Perishdejik
16.03.2023 19:23
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.

Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.

Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.

Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.

Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.

Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.

Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.

Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.

Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.

Berdinazar Hudaýnazarow.
9
71
Perishdejik
11.03.2023 22:44
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.

Ol şeýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.

Ol şeýle bir uzak,
şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.

Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn —
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn

Gurbannazar Ezizow.
14
79
Perishdejik
Perishdejik
07.03.2023 10:51
Baglap umydymy ylym ýoluna, Arzuw edip çykdym ýoluñ ugruna. Kitap depderimi alyp goluma, Talyp bolmaklygy arzuw etdim men. Elimden düşürmän kitap-galamy, "Talyp bolsam"diýip edýàn kelamy.
Perishdejik
01.03.2023 16:33
Durmuş...!
Eger daýaw bolsañ - köp iýýärsiñ diýýäler!
Eger hor bolsañ - hassa diýýäler!
Eger gowy geýinseñ - görünjek bolyarsyñ diýýäler!
Eger pes geýinseñ - özüñe seredenok diýýäler!
DURMUŞ-da näme etseñ et!
Şonda-da adamlar her wagt seni deñeşdirerler saña at dakarlar!
Şonuñ üçin !
Ömür geçip barýar!
Öz göwnüñe ýaraýan zatlary et Samsyk geplere görä hereket etme!
Olara üns berme!
Diñe özüñ bol...

******

"Ok diñe yza çekilip atylar.Durmuş sizi kynçylyk bilen yza çekse, munuñ sebabi sizi has uly zada atar. Arzuwlarymyzy dowam edeliñ...!
16
138
Perishdejik
23.02.2023 19:27
"Ynha,geler..." diýip garaşyp durmak
Dünýäde iň süýji,iň elhenç zatdyr.
Onuň süýjüdigini şaýatdyr ýürek,
Elhençdigine bolsa beýnim şaýatdyr.

Ýüregim:"Dur entäk,sabr et!"diýip,
Müň süýji arzuwy beslärdi mydam.
Beýnim:"Indi gelmez,gaýdyber!"diýip
Arzuwdan döndürmek islärdi mydam.

Kerim Gurbannepesow

*****

Gepleýän gep,edilýän iş - saz bolsun,
Ýüreklerde Iman,sözde duz bolsun.
Derleýän kän,gürleýän az bolsun,
Şeýleräk Türkmeni göresim gelýär.

Berdinazar Hudaýnazarow

*****

Köp zatlary görmän duşundan ötdüm,
Köpüsini bilgeşleýin görmedim.
Ýyllar geçip,ahyr bir açyş etdim,
Ýagny,il günäli diýip ýörmedim.

*****

RAZY - köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym,ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen Perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat Adamlar

Gurbannazar Ezizow

*****

Atylýan kesekler saňa kär etmez,
Işiň rowaçlanyp ugran mahaly.
Arkaýyn bol,ykbal seni hor etmez,
Allaň özi saňa ýaran mahaly.

Berdinazar Hudaýnazarow
19
105
Perishdejik
21.02.2023 12:25
Hiç kimiñ aýybyny ne gör nede aýt,ynsanyñ öz aýyby we kemçiligi õzüne ýeter hem artar.Kemçilik görmek isleýän bolsañ öz kemçilikleriñi gör we olary düzetmäge çalyş.
15
155
Perishdejik
16.02.2023 22:10
Ejem ýene demin alýar uludan
Saçakdaky gara nany üçündi
Ýöne ýat öýleriñ ap-ak nanyndan
Ejemiñ şol gara nany süýjüdi!

Ejem ýene demin alýar uludan
Ýygrylýardy dyzyndaky ýamakdan
Ulalypdym şol ýamakly gujakda
Ýaşa doldy ejizlikden damaklam.
22
132
Perishdejik
26.12.2022 22:41
Haksyz ýere ynjydan ynsanyñ köňül sadakasyny iki dünýäde ödäp bilmersiñ!

* * *
Ýadan wagtyda bolar adamyñ, guýçden duşen wagtyda ýöne iñ erwet wagty GÖWNÜNIÑ ÝYKYLAN WAGTYDYDYR .

* * *

Ar almak isleyan bolsañ gowşak adamsyn.Bagyşlap oz yolun bilen gidyan bolsañ guyclisiñ.Ony yok hasaplap bilyan bolsañ akyllysyñ.

* * *

Hic wagt binamys we yaramaz adamlardan ar alyjy bolman.Diňe üstunlikli bolun olar muña cydap bilmez.
21
62
Perishdejik
25.12.2022 18:21
Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!

Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!

Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.

Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.

Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.

Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!

Gurbannazar Ezizow
16
81
Perishdejik
24.12.2022 17:29
Lukmanlara köpüräjik boş wagt,
Aşyklara köpüräjik hoş wagt.

Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
Sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.

Goý, delfinler gürläp bilse, gürlesin,
Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.

Jübiniň agramy manysyz bolsun,
Her kesiň päliniň wysaly gelsin.

Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
Artyk almaweri laýyk bagtyňdan.

Öýüňizden myhman bary çykmasyn,
Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.

Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köpüräjik bolsun kitap nobaty.

Gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke,
Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter.

Iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir,
Penjire, gapysyz bir jaýa getir.

Ah, şu bolsadylaň bolan pursady,
Şahyram bir käse şerap ursady.

Gurbannazar Ezizow
15
75