Pretty girl
Pretty girl
31.03.2020 11:26
Bilýän bamy ???Bilmeseňiz özüm aýtjak??
Pretty girl
31.03.2020 11:09
Meniň ýigit wagtym
Seniň gyz wagtyň...


Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat.
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi,
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada.
Emma Söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyň,
Heniz gyz wagtyň.

Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan!
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...»
Sen diýerdiň: «Garrap
barýarmyň, oglan?
Äwmäň öz wagty bar,
Sabryň öz wagty!»

Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy,
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy,
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim,
Çabyrap başlanda demiňe demim,
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty?..»

Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap,
Leb gadagan wagty – olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyň.

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!)
Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak,
Keteniň içinde
Gyzyl köz wagtyň.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle.
Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle,
Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe,
Ýigdiň öz wagty bar,
Gyzyň öz wagty».

Şo mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem toraňňy urup dur perwaz
«Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz,
Görmändim saýamyň
Beýle ýaz wagtyn!»

Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa,
Ne tekiz wagtym».

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit,
Miwe ýetişdimi –
Ýygna güýz wagty!»

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gyşa galmazlyga edipdik wada.
Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada,
Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty.

Bilmedim, nämäniň hesibi boldy,
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy.
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap.
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap,
Gök kürtelem bolsaň,
Entek gyz wagtyň...

Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul,
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl –
Şunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty.

...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň.
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň...
Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň».

Şo bada ýüzüňde göründi ünji.
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji...
Şoldy iň mert wagtyň,
Iň ejiz wagtyň...

«Içerde otursam – ýüregim gysýar.
Daşa çyksam – asman
depämden basýar».
Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär,
Tas şahyr bolupdyň
Çuwalgyz wagtyň.

Tas şahyr, bolupdyň.
Borduňam, belkem.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiň.
Sowaşdym kem-kem,
Şonda-da kuwwat sen
Her ýalňyz wagtym...

Kim bolsa-da saňa sataşan kişi,
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy.
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy.
Gijä öwrülmezmi
Oň gündiz wagty?

Çümdürse eliňe ýekeje tiken,
Şol tiken müň bolup bagryma çöker.
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer
Öz eziz wagtyn).

Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz.
Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriň
Iň tämiz wagty...

...Arada aýlandym Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.

Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde.
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden –
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.


Kerim Gurbannepesow
17
459
Pretty girl
Pretty girl
30.03.2020 12:28
Durmuşda bu,pikir etmedik,garaşmadyk zatlarymyzam bolup dur.Esasy zat ejizlemän çykalga tapmagy başaralyň.Her şerde bir haýyr bardyr.Giň bolalyň!!!☝️?
Pretty girl
Pretty girl
30.03.2020 12:26
Her tarapymyz göriplerden,bahyllardan doly.Gepiňi edip,işleri düşende ýallaklap gelýänlerem bar.Dogry bilen ýalňyşy,ýaman bilen ýagşyny tapawutlandyrmagy başaralyň!!!????
Pretty girl
Pretty girl
29.03.2020 12:39
Özüniň owadanlygynyna,puluna guwanyp,gyzlary barmagymda oýnaýan diýýän oglanlar özüne buýsanmasyn.Olar haýwançada däldir.Çyn erkek kişi sözünde durýan,wepaly oglandyr???
Pretty girl
Pretty girl
29.03.2020 12:33
HEMMÄMIZIŇ MAŇLAÝYMYZDAKY,GARŞYMYZA SÖÝGI BOLUP ÇYKSYN INŞALLAH.ALLAJAN HIÇIMIZE NESIP ETMEJEK KIŞINI SÖÝDÜRMESIN.ÄMIN??
Pretty girl
28.03.2020 15:04

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy


Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözleri uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

Edilen şert käte çyksa-da puja,
Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

Indi aýdaýaýn soň bolan zadam:
Adamdan döredi ýene bir adam.

Adamdan döredi ýene bir adam,
Oňa ömri uzak bolsun! diýdiler.

Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

Kinniwannja adam welin aglaýar,
Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
Şady-horram galanlaryň hemmesi.

Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.

B.Hudaýnazarow
16
625
Pretty girl
Pretty girl
28.03.2020 12:03
Salam päk ýürekli joralar we dostlar!Eger mümkin bolsa her kim öz durmuşynda bolan ýatdan çykmajak wakasyny paýlaşaýsyn.Meň üçinä gyzykly,hem içimiz gysmaz?❤️?
Pretty girl
27.03.2020 13:15

Ýalňyşan ýene men boldum???


Ýalňyşan ýene men boldum,
Gowy zatlar etjek bolup.
Aglasamam belent durdum,
Ejizlikden gaça durup.

Ýalňyşaň ýene men boldum,
Edip bilmän dogry saýlaw.
Süýji ýalana ynandym,
Hakykat däl eken,aýlaw.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Her kime gowudyr öýdüp.
Ynanyp syrymy berdim,
Puç etdiler eýdip-beýdip.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Käbir zadyň ýerin bilmän.
Içime salyp köp gezdim,
Ýüregimdäkini diýmän.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Wagtlaýyn duýgular duýup.
Az açyldym,köpem soldum,
Bilmedim ýürekden söýüp.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Aladalara çyrmaşyp.
Köp zatlara göz ýetirdim,
Gowy düşündim ýalňyşyp.

Hatyja A.B.
22
674
Pretty girl
Pretty girl
27.03.2020 00:06
Salam eziz dostlarym we joralarym!Siz nähili pikir edýäňiz?.Eger dogry diýseňiz?.Her kim öz pikirini teswirde ýazaýsyn!!!❤️?