Paradise
21.07.2023 23:47
Käte öte geçsem, ýazgarma, ýürek,
Saklama, yşk içre eýlesem perwaz.
Ömri ýaşajak ýok özümden başga
Ne-de onda özgä boljak bir ýer bar.
Ol şeýle bir näzik, şeýle bir gözel,
Seýil-seýranyndan gaýdyp bilemok.
Ol şeýle bir uzak, şeýle bir çäksiz,
Serhedini welin, aýdyp bilemok.
Bir bilýänim: olam dine çen bilen,
Ömür – ýol. Men göýä başynda durun.
Onda özüm soltan, özüm hökümdar
Tä Ysrapyl gelip çalýança surun.
Onsaň men aýnaman, aýt, aýnasyn kim,
Men nädip ýaşaýyn joşman, saýraman?!
Seret, şygyrlarym goja Zeminiň
Çylgam-çylgam damaryna ýaýraýar.
Perzendi deý gujak açdy poeziýa,
Dertlerimden ýazyp-ýazyp ýeňledim.
Galam berlen güni başlan ykbalyň,
Goý, soňunam ýene galam jemlesin!
Tapylgysyz saýyp bilmen özümi,
Mençe haýsy ilde ýa milletde ýok?!
Diňe men deý gyzy bolmaz kakamyň,
Ärime-de aýal duşar öýdemok.
Şonuň üçin öte geçsem ýazgarma,
(Tanarça bolduň-a eýäňi bir çak).
Durmuş nätse şeýtsin!
Emma ömrümi
Soňky deme çenli, pursada çenli
Göwnümiň isleýşi ýaly ýaşajak!
Ýazgarma, ýürek!..
Gurbanjemal ANNAKOWA
20
54
Paradise
21.07.2023 11:13
Ýüpek saçlaryňa däli köňlimi,
Baglamyşlar, çözülmeýär mähriban!
Aýralykdan kyndyr öýtme ölümi,
Görmedikçe süzülmeýär mähriban!
Näzli bakyşlaryň ýadyma düşýär,
Gözlerim görmeýär, akylym çaşýar.
Çyragda titreýän alow üşeýär,
Yşk kagyza ýazylmaýar mähriban!
Ilki näz, soňra söz, soňrada hile,
Söýülen, söýeni düşürer dile.
Seneler, asyrlar geçsede bile,
Söýgi adaty bozulmaýar mähriban!
Tebiplerde derman ýokdur ýarama,
Yşk hanjary çekdi gitdi janyma.
Ahli zadyň gutarşy bar,
Emma...
Yşga serhet çyzylmaýar mähriban!
Bilgin
Bagly däldir bilbil gülüne
Gar goýsaň, köz bolar, yşgyň külüne.
Çydamaga güýç ýok söýgi zulmuna,
Ýalbarsamda ezilmeýär mähriban!
Tarypa sygmaýar söýgi kelamy,
Diňe çeken biler, bu derdi-gamy.
Bu kör dügün
Başdan-ahyr tamamy,
Çözmedim hiç, çözülmeýär mähriban!
22
100
Paradise
20.07.2023 22:51
Kalbyňyzda umyt bolsun hemişe,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Ýagşa ýoruň her bir görülen düýşem,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Hassasyň-dertlisiň, ýadaw-argynsyň,
Herne, ýagşy pikre jemle bar ünsüň
Arzuw-umytlara ýapyş irginsiz,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Gündiz günüň aladasy sökendir,
Ýa gussa, ýa irizendir sökellik,
Ynjal.
Dynç al, tümlük dünýä çökende,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Dostuň
senden dönen wagty çydagyn,
Dogan saňa düşünmese, çydagyn,
Oraşan düýşlere siňip çydamyň,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
Ýazyga ýakynsyň, sebäp adamsyň,
Şatlyk ýetdirýärmi saňa nä gamsyz,
«Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy,
Ukyňyzydan hoş habarlar oýarsyn!
24
72
Paradise
20.07.2023 18:03
Wah, ýene bir gezek täzeden söýsem,
Täzeden yşk ody ýansa synada.
Egnime täzeje köýnegim geýsem,
Duşsam bagda ýa-da täze kinoda.
Hemem ejap edip töwerek daşdan,
Şol ýigide gabaklarym galmasa.
Soňam çekinjiräp tanyş-bilişden,
Bellenilen duşuşyga gelmesem.
Ýene-de hat gelse, uzak ýol geçip,
Obaň aňry çetindäki ýigitden.
Okasam, gijäniň ýa:rynda açyp,
Nalamasam gi:jem bolsa bagtdan.
Ýene pynhan duşuşykda diňlesem,
Başym goýup söýýän kalbyň owazyn.
Gözlerine bakyp doýup bilmesem,
Imrinsem heňine şol täsin sazyň.
Dideler zarlansa, köňüller köräp,
Ýene duşuşyga göwün baglasam.
Soňa haýa dursa aýagym diräp,
Ýygralykdan, içim tutyp aglasam.
Ýene duşuşyga...
Wah ýene, ýene, ýene
Birje gezek duşsa, şol söýen gerçek.
Men şol duşyşygyň bir minudyna
Bu galan ömrümiň baryny berjek!
27
51
Paradise
19.07.2023 21:44
Akja kagyzlardan çykaryp gahrym,
Bilseýdim, kalbymda goýmazdym ahmyr.
Ýazan her setirmiň maksady, wah, bir...
Diňe seni yrmakdygyn kim biler?!
Göreçlemde ýürek görünmez äşgär,
Sebäp saňa söýgim hetdinden aşýar.
Dumanly dünýäme düşünseň, käşgä...
Goşgularmyň dymmakdygyn kim biler?!
