Paradise
21.06.2023 10:21
Ussa ýaňy ýasap bolan galamyna ýüzlenip, şeýle diýipdir:
— Seni uzak ýola ibermezimden ozal bäş sany ýagdaýy bilmegiňi isleýärin, şonda sen iň gowy galam bolarsyň:

Birinjiden, ýagşylyk edýän adamlaryň eline düşmäge çalyş, şonda sen örän beýik işleri amala aşyryp bilersiň;

Ikinjiden, kähalatda ýitelmegiň üçin agyry-ynjylara uçrarsyň, emma has gowy bolmagyň üçin bu zerurlykdyr;

Üçünjiden, sen öz ýalňyşyňy özüň düzedip bilmäge ukyplysyň;

Dördünjiden, elmydama iň ähmiýetli bölegiň seniň içiňde bolar;

Bäşinjiden, ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen ýazmagy dowam etmelisiň.

Indi siz hem özüňizi şu galamyň ornunda goýuň we ýokarky bäş ýagdaýy ýadyňyzdan çykarmaň.
Birinjiden, siz birnäçe beýik işleri edip bilersiňiz, ýöne hemişe ýagşylara ýoldaş bolmalysyňyz, ýagşy niýetden ugur almalysyňyz. Başarnygyňyzy görkeziň, şonda gerekli adamlar sizi idäp gelerler.

Ikinjiden, has güýçli we durmuşa taýýarlykly adam bolmalydygyňyz üçin kynçylyklar sizi wagtal-wagtal ýonar durar, has kämilleşmegiň hatyrasyna siz bu zatlara dözmelisiňiz.

Üçünjiden, öz goýberen ýalňyşlyklaryňyzy, säwlik-hatalaryňyzy özüňiz düzedip, ýene-de öňe ilerlemäge ukyplysyňyz.

Dördünjiden, siziň iň möhüm bölegiňiz gursagyňyzdadyr.
Bäşinjiden, haýsy ýoldan ýöreýän hem bolsaňyz, ömür ummanynyň durmuş kenarynda aýak yzlaryňyzy galdyrmalysyňyz, ýagny, hemişe ýagşy iş edip, ýagşylyk bilen ýatda galmalysyňyz.

Biziň her birimiz galam kysmydyrys. Her birimiziň maksadymyz, ýöremeli ýolumyz, geçmeli menzilimiz bar. Zeminde özümize niýetlenen durmuş düşeginde ornaşmagymyz we ýüreklerimize düwen maksatlarymyza ýetmegimiz üçin biziň bu zatlara düşünmegimiz we olary ýerine ýetirmegimiz gerek
32
132
Paradise
21.06.2023 00:42
Dymmak iñ gowy jogap edebi elden gidene
24
79
Paradise
16.06.2023 17:47
Talyplyk ýyllary, ýaşlyk bahary
Durmuş sährasynda açdy güllerin.
Söýgi gurşap aldy älem-jahany,
Ýatlama öwrülýär her bir günlerim.

Bu bagtly günlere gaýdyp gelme ýok,
Bilýän, ajap ýyllar ýat bolar bize.
Bizä uly adam bolup gideris
Özge ýaşlar okar biziñ ýermize.

Mundan beýläk her kim aladaly bor,
Indi şatlanjak ýok, gülkä güljek ýok.
Barybir biziñki bu ajap ýyllar
Ony elimizden alyp biljek ýok.

Talyplyk ýyllarym, wah aýralyk kyn,
Ara daş bolsa-da ýüregim ýakyn
Sen-ä menden, menem senden daşlaşýan
Saña tagzym edip, bu gün hoşlaşýan....👩‍🎓😔
32
162
Paradise
15.06.2023 18:30
Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym adyna mynasyp

# Konfusiy

Bizem mynasyp bolarmykak?
31
172
Paradise
12.06.2023 20:36

Hakyky adamkärçilikli ynsan ähli zady öz güýjüne daýanyp etmäge çalşar.

Hakyky adamkärçilik bizden daşdamy? Eger isleseň, ol derrew seniň ýanyňda peýda bolar.

#Konfusiý

54
422
Paradise
10.06.2023 22:27
Garaşmagy başarýan adamlaryñ durmuşy elmydama şowlylyklardan dolydyr


Başga adamlaryñ durmuşyna gün şöhlesi ýaly nur saçyp bilýan adam, öz durmyşynam nurlandyryp biler

#Jane Fonda
28
130
Paradise
10.06.2023 15:13
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Kalbyñ ıñ gyzykly kitaplañ biri,
Duýgylaryñ-galam, ýüregiñ-depder.

Ýazgylañ ýaz ýaly,
Göwnüñ ýazýany.
Goşgy görnüşiñe giren sedamy?!
Maýyl edýäñ gürrüňleriň bilen sen
Kül-peýkun edip barýaň edamy.

Erkime erk edýäň,
Soňky döwürler.
Ynjyk bir adama öwrülip barýan.
Sözleň aýazyndan üşeýän aşa,
Kalbyň yssysyndan gowrulyp barýan.

Aýdyma meňzeş sen,meňzeş sen saza,
Adyň her harpyndan görýän bir şygyr.
(Göwnüme bolmasa şu zatlar üçin
Biziň şahyrlara ýetip barşymyz.)

Sapa Hommadow
24
163
Paradise
09.06.2023 11:25
Sen bir Allañ humaý guşy,
Kalba ylham bolan gyzym.
Başym täji, göwnüm hoşy,
Şirin aýdym, gazal gyzym
Aýym gyzym, meniñ gyzym...

Meňzäp günüň şöhlesine,
Meňzäp dagyň çeşmesine,
Ojagymyň rehmetine,
Göyä Hakdan habar gyzym,
Aýym gyzym, meniň gyzym...

Sensiň dünýämi ýaz eden,
Seň bilen dogdum täzeden.
Ömrümi ylham saz eden,
Owaz eýläp çalan gyzym
Meniň gyzym, aýym gyzym...

Jennetden iberilen gülsüň,
Ykbalyň güllesin, gülsün.
Gözleňde mydam görünsin,
Arzuw, umyt, ynam gyzym
Aýym gyzym, meniň gyzym...
33
196
Paradise
08.06.2023 19:09
Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem,
Arzuw etdim, islemedim artyk zat.
Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da,
Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap.

Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi,
(Kemje-kerdem däl islenmek hiç kese.)
Söýen sähel zatdan dilgir bor eken,
Garaşany gelmese ýa giçlese…

Men şuňa düşündim, duşdum-da saňa:
Hasabyna jür ekeni dünýämiz,
Hem herimiz aýry dünýä öýderdim,
Asyl biziň bir ekeni dünýämiz.

Ýüzümi asmadym gideniň üçin,
Ýöne ýatlamalar boýnumy burýar.
Göwün ümsümlige öwrenşen ýaly,
Göwün sensizlige öwrenşip barýar…


Sapa Hommadow
18
84
Paradise
07.06.2023 20:12
guymenje
21
147