Prensess
09.04.2022 10:13
Rozy-magşar şikwe eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş;
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş.

Bulut dek kükreýip, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan öýler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek möýler
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş.

Halyň görüp, purkan bolup aglarlar,
Özüň syjjyn atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bilen daglarlar,
Gara bolar şol gün ýüzüň, gybatkeş.

Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş.

Magtymguly aýdar, iliň gözünden
Düşüban, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli bibat bolar diniň, gybatkeş.

12
47
ŞirnazarTaganow
10 Aprel 2022
Ah Pyragy Gurhany ýat alany goşgusyndanam bellidä...

Dünýä ýañ salan,älem danalygyna göz ýetiren adama kim dislike goýýar!(çalalardana müñ paý ýegdir)...
zolushka
10 Aprel 2022
Gowy goşgy. 👎dislike- y azaldyp bilmeris ýöne 👍like bilen goldaýan.
Muhammet.Y
10 Aprel 2022
Diysen ajayyp gosgy
Yashsogan
10 Aprel 2022
Gaty gowy goshgy, yone bir samsyga dislike basypdyr
Перман.
9 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.