Paradise
25.03.2020 22:27
Ýene geçip gitdi ömrüñ bir güni,
Kime sowal, kime bolup alamat,
Ol saña bagly däl, ýöne sen ýene
Ömrüñden bir güni berdiñ, Adamzat....
61
435
Paradise
24.03.2020 23:17
Läleli bahar sen garly gyş ýaly,
Ýaşlyk bilen garrylykdyr ömrümiz.
Juwanlykda çiginlermiz daş ýaly,
Daglara darasak ýeter emrimiz.

Ýaşlyk bir çabgadyr,
Ýaşlyk bir sildir –
Gudratyndan gülzar bolar çölüstan.
Ýaşlyk atyr saçýan benewşe güldir,
Görki –de gül,
Durky-da gül-gülistan.

Ýaşlyk bir deňizdir, tolkunyp her ýan,
Möwç urar,
Joş alar, öňi baglanmaz.
Ýaşlyk bir derýadyr silkinip barýan,
Çyrpynar-da…
Akar gider eglenmez.

Ýaşlyk bir aýdymdyr, hiňlenseň ony,
Uzaklara ýaýrap, ýaňlanar sesiň,
Eý ýaşlyk, her neneň söýsem-de seni,
Uzak ýaşap, goja bolmak höwesim.

Halyl Kulyýew
58
231
Paradise
24.03.2020 23:17
Ilkinji söýgüden gaýdanda badym,
Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň.
Men saňa düşünýän: sen şeýle adam
Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy
(şüphe bolmaz ýüregimiň päkdigne).
Ynansamam başky söýgiň bardygyna,
Ynanamok başga söýgiň ýokdygyna.

Ynha dymyp dursyň meniň garşymda
Egniň ketenili başyň öýmeli
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme üçin biz ýeke gezek söýmeli.

Özüň dek bir gyzy söýüpdim menem
Ol başgany szöýdi
Ol indi ene.
Öňküdenem otly, çuň söýgi bilen,
Men ikinji gezek söýýärin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik,
Gel onda biz şol düzgini pozaly.
Söýgi kitabyny iki söz bilen:
- Başarsaňyz söýüň! – diýip ýazaly
58
333
Paradise
23.03.2020 23:56
Guşlar bilen söhbet açdym
Men bakylyk barada.
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Dostlaryma sarpa goýdum,
Elýetmez gyzlary söýdüm,
Baş ýalaňaç gezdim garda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýok, gykuwlap däl-de, aglap
Geçeninde jiger daglap,
Düşündim men durnalara
Öz köňlümem ahy-zarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Her näme diýsegem, dostlar,
Göterilsin bu gün tostlar!
Çünki ýaşamaklyk hezil
Gan urýarka damarlarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Gussa batmak nämä derkar!
Şatlanmaga hakymyz bar.
Gam çekeris biz aňyrda,
Biz, entek diri ahyry
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýöne ulurak bolalyň,
Uludan tälim alalyň,
Söz açsak näme barada,
Çünki, kiçi bolmak — günä
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada

Gurbannazar Ezizow...
60
291
Paradise
23.03.2020 20:30
Wagt,

Seni gördüm-de tisginip gitdim,
Derläp çykan ýaly çigrek şemala:
Sen ýerläp barýardyň ap-ak buludyň
Sessiz-üýnsüz kölgesi deý hamana.

Soň gitmediň gözlerimiň öňünden.
Ýagyş bolup ýagdyň.
Gar bolup ýagdyň.
Üzülip-üzülip gitdiň ömrümden,
Ylla tylla ýapragy deý daragtyň.

Goňras kibir baglan gaýaň gerşinde
Kesmek däl-de, seniň jesediň ýatyr.
Sen ýel kibi öwsüp-öwsüp gelşiňe,
Bihuda ölmüňden edýäň howatyr.

Wagt, maňa duşduň sen, çaýkandy dünýäm,
Kalbym asman ýaly lerzana gelip.
Sen duşduň,
düýn meni ahmyrda goýan
Gyzyň gujagynda bäbejik bolup...
57
308
Paradise
22.03.2020 17:52
MENIŇ SÖÝGIM

(Ýüzbe-ýüz janyňa kast etse gandar,
Onuň keşbi meýdiň gözünde galýar..)

Serediň möwç urup gelen bahara,
Ol türkmeniň ýöne-möne ýazy däl.
Kesir gyza yrylmaga bahana,
Ýazyň gözelligi çydar ýaly däl.

Şol ýazy kalbyma sygdyryp bilmän,
Men goşgy-gazaldan karar gözledim.
Eger bir gün ölsem, görüň şol ýazy
Emaý bilen açyň-da siz gözlerim...

Meniň ýalňyz syrym—nowjuwan gelin,
Gören däldir hiç kim men kimin söýlüp.
Ol hakda ýazmaga bognum ysmady
Onuň jemalyny ýoýaryn öýdüp.

