Dünýäñ ähli ak kagyzyn jem edip,
Diñe sen hakynda ýazyp başlasam,
Okarlar, aglarlar, gülerler belkem,
Dogry düşünmezler senden başgasy.
Birde daglañ gaýasyna meñzärin,
Birde baglañ pyntygy deý dömerin,
Bu ykbalyñ maña dözmedik bagtyn,
Aýt men nädip özgesine dözeýin?!.
Bu mañlaýma şemhal ýaly ot berip,
Atmasañam yşkyñ okun dogrulap,
Ýaş halyna ýandy-köýdi at berip,
Gitmäweri duýgularmy ogurlap.
Saña duşup ýarpy beden ýaşaýan,
Bir ýüregi deñje bölekläp ikä,
Sensizligi deñemäne deñlik ýok,
Duýgylarma düşmez matematika.
Arzuwlarym salgymmyka?,
Bilemok,
Hyýallarmyñ üsti çyzyk-çyzykly,
Gowuşsagam beýle bolar öýdemok,
Arzuwyñda gezmek juda gyzykly...
Baýram BEJIDOW