Paradise
30.08.2022 23:44
Güýz ýetip gelýär...

Dünýäni kem-kemden tutup sarylyk,
Güýz ýetip gelýär.
Ýapraklar şahadan gaçýar saralyp,
Güýz ýetip gelýär.

Synlamaga uly dünýäň hezzetin,
Ýatlamalar berip yşkyň ezýetin,
Barha-barha ýakynlaşyp gözýetim,
Güýz ýetip gelýär.

Monjuk eýläp ak säherleň dürlerin,
Galam sanyp durnalaryň perlerin,
Küýsäp agraslygyn tanyş ýerleriň,
Güýz ýetip gelýär.

Şapaklaň reňňini giň dünýä çaýyp,
Syrly gijäň köňli deýin ajaýyp,
Şol tanyş köçeden saçlaryn ýaýyp
Güýz ýetip gelýär.

Synyndan aslyşyp çigrek ýelleriň,
Ýyldyzlara ýetirjek deý ellerin,
Dünýäsine bu mähriban illeriň
Güýz ýetip gelýär.
42
105
Paradise
Paradise
29.08.2022 22:44
Güýmenje
Paradise
26.08.2022 20:54
Sen hakynda, men köp zady, beýan edip bilmeýän,
Bu duýgyny, bir söz bilen, aýan edip bolmaýar,
Ýöne saňa buýsanjymy, saýlan kärimden bilýäň
Kaka....mydam isleglerimi sözüň ýaryndan bilýäň

Uzak ýaşa, arzuwa köp,iň esasy saglygyň,
Görmek miýesser eýlesin "çowluk, gowluk, ýuwlugyň"
Kaka...munda meň üçin senden uly hossar ýok
Seň ýuregiň bar, şalygym, baýlygym hem begligim

Durmuşymyň dady kaka
Gadamymyň bady kaka
Çalşyp biler bir seň ornuň ahli ýakyn ýady kaka
Mynasyp persendiň bolup
Ödäp bilsem ynamyňy
Gutarmaýar,egsilmeýär ýüregimiň şady kaka


46
88
Paradise
22.08.2022 19:22
Üm bilmez çagakam, aglap emerdim,
Ene süýdün içdim, ynha bu söýgi.
Durak-durak, ýörjen-ýörjen ýöredim,
Ilki äden ädimlerim...
Bu söýgi.

Şatlandym, oýnadym, böküp, ýykylyp,
Täsin hereket etdim......
kä-te, çekinip....,
Daşymdan pyrlandyrdy, jykyr-jykyrym.
Ýylgyryş döretdim ynha bu söýgi.

Okuwçy men.
Mekdep, kitap, mugallym,
Harplyk, depder, ruçka, birnäçe galam.
Synpdaşlam, goňşulam, dostlarym bilen.
Mekdebe gatnanym, ynha bu söýgi.

Ýetginjeksiň, jahyl bolduň ulaldyň,
Käbir edýän häsýetiňe uýaldyň,
Şol gözlerdi, akyl bilen goýaldan,
Bir gyz diýip, yşka düşdüm bu söýgi....

Durmuş gurdyň, ýigit çykdyň öýlendiň,
Entek, ýaşlyk bady bilen aýlandyň,
Çagaň bolup, birazajyk oýlandyň,
Mähirli perzendiň ynha bu söýgi.

Wag:t geçer, eýýäm.. gojalan ata,
Agtygyň daşyňda, ynjalan ata...
Geçmişiň ýatlasaň, sünjiler arka.
Geçen durmuşlaryň ynha bu söýgi.

Saglygyň ýitirdiň, ýata hassasyň,
Görejiň dolandyr, gaýgy-gussadan....
Düşşündirjek boldum saňa gysgadan,
Mätäç bolsaň... şulaň barysy söýgi.

Remezan Mämetgurbanow
44
77
Paradise
Paradise
19.08.2022 18:50
Durmuş
Paradise
Paradise
18.08.2022 17:53
Mähribanlyk- adamlary ýaşadýan, güýç berýän, olary ýaş edýän üýtgeşik duýgy. Şonuň üçin ynsanlarda mähir-muhabbet, mähribanlyk iň gymmat, tapylgysyz, idegi, soragy kän hasiýetdir. Şeýle adamlaryň
Paradise
Paradise
14.08.2022 01:14
Ene kalby gök asman dek päkize, Söýgüden doludyr tämiz gursagy. Mähir bilen söýgüsi duýdurar, «Balam» diýip ýüzlenen her pursady.
Paradise
Paradise
13.08.2022 23:41
Ylalaşýanyzmy?
Paradise
11.08.2022 17:05
Aýtmaklaryna görä, her ýaşalan gün,
Gök ýüzüne ýyldyz bolup göterlip
Ýatlamalaň ýakym-ýalkymy bile
Nur saçar durarmyş-ömre ýeterlik...

Ine-de gaşymda tomus gijesi,
Synlap gökde geçen günleň suduryn.
Gözlem bile ýyldyzlary gujaklap,
Täsinlige başym yrap otyryn....

Maňa sessiz gürruň berdi kän zady
Giň asmanyň sansajaksyz ýyldyzy
Onýança, gijäniň şalygy synyp,
Dag başynda daň öwüsdi gyrmyzy

Serpip agyr gijäň agyr ýorganyn
Wagt öňe aýlan çagy çarhyny
Gördüm gökde täze güni garşylap
Ýyldyzlañ bir-birden ýitip barşyny

Diýmek...
Diýmek, ýaşalmadyk ýeke gün -
Ýaşalan müň günden zyýat bolarly
Ýogsam täze Günüň dogmasy bilen,
Geçen müňläp günleň gökdäki keşbi
Ýyldyzlar bir ýere sumat bolarmy?!
40
118
Paradise
09.08.2022 15:46
Uýama...

Küýsäp mähriñ,gara gözüñ,dideleñ,
Señ ýoluña mydam garap durmuş men.
Men alysda,senem hol uzaklarda,
Öz öýüñi,öz bagtyñy gurmuş sen.

Uýam küýseýäñmi,senem men ýaly,
Birmahalky höwür bolan döwrümiz.
Duýýañmy sen,káte ýüregiñ gyssa,
Seni juda küýseýänni göwnümiñ.

Duýýansyñ,seniñ hem hut meni küýsäp,
Bolýandyr gözleriñ ýaşlan halatyñ.
Şol putsat iñ zerur duýmaly zadyñ,
Señ üstüñde gerilgidir ganatym.

Ýetirip dur ,alysdaky dünýäme,
Señ halyñy göwün atly ganatym.
Gözüñ ýumda,keşbim gözle göwnüñden,
Senem küýsäp gutaranda takatyñ...

Gyzylgül Annagylyjowa.
45
54