Men gidip daglara içimi dökdüm,
Güýjedip meý deýin göwnümde baryn.
Eger bir gün kaza bolsam, görüň siz
Gözüm açyp şol geliniň didaryn...
53
820
Paradise
22.03.2020 17:49
ÝAŞLYGYŇ BOSAGASYNDA

Ýaýdanyp,
tolgunyp durun gapyňda
Kalbym lerzan urýan duýgudan doly
Otagda sen däl-de, gamgyn dilberim
Maňa on ýedi ýaş garaşýan ýaly.

On ýedi, on ýedi gaýdyp gelmedi
Galdyryp kalbymda söýgi hem arman.
Ýöne ýedi ýyldyr seniň gözleriň
Bakdy durdy deşip ýyllary parran.

Ýedi ýyldan parran geçen gözleriň,
Geçer ýyldyrym deý ýedi ýetmişden.
Göwherim, beýle göz, geljegimde ýok,
Ony nädip alaýyn men geçmişden?

...Çytmaga gyssanma galam gaşyňy,
Dem salym seret-de, böwrüňi diňle.
Bir näzijek yza kemençe kimin
Syýhalýan-a däldir gussaly köňle?!

Dar gursakda ýüregim gürs-gürsüldäp,
Kakýar seniň ykbalyňyň işigin.
Sen gözleňden syr-da aýgytsyzlygy
Görkez maňa yşkdan doly ýaşlygym.

Öz-özümi aldap söýýän diýsem-de,
Kalbym ýylamady gyzdan-gelinden.
Besdir, otsuz ýerden gözlemän ody
Köz gözläli indi külüň teýinden.

Ine men geçmişiň gapysyn kakýan
Aryp sensiz geçen ýyllaň keşginden.
Ýylgyr serwim, ol hesretli ýedi ýyl
Gussaň bilen gaýyp bolsun keşbiňden
48
358
Paradise
21.03.2020 23:51
BAGT

Edepli gyz duşuşyga giç gelýär,
Garaşdyryp sabryň soňuna çenli,
Eý, katdy-kamatyn küýseden bagtym,
Sen juda edepli bolmaga çemli.

Giç açylýar hoşboý ysly bägüller,
Kemsiz ganyp tylla günüň nurundan.
Bir gün beýhuş eder öýdüp ysyna,
Ynamyma beýhuş bolup ýörün men.

Do:lan aý giç dogýar, giç dogýar çenden,
Gijäni ýagtyldyp gündiz ýaly ol.
Garaşaryn, bagtym, mümkin däle çen,
Ýöne ýarym-ýalta däl-de, doly gel.

Özgäniň bagtyýar aýdymyn aýdyp,
Garaşýan, men saňa garaşýan, bagtym.
Sen gelersiň, ýöne, ynan, gorkýaryn,
Gersiň öýdüp, bagta mätäç däl wagtym.
51
533
Paradise
21.03.2020 23:36
Söýgimi duýmadyñ, men seni söýdim,
Syrly bakyşlaryñ nazaryn duýdym.
Ugruñda janymy ýandyryp köýdüm,
Men seni söýsemem soýmediñ meni.

Her säher ýatlaýyp jemalyñ seniñ,
Düýşümde saçlarymy sypaýar eliñ.
Ýüregimde saklap bu yşkyñ közün,
Men jandan söýsemem,söýmediñ meni.

Ýoluña garadym, her saba, her gün,
Ýalñyzlykda galan, jemalym görgün.
Yşkyñda saralyp-solan bu gülüñ,
Solşuny görübem,söýmediñ meni.

Şeýdip geçip gitdi,günler uzalyp,
Söýgim aýan etdim, ilden uýalyp.
Çalaran başymy senden gizleýip,
Juwan wagtymda-da söýmediñ meni.

Ýazgarma sen,menem sözüm gutarýan,
Söýgimi kalbymda gizlin göterýän.
Saña duşup, bagty gelen şol gyza,
"Bagtyñ gora ! " diýip, nama gönderýän...
49
382
Paradise
20.03.2020 23:29
SÖÝDÜM

Baharyň ilkinji buşlugyn buşlap,
Baglarda pyntyklan pudagy söýdüm.
Müşk-anbar ysyna başym sämedip,
Çöllerde açylan gülleri söýdüm.

Güberçekläp çykar gelinkömelek,
Gülden güle gonar dürli kebelek,
Yşky joşup, bir-birine janserek,
Perwaz urup, saýran guşlary söýdüm.

Synlasana, reýhan meýdan güllerin,
Balarysy sorup alýar ballaryn,
Ýada salyp geçen jahyl ýyllarym,
Dowamatym – ogul-gyzlary söýdüm.

Owlak-guzy bolar bezegi çölüň,
Gül yşkynda saýrar şeýda bilbilim,
Bark urýan burkuny alyp ter gülüň,
Jahana jan beren Nowruzy söýdüm


Bahar paslynyñ ýene bir ajaýyp baýramlaryñ biri bolan Milli Nowruz baýramyñyz gutly bolsun. Goy durmuşyñyzam edil bahar bägülleri ýaly owadan bolsun.Edýän ähli arzuwlaryñyz hasyl bolsun.....????????⚘????????
47
1 030