Paradise
26.08.2023 20:40
MEN SENI ÝYLLARA BERMELI BOLDUM...”

Gyşlasamam gyşlaryňda mert durup,
Saýdyň bimynasyp ýazlarňa meni.
Men seni ýyllara bermeli boldum,
Erksizligim üçin ýazgarma meni.

Döwdeşim — aýralyk, dertdeşim — galam,
Hemşerim berç bolan ahmyrlarymdyr.
Gijeler pyşyrdap aýdan sözleriň
Gursakda garrajak ak syrlarymdyr.

Bu setirlem agy ýa-da nala däl,
Söýgim arassady, däldi ýuwusga.
Iň uly söýgüdir, dada öwürmän,
Ynsan armanyny suw deý ýuwutsa.

Ýuwdundym.
Ýuwdunýan, teý alaç tapman,
Gözleň, dilleň gürlüginde ýitdik biz.
Ykballar azaşdy, ýollar ters düşdi,
Ekilmedik ýerimizde bitdik biz.
29
65
Paradise
24.08.2023 21:50
Seň toý günüň...
Toýlan günüň gaýgymy
Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...
Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,
Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.

Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,
Howlugardyk bir-biregi görmäge.
Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.
Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!

Degerli bir bahana-da tapmandyň
Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.
Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,
Menem artyk söz tapmandym diýmäge.

Şeýdip, ahyrlady söýgi ýodamyz,
Bir-bireksiz oňuberdik soňlaram.
Seň nä halda gezeniň-ä bilemok,
Ýöne welin, wagtyndan ir soňlanan
Söýgi meniň ukularmy ogurlady,
Talaň saldy tüýs wagtyna ýaşlygyň.
Sowuklykdan dünýä indi şeýdibem
Ykballaryň kejir aradaşlygy...

Seň toý günüň...
Bagtly günüň, şat günüň,
Jaýlan günüň umydymyň jesedin,
Giden günüň durmuşymdan sogrulyp,
Gelnalyjyňy synlan günüm keseden...


Sapa Hommadow
31
84
Paradise
20.08.2023 22:48
Gedemlikden hiç kimsa-ge yan bermân
Bir özüni söyyan özdiýenlidim.
Yöne haçan,niçün hiç bildirmezden
Söýgi peýkamyñy kalba gönlediñ

Sowlup yetişmedim nazarlaryñdan.
(Yogsa ele düşmek islegim dâldi.)
Gözleriñ söýgiñi añladyp durka
Söýýân sözüñ geregi hem ýok dâmi?!

Bagt berjekmi? Meniñ üçin bil onna
Sözden gözleñ mâhri has hem süyjüdir.
Sözün aşygyna beyle özgerşi
Berip bilen meger söýgiñ güyjüdir.
25
70
Paradise
20.08.2023 19:20
Soñky söz

Boýun bol, geldik biz ýoluñ soñuna,
diýme "Janymyzy gaýta barlaly".
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soñra,
Kä göwnüñ joşanda gaýtalar ýaly...


Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyñ.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen "Kalbym senden närzadyr".

Sen joraña ynan,
"Entek öñüñden
has gowsy çykar" diýp, göwnüñ göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse...)

Ýazgyt meñzeş da:şa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa...ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..
26
59
Paradise
20.08.2023 10:08
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim,
Söýdiň hem ýigrendiň.
Çekildim çete.
Ine,doňup durun yzyňdan garap,
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede.

Gidip barýaň,
çaşyp barýar akylym,
(Bu nähili ýowuz duýgy,Hudaýym?!)
Erteki deý söýgiň ertesi ýokmy?
Üstümden ganatyn çekdi humaýym.

Gidip barýaň,
umyt barýar inçelip,
Indi köçäňizden gatnap ýörmerin.
Zat ilmedik çolpym bilen gaýtadan
Arzuw derýasynyň boýun dörmerin.

Unutmak elimden geljek işmi nä?
Diýmek kyn:"Kysmatdyr maňlaýa gelen".
Ýer şaryndan zowwam geçýän köçede
Öz-özüm hoşlaşýan arzuwlam bilen.

Pyşyrdymyz diňlän bagyň astynda,
Köp garaşdym,köp garaşdym...gelmediň.
Günäm ýok diýjekdim,
gitme diýjekdim,
Seniň bilen hoşlaşybam bilmedim.
30
68
Paradise
17.08.2023 18:28
Süýt ýaly gijäniñ gaýmagna meñzäp,
Ol gyz penjireden a:ýa bakyp dur,
Arman, täleýimiz, bagtymyz bir däl,
Aramyzdan okeanlar akyp dur.

