ÝAŞLYGYŇ BOSAGASYNDA
Ýaýdanyp,
tolgunyp durun gapyňda
Kalbym lerzan urýan duýgudan doly
Otagda sen däl-de, gamgyn dilberim
Maňa on ýedi ýaş garaşýan ýaly.
On ýedi, on ýedi gaýdyp gelmedi
Galdyryp kalbymda söýgi hem arman.
Ýöne ýedi ýyldyr seniň gözleriň
Bakdy durdy deşip ýyllary parran.
Ýedi ýyldan parran geçen gözleriň,
Geçer ýyldyrym deý ýedi ýetmişden.
Göwherim, beýle göz, geljegimde ýok,
Ony nädip alaýyn men geçmişden?
...Çytmaga gyssanma galam gaşyňy,
Dem salym seret-de, böwrüňi diňle.
Bir näzijek yza kemençe kimin
Syýhalýan-a däldir gussaly köňle?!
Dar gursakda ýüregim gürs-gürsüldäp,
Kakýar seniň ykbalyňyň işigin.
Sen gözleňden syr-da aýgytsyzlygy
Görkez maňa yşkdan doly ýaşlygym.
Öz-özümi aldap söýýän diýsem-de,
Kalbym ýylamady gyzdan-gelinden.
Besdir, otsuz ýerden gözlemän ody
Köz gözläli indi külüň teýinden.
Ine men geçmişiň gapysyn kakýan
Aryp sensiz geçen ýyllaň keşginden.
Ýylgyr serwim, ol hesretli ýedi ýyl
Gussaň bilen gaýyp bolsun keşbiňden