Relax
25.08.2023 17:13
“TikTok” toruna bäsdeş geldi 

Hytaýyň “TikTok” jemgyýetçilik toruna ýene-de bir bäsdeş geldi. Ol hem Hytaýda döredilip, oňa “Kuaishou” diýip at berdiler. Bu täze jemgyýetçilik tory 3 yklymda 30 döwletde 1 milliarddan gowrak ulanyja ýetdi.

Gysga göwrümli wideo ýazgylary ýerleşdirmek üçin döredilen goşundy bolan “Kuaishou” hytaý dilinden terjime edilende “çalt el” diýen manyny berýär.

Täze toruň esasy aýratynlygy söwda platformalaryň goşundysydyr. Ol Günorta-Gündogar Aziýada onlaýn söwdada öňdebaryjydyr. 2022-nji ýylda goşundynyň dolanyşygynyň umumy möçberi 150 milliard dollara deň boldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, birinji ýarym ýylda 78.1 million sapr girdejä garaşylýar.

“Kuaishou” işewürlik nukdaýnazaryndan gyzyklydyr. Häzirki wagtda bu goşundynyň gerimi giňeldildi, onda dürli güýmenje, kiçi seriallary, telegepleşikleri, göni ýaýlymdaky wakalary görmek bolar, şeýle hem onlaýn dükan we hyzmatlar hödürleýär.
40
342
Relax
26 Awgust 2023
@oras, salam
oras
26 Awgust 2023
@Relax, salam
gurbanova_a
26 Awgust 2023
Kwai dalmi ady shona menzeya
tmyigit76
26 Awgust 2023
Türkmenler üçin bolýa ol. Sebabi entek täze çykan bolsa bez wpn işleýändir.
Relax
25 Awgust 2023
@Imissyou, gyzyklanyp göraýmeseñ ony blmedim
Relax
25 Awgust 2023
@Imissyou, dogry . Musk, Zuckerberg'e. Twitter kopýasyny çykarşy ýaly
Relax
25 Awgust 2023
@Imissyou, şony aýtýanda
Relax
25 Awgust 2023
Tik Tok hem başda You tube ça bolup bilmez diýlipdi...
moonlight
25 Awgust 2023
Tik tokça bolup bilmez..
kamil
25 Awgust 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.