Ýagmyry kalbynda galan,
Bir ötegçi bulutdyñmy.
Güýzler bilen dolanaryn,
Diýeniñem unutdyñmy.
Ýaşap ýörün salgym bolyp,
Arasynda sowallaryñ.
Ýaksaña söýgiñ odyny,
Üşemesin hyýallarym.
Arzuwlara ölçeg ýetmez,
Ömür bolsa bir pursatdyr.
Ykbal gämi umman kimin,
Gözleriñde azaşypdyr...
Ýaşlygymy päk söýginiñ,
Dergähine zyýarat bil.
Hem käteler hyýalyñda
Bu dünýani diñe diñe
Ikimizden ybarat bil!