaryň zanny-ýasawyna laýyklykda urkaçy syçanlar hem-de ýaşaýyş mesgeni üçin göreşmändirler hem-de öz neslini dowam etdirmeklige düýbünden isleg bildirmändirler. Olar diňe iýip-içip, ýatyp-turup, gezip ýörüpdirler. Ähli meşgul bolýan pişelerem, diňe özleriniň akja, ýumşajyk tüýlerini timarlamakdan ybarat bolupdyr.

Uzagyndan syçanlaryň jemgyýetinde “owadanlaryň” we ýekemen urkaçylaryň sany juda köpelipdir. Syçanlaryň ortaça ömri bolsa 776 güne ýetipdir. Gemrijileriň ömrüniň bu dowamlylygy bolsa olaryň tebigy şertlerdäkisinden hem-de olaryň nesil galdyrmak ukyplaryndan 200 gün artykmaç ekeni.

“Syçanlaryň behişdiniň” ýaşaýyşynyň soňky tapgyrynda bogaz syçanlaryň sany 0,0 derejä ýetipdir. Ondan başga-da syçanlaryň özlerini öz tebigatlaryna mahsus bolmadyk görnüşde alyp barmaklary olaryň arasynda beçebazlygyň giňden ýaýramagyna getiripdir. Şeýle hem, syçanlaryň jemgyýetinde iýmitiňem-suwuňam bol-telki ýeterlikdigine garamazdan olaryň biri-birini iýmekligi (kannibalizm) pajarlap ösüpdir.

“Syçanlaryň jennetinde” ýaşaýan jemgyýet tejribe synagynyň 1780-nji gününde doly gyrlyp gutarypdyr. Şol gün bu ýatagyň iň soňky syçany jan beripdir. Syçanlaryň jemgyýeti öz-özüni ýok edipdir we olaryň jenneti dowzaha öwrülipdir.

Jon Kelhunyň bu tejribe synagyny “Älem-25” diýip atlandyrmagynyň sebäbi, bu tejribe synagy alymlar tarapyndan “syçanlaryň jennetini” döretmegiň 25-nji – soňky synanyşygy ekeni. 25-nji synagyňam netijesi öňküler ýaly bolupdyr.

Şeýlelikde, syçanlaryň sosiumynyň mysalynda alyma we onuň kömekçilerine “jemgyýetiň” ähli zerurlyklary üpjün edilen, dok we aladasyz durmuşda köpçüligiň nähili häsiýetleriniň ýüze çykýandygyny synlamak başardypdyr.

38
308
Relax
19.08.2023 12:01
Şrek obrazyna ylham beren Moris Tiýäniñ täsin hekaýaty

Moris Tiýäni (Maurice Tillet) bular ýaly geñsi sypata öwren sebäp akromegaliýa keselidi.Akromegaliýa eliñi we ýüzüñi göwräniñ beýleki synalaryna garanda hakyky bolmalysyndan ulalmagyna sebäp bolýan hroniki keseldi.Tiýe pälwan göreşçileriñ biridi, emma 1946-njy ýylda Irwing Penn tarapyndan düşürilen suratda Tiýe jandara meñzänokdy.

Şular ýaly gorkunç ýüzi we elleri bilen jandara meñzeýändigi pikir edilse-de, göreniñ kalbynda merhemete we ýakynlyga sebäp bolýan täsin duýgynyñ döremegine sebäp bolmagy Tiýäniñ az salymda bütin jemgyýetçiligiñ halaýan adamyna öwrülmegine getirdi.
Tiýe indi jandar ýa-da şeýtan ýaly sözler bilen däl-de, \"perişde\" ýaly ýatlanmaga başlandy.

Penniñ düşüren suratlarynda meşhur amerikan modelýerasy Dorian Liniñem bolmahy Tiýäniñ meşhurlygyny bütin dünýä ýaýdy.

Dorian Li we Moris Tiýe

1903-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Russiýanyñ Ural daglarynyñ eteginde ýerleşen posýolokda ýaşaýan fransuz maşgalasynda dünýä inen Tiýeniñ iñ uly arzuwy ökde aktýor bolmakdy.

