Rüstem
10.01.2020 19:59
Adamyň bir mätäç zady – hoş. sözdür,. Hoş söz aýdyň – depesine täç bolar,

Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur – bir ýyldan soň giç
bolar.

Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň,
Kim bilip dur – bir aýdan soň giç
bolar.

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärden çyksa hiç bolar.
Goldaweriň bir-biregi söz bilen.
Kim bilip dur – bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň,
Şu gün çoýuň – erte belki giç bolar

Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Sylaň bir-biregi – wagtyňyz barka,
Mümkin… ýene bir sagatdan giç bolar.

B.Hudaýnazarow

14
548
Myhman Myhman
8 Aprel 2020
??????
Cherry
13 Yanwar 2020
Йуреге дегижи гошгы
babamyrat
11 Yanwar 2020
örän gowy ýagşy söz ýylany hininden çykarar
Aýjemal
11 Yanwar 2020
Menin in gowy goryan gosgym sududa??✌
Myhman Myhman
10 Yanwar 2020
gaty gowy gosgy eken
Селби
10 Yanwar 2020
Gaty gowy goshgy
Cigildem
10 Yanwar 2020
???
Coutinho
10 Yanwar 2020
gaty gowy goşgy
TM•BioLoG™
10 Yanwar 2020
okaman gecman bolarmy bular yaly gosgyny✌
liliya
10 Yanwar 2020
великолепно +❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.