Paradise
21.07.2023 23:47
Käte öte geçsem, ýazgarma, ýürek,
Saklama, yşk içre eýlesem perwaz.
Ömri ýaşajak ýok özümden başga
Ne-de onda özgä boljak bir ýer bar.

Ol şeýle bir näzik, şeýle bir gözel,
Seýil-seýranyndan gaýdyp bilemok.
Ol şeýle bir uzak, şeýle bir çäksiz,
Serhedini welin, aýdyp bilemok.

Bir bilýänim: olam dine çen bilen,
Ömür – ýol. Men göýä başynda durun.
Onda özüm soltan, özüm hökümdar
Tä Ysrapyl gelip çalýança surun.

Onsaň men aýnaman, aýt, aýnasyn kim,
Men nädip ýaşaýyn joşman, saýraman?!
Seret, şygyrlarym goja Zeminiň
Çylgam-çylgam damaryna ýaýraýar.

Perzendi deý gujak açdy poeziýa,
Dertlerimden ýazyp-ýazyp ýeňledim.
Galam berlen güni başlan ykbalyň,
Goý, soňunam ýene galam jemlesin!

Tapylgysyz saýyp bilmen özümi,
Mençe haýsy ilde ýa milletde ýok?!
Diňe men deý gyzy bolmaz kakamyň,
Ärime-de aýal duşar öýdemok.

Şonuň üçin öte geçsem ýazgarma,
(Tanarça bolduň-a eýäňi bir çak).
Durmuş nätse şeýtsin!
Emma ömrümi
Soňky deme çenli, pursada çenli
Göwnümiň isleýşi ýaly ýaşajak!

Ýazgarma, ýürek!..

Gurbanjemal ANNAKOWA
20
54
okayjy
21 Iýul 2023
Dertlerimden ýazyp-ýazyp ýeñledim...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.