Entek yşgyñ mürrewwetin görmedim,
Gussam bilen goltuklaşdy kinelem,
Belki meniñ sudurymy gözländir,
Ýary gije a:ýa bakan dideleñ?!.

Gursagymyñ dowulyny duýýan deý,
Ulydan dem alýañ, assaja pa:llap,
Ýa ýyldyz sanaýañ, ýa-da keýpine,
Bir zatlar diýýärsiñ eliñi salgap.

Hyýalymda, señ eliñe jañ edýän,
Operator jogap berýär deregñe,
,,Abonentiñ telefony öçürlen...,
Zol-zol aýlap, düşüp durmañ ýüregne"...

Baýram Bejidow
33
69
Paradise
16.08.2023 19:29
Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Meýdan al-ýaşyl, guşlar saýraýar,
Uzagyndan bolsun ähli zat gowy,
Durmuş eşret bilen başym aýlaýar.

Arassa howadan dem alýan erkin,
Güneşem ýakanok yssysy bilen,
Bu gün bir ýerlerde bukulan ýaly,
Şumroý kinelerim gussasy bilen.

Bu gün hiçkim göwnüme-de degenok,
Şeýle bir mähirli, mylaýym herkim,
Dünýäñ düzelenin buşlasym gelýär,
Bogazymy gyryp, gygyryp çirkin.

Nirä baksam nurly ýüzi görýän men,
Ýylgyryş, gözellik hökmüni sürýär,
Hoşamaýlyk bilen kalbymy gozgap,
Ýakymly duýgylar gujagny gerýär.

Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Seýle bolaýanok bagtyñ şowmasa,
Gün uzak düýşürgäp ýatjak ekenim,
Jañ sagady oýarmadyk bolmasa...
24
69
Paradise
15.08.2023 19:04
Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy?
Dolanmakmy geçip giden ýazlarma?
Ala gözlim, bakyp beýle gaharly,
Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma.

Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde,
Alsa meni seniň söýgiň elinden,
Gyýylma biz bagty görmän geçsegem,
Geçmeris oň hesretiniň deňinden.

Bahar gaýtalanar, bagt gaýtalanmaz,
Gaýtalansa diňe düýşde görner ol.
Sebäp bagtam edil şowakör ýaly -
Öz gözleýän adamsyny görmez ol.

Özümi undamda ýatlama berlip,
Senem unudýaryn, meni bagyşla!
Bu dünýäde meniň bagtym barmy nä,
Ýatlamadan başga hem senden başga?!

Atamyrat Atabaýew
30
65
Paradise
13.08.2023 22:31
..Bir gün mekdebime öý işim etmän,
Mugallymdan pes bahalar alypdym.
Şonda kitaplaryň gatyna çümüp,
Depderime berlen ýumşy ýazypdym.

«Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip,
Bu bahany öpüp, papkama dykdym.
«Men ökde okuwçy bolmaly» diýip,
Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym.

Bu gün...
Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy,
Jan etsem-de, biraz sulbym büküdip.
Goýdy, mollumdanam pes bir bahany -
Jugra ikilik!

Ýaşyňa göräräk karar çykarşyn,
(Boýumam çüpe däl, osal galarça).
Durmuş sapakdaky tema däl eken
Dest galdyryp bäşlik baha alarça.

Baýramberdi GELDIMYRADOW
32
89
Paradise
13.08.2023 19:35
Dünýäñ ähli ak kagyzyn jem edip,
Diñe sen hakynda ýazyp başlasam,
Okarlar, aglarlar, gülerler belkem,
Dogry düşünmezler senden başgasy.

Birde daglañ gaýasyna meñzärin,
Birde baglañ pyntygy deý dömerin,
Bu ykbalyñ maña dözmedik bagtyn,
Aýt men nädip özgesine dözeýin?!.

Bu mañlaýma şemhal ýaly ot berip,
Atmasañam yşkyñ okun dogrulap,
Ýaş halyna ýandy-köýdi at berip,
Gitmäweri duýgularmy ogurlap.

Saña duşup ýarpy beden ýaşaýan,
Bir ýüregi deñje bölekläp ikä,
Sensizligi deñemäne deñlik ýok,
Duýgylarma düşmez matematika.

Arzuwlarym salgymmyka?,
Bilemok,
Hyýallarmyñ üsti çyzyk-çyzykly,
Gowuşsagam beýle bolar öýdemok,
Arzuwyñda gezmek juda gyzykly...

Baýram BEJIDOW
32
77