Rüstem
13.01.2020 20:56
Awtor: KERIM GURBANNEPESOW

Ömrüme pent

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa, Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al. Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al. Alan zadyň demiň bilen ýakyp al, Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol. Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol. Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler. Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler. Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al: Ylgap baryp saglyk bilen erki al. Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma, Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma. Dileg etse – gözlerňi hem gysganma, Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý – Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý. Ýöne weli şypbyldama çepek deý. Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir? Erkekler ownasa – kyýamat şodur. Her başy telpeklä goýmagyn gadyr. Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git.

Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe. Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme. Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme, Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň, Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň. Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň – Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen, Seňkä görä has ýitiräk huş bilen. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna, Bir aglapdyň. Indi beri aglama: Öz balaňy eliň bilen jaýlama, Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy, Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy. Men diňe bir zatda nobata garşy: Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş, Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş. «Žiguliň» içinden gözleme durmuş, Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman – Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan. Elbetde, alymam, şahyram hökman. Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem – Ýetersiň iň uly matlaba çenlem. Gadamyň giňden ur! Entekler ellem Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime, Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme. Öçen wagtyň öýkünmegin çilime – Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl): Mazaryma daş oturtmak sargyt däl. Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl, Bakylyk şol: Şol daşlara siňip git.

9
536
Rüstem
11.01.2020 15:39
Awtor: Berdinazar Hudaynazarow

Göresim gelýär

Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň,
Öz kemine bir azajyk uýalsyn.
Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden
Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden.
Öz-özüňi arassala galplardan,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,
Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol.
Gursagyňda hyjyw, başyňda hyýal,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn,
Unutmasyn şol gadymy çatmasyn.
Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesin,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Görogly haýbatly, hemlesi bolsun,
Goý, agrasy bolsun, ýeňlesi bolsun.
Ýöne her kişiň öz kellesi bolsun,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
Synaga salynsa ownaman bilýän.
Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Geplenýän gep, edilýän iş — saz bolsun,
Ýüreklerde iman, sözde duz bolsun.
Derleýän kän, gürleýäni az bolsun,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Seniň, mähekdaşyň agzybirlikdir,
Gedemlik etme, ol köre-körlükdir.
Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Öňe gitjek bolma, unudyp yzyň,
Türkanarak bolsun geliniň, gyzyň.
Bize hemaýat ber, eý, Allam özüň,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Öz aslyny bilýän, pederin bilýän.
Umuman özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Biri-biriňi bagryňa bas, dogan diý,
Hemmejämiz şu toprakdan dogan diý,
Gözel geljegimde gözüm eglendi,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Berdinazar Hudaýnazarow
6
529
Rüstem
10.01.2020 19:59
Adamyň bir mätäç zady – hoş. sözdür,. Hoş söz aýdyň – depesine täç bolar,

Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur – bir ýyldan soň giç
bolar.

Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň,
Kim bilip dur – bir aýdan soň giç
bolar.

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärden çyksa hiç bolar.
Goldaweriň bir-biregi söz bilen.
Kim bilip dur – bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň,
Şu gün çoýuň – erte belki giç bolar

Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Sylaň bir-biregi – wagtyňyz barka,
Mümkin… ýene bir sagatdan giç bolar.

B.Hudaýnazarow

14
548
Rüstem
09.01.2020 00:41
Durmuşda iñ esasy zat has köp zada eýe bolmak dälde, iñ az zada mätäc bolup bilmekdir
8
423
Rüstem
08.01.2020 12:32
Birine kömek etmek ücin başgalarnyñ size kömek etmegine garaşmañ...
7
722