Perishdejik
07.03.2023 10:51
Baglap umydymy ylym ýoluna,
Arzuw edip çykdym ýoluñ ugruna.
Kitap depderimi alyp goluma,
Talyp bolmaklygy arzuw etdim men.

Elimden düşürmän kitap-galamy,
"Talyp bolsam"diýip edýàn kelamy.
Geçip dur manysyz ömrüñ ýarymy,
Howsala salýarsyñ ýene ýüregi.

Nesip edaýsedi talyp bolmaklyk,
Şonda gujaklardym ýene asmany.
Özüñi her demde bagtly duýmaklyk,
Ýene öñe birje gadam basmany.

Institudyñ gapysynda eglenip,
Talyplara garaşaysam diýýärin.
Ýetaýsedim şol günlere begenip,
Ol günleriñ geljegini-de duýýuryn.

Awtoryny bilemok.
12
111
Relax
7 Mart 2023
meñ pikrimce talyplyk arzuw bolmaly däl geljekdaki maksatlana arzuwlana yetmek ucin talyp bolmaly
SIMPOTYAGA
7 Mart 2023
Insha Allah sizede nesip etsin!
tkm _aýdymçy _ýigit98
7 Mart 2023
atakulyyewa_humay, nesip bolsa 👍👍👍👍👍😊😊😊😊😊😁
Perishdejik
7 Mart 2023
atakulyyewa_humay,Nesip bolsa ❤️
atakulyyewa_humay
7 Mart 2023
Nesip bolsa Talyplyk 🥰
tkm _aýdymçy _ýigit98
7 Mart 2023
Gowy goşgy 👍👍👍👍⭐👍⭐👍⭐👍⭐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.