On dört dili suwara biljek derejede intellektual şahs bolan \"Şregiñ\" prototipi 17 ýaşynda kellesiniñ we elleriniñ göwresi bilen utgaşykly ösmeýändigini duýdy. Şeýle-de bolsa, arzuw-hyýallaryndan el çekmedik Tiýe bir ýandan hukuk boýunça bilimem aldy.

1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasy Tiýäniñ durmuşyndaky öwrülişik sepgidi boldy. Ýurtda emele gelen graždanlyk urşundan soñ onuñ maşgalasy Ýewropa gaçdy.

Pariž Tiýäniñ durmuşynda öwrülişik nokady boldy. Sahnanyñ gelşikli obrazy bolmagy arzuw edýän ýigit başdan geçiren keseli zerarly çeper filmlerdäki mahluksypat we ýaramaz adam obrazlarynyñ gözlenýän adamy boldy.

1937-nji ýylda başlan professional göreş karýerasy ajaýyp ýeñişlerden doludy. Fiziki daş keşbi bilen garşydaşlaryny psihologiki taýdan eýmendirýän Tiýe hiç ýeñilmeýärdi.

Onuñ deñsiz-taýsyz ýeñişlerine bu gezek Gitler el gardy we uruş ýene Tiýäni tapdy.
1917-nji ýylda watanyny terk eden Tiýe, Ikinji jahan urşy başlansoñ, bu gezek Ýewropany terk etmeli boldy.
Onuñ ABŞ-daky günleri garaşyşyndan has gowy başlady.
1942-nji ýylda göreş boýunça ABŞ-nyñ çempiony boldy. Üstesine täsin ýüzi we elleri amerikanlara gorkunç görnenokdy. Gaýtam, Tiýäni amerikanlar diýseñ gowy görýärdi.


Tiýe mahabat žurnallarynyñ sahabyny bezeýärdi we dürli komediýa filmlerinde oýnaýardy. Elbetde, ýaramaz adamyñ obrazy gerek bolanda-da ýene Tiýäniñ gapysyny kakýardylar.

2001-nji ýylda görkezişe giren we bir nesliñ hakydasyna siñen Şrek obrazyna Tiýäniñ fiziki aýratynlyklary esas bolup hyzmat edipdi, emma çeper filmde diñe onuñ fiziki aýratynlyklary ulanylmandy.

Tiýäniñ hakuky durmuşyndaky köp sanly aýratynlyk Şrekde filme goşulypdy.

Tiýe ýaşan ömründe, aýratynam Ýewropada mahluk hökmünde görlüpdi. A amerikanlar bolsa özüneçekiji we hoşniýetli ýüz sypaty bolansoñ, amerikanlar oña \"perişde\" diýýärdi.
Çeper filmde ýönekeý halk ýewropalylar hökmünde sypatlandyrylypdyr we gereksiz ýere Şrekden gorkmalary tankyt edilipdir.
Şeýle-de Şregi bagryna basyp garşylan we ony halas ediji perişde hökmünde gören ertekiniñ gahrymanlary amerikanlardy.


Şol sanda Tiýe ömri ötinçä ýeke ýaşady.

Ol bu ýekeliginden hoşaldy, çünki hiç kim onuñ daşky sypatyna geleñ edenokdy, emma beýleki bir tarapdan Tiýe hem günüñ ahyrynda adamdy.
Tiýe ýañy 51 ýaşanda, 1954-nji ýylyñ 4-nji sentýabrynda Fransiýada ýüregagyry zerarly aradan çykdy.

\"Şrek\" animasion çeper filmindäki mahlugyñ obrazyna esas bolup hyzmat eden Tiýäniñ ýüzündäki simmetriýa we geñsilik \"DremWorks\" kinostudiýasynda köpleriñ ünsüni çekensoñ, şu obraza siñdiripdiler.


#internet maglumatlaryndan
39
379