Prensess
14.04.2022 20:00
Salam hemmamizinki Men bu posty acmagymyn sebabi Men bir zada dushunup bilemokda?
Kopunuz Tanry Salamyny almana yaltanyanyzmy ya dine Men yazamda salamymy alanzokmy? Men Salam beremde almayan bolsanyz Men kopluk etyan bolsam aydyn cykyp gideyin asylam kop gelip duryan zadymam yokla welin onda da aydyn duybunden cykyp gideyin. Beydip Adam saylap Salam almajak bolsanyz.
12
299
Prensess
12.04.2022 13:12
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen, adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin,
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip,
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.

Dahana söz berdiň waspyň diýere,
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüň gerek.
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.

Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.

Bu baglaryň göni,
egri hatary,
Gülleriň, günleriň müň hili reňki,
Adamlaryň sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy — bary meniňki.

Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.

Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.

Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.

Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz,
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!
12
59
Prensess
11.04.2022 01:06
Edil düýn ýalydy.
Ýaňy ýalydy,
Sagadyň dillerin rehimsiz towlap
Seň ýanyňa duşuşyga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.

Paýtagtyň asuda köçelerinden
Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan.
Şemal össe, tolkun atar durardy
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.

Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,
Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.
Sen saga sowuldyň,
Men bolsa çepe.
Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.

Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile,
Gitdim şol duşuşan ýermize bakan,
Tolkun atdy göz öňümde ýene-de
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.

Birden ýüregime çümdi-de gitdi
Iňňäň ujy ýaly rehimsiz ünji, —
Seň bilen duşuşyp bilmänime däl
Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin.

Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn.
Öçügsi ýyldyzlar öçüp asmanda.
On bäş ýyl! On bäş ýyl!
Ýaňy ýalydy!
Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta.
15
48
Prensess
09.04.2022 10:13
Rozy-magşar şikwe eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş;
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş.

Bulut dek kükreýip, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan öýler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek möýler
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş.

Halyň görüp, purkan bolup aglarlar,
Özüň syjjyn atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bilen daglarlar,
Gara bolar şol gün ýüzüň, gybatkeş.

Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.

Magtymguly aýdar, iliň gözünden
Düşüban, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli bibat bolar diniň, gybatkeş.

12
47
Prensess
03.04.2022 09:19
Minutda bir gezek, pursatda iki gezek, yone bir gezek hem yok bir yylyn icinde
13
143