Pretty girl
27.03.2020 13:15

Ýalňyşan ýene men boldum???


Ýalňyşan ýene men boldum,
Gowy zatlar etjek bolup.
Aglasamam belent durdum,
Ejizlikden gaça durup.

Ýalňyşaň ýene men boldum,
Edip bilmän dogry saýlaw.
Süýji ýalana ynandym,
Hakykat däl eken,aýlaw.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Her kime gowudyr öýdüp.
Ynanyp syrymy berdim,
Puç etdiler eýdip-beýdip.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Käbir zadyň ýerin bilmän.
Içime salyp köp gezdim,
Ýüregimdäkini diýmän.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Wagtlaýyn duýgular duýup.
Az açyldym,köpem soldum,
Bilmedim ýürekden söýüp.

Ýalňyşan ýene men boldum,
Aladalara çyrmaşyp.
Köp zatlara göz ýetirdim,
Gowy düşündim ýalňyşyp.

Hatyja A.B.
22
674
Agajan.G
28 Mart 2020
nm un beyle gosgy duzdun
Aycicek
28 Mart 2020
Diyseň gowy?
Myhman Myhman
28 Mart 2020
??? emir
Pretty girl
27 Mart 2020
Sagboluň,sagboluň???
Gülhan
27 Mart 2020
Malades saña Hatyja??????...
MaksatŞirow
27 Mart 2020
gaty gowy goşgy
Pretty girl
27 Mart 2020
Sagboluň??
•Fatima•
27 Mart 2020
Gowy dusupsin????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.