Paradise
02.02.2020 20:33
I didn't lose a friend, I just relaized I never had one
35
469
Paradise
01.02.2020 22:57
When one door of happiness closes,another opens but often we look so long at the closed door that we don't see the one which has been opened for us
35
753
Paradise
31.01.2020 21:04
The only way to do great work is to love what do you
35
727
Paradise
30.01.2020 12:31
EJE

Eje gel biraz söhbet edeli...
Goşgy ýazyp waspyñ etmeli bolsam,
Päkligiñ hakynda aýtmaly bolsam,
Durmuş basgançagny ätmeli bolsam,
Sen zerur maña.

Kä ejizlesem ya-da ýykylsam,
Ozüm bilmän ýeñsem ýa-da utulsam,
Didämde jemlenen keşbiñ götersem,
Sen eziz maña.

Egsilmejek alkyş ekýär huzuruñ,
Sen arzyly melhem,dili tebibim.
Arasynda asman bilen zeminiñ,
Sen ömür maña...
Eje mährem ejem sen ömür maña..???
49
2 514
Paradise
28.01.2020 14:55
Arzuw

Bir suratkeş çekse meniñ suratym,
Apalap,sünnälap dönüp Perhata.
Çekse bir elimde bagtly käsä,
Beýleki elimde elimde yşk guýulan bada.

Çekse alçak hemem juda gussaly,
Ýeke özüñ ýaşap bolýan dünýämi.
Bir keýpsiz garaýşa garañka dönüp,
Bir hoş söze doguşymy gün ýaly.

Çekse hiç bir kişä meñzäsim gelmän,
Soñam meñzejek bolşym birlikde hemmä.
Gülmesize gülip,gülmelä gülmän
Aljyranyma dogry düşünse hernä.

Çekse bütin ömrim güllere besläp,
Aşyk bolyp şygyrlarymyñ husnuna.
Şeýdip bir suratkeş kalbyndan isläp,
Çekse meni ýüregimiñ üstüne bagtly bolardym.
31
941
Paradise
25.01.2020 23:58
Kaka bolmak

Kaka bolmak añsat däldir düşünýän,
Keşgini çekmeli bütin maşgalañ.
Ýaman gürrüñlerden,bet niýetlerden,
Zulumyndan goramaly baş galañ.

Ol kömek eder başardygyndan,
Öwreder, ýaşamany durmuşda.
Biziñ üçin zähmet çeker ýadaman,
Jöwzaly tomusda,aýazly gyşda.

Ene sözin keramatly bir sözdir,
Dünýäñ hereketi onsuz yöremez.
Ýöne ata diýen bir merdem sözem,
Ýoldaş edinmeze gudrat doremez.

Bile dörederler ähli barlygy,
Çarhy bile aýlarlar çarhypelegiñ.
Asyl ene sözin bolmagy üçin,
Ilki ata sözi gerekdir biliñ.



37
747
Paradise
23.01.2020 08:58
Haýsysy has agyr söýülýänkäñ söýüp bilmezlikmi ýa-da
söýüp söýlüp bilmezlikmi....
35
748
Paradise
22.01.2020 19:39
Ýagmyry kalbynda galan,
Bir ötegçi bulutdyñmy.
Güýzler bilen dolanaryn,
Diýeniñem unutdyñmy.

Ýaşap ýörün salgym bolyp,
Arasynda sowallaryñ.
Ýaksaña söýgiñ odyny,
Üşemesin hyýallarym.

Arzuwlara ölçeg ýetmez,
Ömür bolsa bir pursatdyr.
Ykbal gämi umman kimin,
Gözleriñde azaşypdyr...

Ýaşlygymy päk söýginiñ,
Dergähine zyýarat bil.
Hem käteler hyýalyñda
Bu dünýani diñe diñe
Ikimizden ybarat bil!
40
1 086
Paradise
21.01.2020 00:47
Zenan

Zenan diýmek eneñdir,
Ýary gije ýatýandyr.
Dañ saz berse oýanar,
Añzaklarda doñandyr.
Hor-zar etmejek bolyp,
Çar tarapa eñendir,
Sebäbi ol eneñdir.

Zenan diýmek uýañdyr,
Ýüzüñ nury tuwagy.
Ýagşy günde begenjek,
Kyn günüñde söýäñdir.
Saña geljek dertleriñ,
Öñüñdäki gaýañdyr.
Sebäbi ol uýañdyr

Zenan diýmek dünýedir,
Adam zada dowamdyr.
Gözellikde taý bolmaz,
Ýaşaýyşa güwädir.

Zenan diýmek ýaryñdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyñ,
Baýlygyñdyr,baryñdyr,
Alawlaýan ojagyñ.
Keşke diýseñ çebişyän,
Ýakyn howadaryñdyr.
Sebäbi ol ýaryñdyr.

Zenan diýmek gyzyñdyr,
Gül-gunçaly ýazyñdyr.
Ömre şatlyk getirjek,
Aýdymyñdyr,sazyñdyr.
Ogul bilen deñ durjak,
Dowamyñdyr yzyñdyr,
Sebäbi ol gyzyñdyr.

40
720
Paradise
20.01.2020 16:02
Mekdep ýyllary
Pikir etsem süýji günlem barada,
Geçen mekdep ýyllarymdan ybarat.
Eziz klasdaşlam juwan ýaşlykda,
Dostlukdan,söýgiden gurduk ymarat.

Syr berişdik aýry görman dogandan,
Şol syrlar galypdyr kitap gatynda.
Çyndan söýüp bir gözeli halasak,
Wada berdik ýazyp söýgi hatynda.

Uçdyk al-asmana ganat kakdykda,
Hoşlaşdyk siz bilen soñky jañ güni,
Göwniñize degip lapy keç edip,
Ynjydan bolaýsam bagyşlañ meni

39
732