Men lowlap ýanýaryn, sebäp – gülýärsiň,
Men gowlap ýazýaryn, sebäp – gülýärsiň,
Ýagşydan-ýamandan seniň gülýäniň,
Meniň üçin gymmatdygyn kim biler?!
Göwnümem sübsegär, meň saçym ýaly,
Hyzmata häzirem, sadyk jyn ýaly,
Şagyzy halyma edil myn ýaly...
Meň ugruňda gyrnakdygym kim biler?!
Yşga düşen jany, Janym, görk ezýär.
Görküňe bendi men, bendi her kes, ýar!
Mahabatlap, diňe seni görkezýän,
Ýunusdaky dyrnakdygym kim biler?!
Men bilmeýen, üm bilmeýän sawçymyň?!
Ýa ser berip, per bermeýän awçymyň?!
Ah!!!
Goşgy ýazýan perin almak Laçynyň,
Ganatlaryn gyrmakdygyn kim biler?!
Laçyn Pürjäýewa
28
66
Paradise
18.07.2023 12:17
Ýürek törümizde söýgüni gizläp,
Diñe pynhan duýgy bilen sözleşdik.
Gezmesek-de bir-biregi ezizläp,
Biz juda meñzeşdik,juda meñzeşdik.
Senä a:şa gedem,şonçarak menem,
Ne-hä söýüp,nede söýlüp başardyk.
Beýle meñzeş bolmasadyk ikimiz,
Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk.
Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk,
Gyşy getirmezdik ömrüñ ýazyna,
Gör-ä muny,şum ykbalyñ özi hem,
Bizi hüwdüläpdir meñzeş sazyna.
Wagtal-wagtal suratlara bakýarys
Sorap durmasak-da ýagdaý halymyz,
Ömrümiziñ kemi artygy bilen,
Bir almany iki bölen ýaly biz.
Berilmedik wadañ gapysyn kakyp,
Ýaýdanyp durmazdyk ondan girere.
Umyt monjygyny gezmezdik dakyp,
Meñzemedik bolsak birek-birege.
Men-ä indi aýralykdan ýadadym,
Sensiz pursatlary ütüp ýolýaryn.
Ebeteýin tapyp geçýän günleriñ,
Saña indi meñzemejek bolýaryn!!
23
79
Paradise
17.07.2023 16:03
Ol gün, meger
Okalmasy gelýän esere meňzäp,
Gyzyksyz wakalar daşymyz gurşar.
Ýöne, öwrenşiler gidip barşyna
Diňe gowulykdan jem däldir bu Şar.
Käte durmuş dözmän durmaz, görersiň,
Aglamalam bolar, bolar çekmelem.
Belki şol hal, biziň ýüreklerimize,
Dertdeş dostlarymyz aýak sekmezem.
Ýa-da büdür-südür ýola direler,
Ykballaryň çatak düşen çaglary.
Ejiz kalbyň nusga edinsin şonda,
Ak şäheriň ak mermerli jaýlaryn.
Ýyllar edil irki otly mysaly,
Bizi elter maksatlanan menzile.
Ýöne, eserlerde zar-zar aglaýan
Bagty ýatýan gyzlara bir meňzeme.
Gurbanmyrat SARYÝEW
21
50
Paradise
16.07.2023 17:13
Şeýle bir mirasy goýasym gelýär,
Ýatlar ýaly galdy diýip ejemden.
Bilýäňiz-ä size gezek gelende,
Hiç oýlanman ähli zatdan geçen men.
Seçdim iň soňkuja teňňäme çenli,
Ah, men bu dünýäniň soňun saýmazy.
Meger, şoň üçindir ykbalym maňa
Diňe şowly pursatlary paýlady.
Gudrat bilen goşa ganatly boldum,
(Borjum näme?... Ony bilerden ýaşdym).
Hajar ene elewrese suw diýip,
Men ot gözläp, menzil aşdym, ýol aşdym.
Perişde görmegi arzuw edýärkäm,
Perişde bolmagy gördüler laýyk.
Kä ýedi gat ýere gitdim, kä sekiz
Gat
Gökde gezdim ganatym ýaýyp.
Soralýar:
Gaýtadan ömür berilse,
Ýene-de alarmyň şahyrlyk paýyň?
Esasy zat siz meniňki bolsaňyz,
Men islendik adam bolmaga taýyn.
Siz meň üçin altyn-kümüşden gymmat,
Siz meň üçin şan-şöhratdan ýokarda.
Joşarmyz ene Ýer, ýaşarmyz aýdym,
Nirede perzende alkyş okalsa.
Arzuwlamdan güýçli geldi nesibäm,
Günler durmuşyma süýjülik gardy.
Şundan uly näme goýup bilerin:
Barka heriňizde ýüregmiň ýarsy.
21
47
Paradise
16.07.2023 13:09
BAGYŞLA!
Bagyşla!
Mendim şol -
hondan bärisi,
Mendim-ä özüni asmandan asan,
Yşkdan sermest bolan nebir günleriň
Ýiti ökje bilen bilinden basan.
Mendim -
dynnym ýaljak göwrejiginde
Asman bardyr öýdüp gomparyp ýören,
Aý ýüzünde ýiten gulakhalkasyn
Gäbi azyp, ýerden agtaryp ýören.
Bagyşla,
Mendim şol -
ak ýollar üçin
Gara günler bilen göreşmedigem,
Sabryň soňy geljegiňi bilsemem,
Sabryň ýaryna çen garaşmadygam.
... Meň bilen deň bolup durmady ýyllar,
Şoň üçinem giň bolmagy öwrendim.
Özüňi örteme, günä sende däl,
Betbagtlygyň bar sebäbi:
bir mendim.
25
116