Paradise
30.06.2023 10:57
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap, 
Ýene göz öňümde janlandy şol gün. 
Neçün, henizlerem bilip bilemok— 
Şol gün juda-juda göründiň solgun. 

Durnalaň toýnugna dikip nazaryň, 
Sypalap durşuňa güýzüň güllerin. 
Bir zat diýmekçidiň, 
başarmadyň sen, 
Eda bilen gozgansa-da lebleriň. 

Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi, 
Seň ahmyrly gözleriňden okadym. 
Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden, 
Goýup söýgimiziň soňky nokadyn. 

Haýran bolup galdym salgymyň bilen, 
Şo-ol äpet agajyň aralygynda. 
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, 
Bigünä söýgüden ar alanynda… 
22
36
Paradise
29.06.2023 15:42
Näzijek göwnüňe degmekden gorkup,
Syrym saklap gezdim şu çaka çenli.
Bu gün bolsa bire baglap ýüregim,
Saňa bir zatlary aýdasym geldi.

Gel, janym, kalbymy açaýyn saňa,
Isle-hä ýaz eçil,
Isle-de ýazgar.
Barybir gözleňden gitme ýok maňa,
Bu söýgi kalbyma ebedi ýazlar.

Ynan, kän gezdim men bir özüm söýüp,
Indi ýürek bu ahwaldan iripdir.
Sen bilýärmiň, gara gözüň güldürip,
Öten agşam düýşüme-de giripsiň.

Şo-ol günem diýsene...
duşupdygam biz,
Gelipdem şo-ol sözi diýmeli halat.
Ýöne ýüzüm kesä sowanym üçin,
Şol gün ýygralygma okadym nälet.

Hawa, kän oýlandym,
ölçerdim,
dökdüm,
Ýöne muny sen birjigem aňmadyň.
Wiý, ýogsa-da, näbilýärsiň diýsene,
Belki, senem meňki ýaly haldasyň.

Hut şonuň üçinem giç dälkä heniz,
Bu söýgi armana dönmänkä bir gün.
Gyzgyn ýüregimi aýama alyp,
Gel, saňa bar zady bereýin gürrüň...
29
111
Paradise
28.06.2023 00:48
Gurbanlyk paýlaşmakdyr
Gurbanlyk dostlaşmakdyr
Gurbanlyk ýagşylykdyr
Gurbanlyk bereketdir

Hormarly owrenmeli portalynyn mahriban agzalary sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gurban baýramynyz gutly bolsun. Beryan sadakalarynyz,okayan ayat towirleriniz beyik biribaryn dergahinde kabul bolsun. Indiki yylam sag aman agzybirlikde bellemek nesip etsin...
35
73
Paradise
27.06.2023 20:38
Henizem
Mekdeplikden näme ýadyma düşýär?
Ilkinji parta.
«Harplyk» hem baş «A».
Köpeltmek hem bölmek…
Düşümler…
Atlar…
H2O, ýene nämeler başga?

Wiý-wiý, Pifagoryň teoremasy,
Hemem azda-kände fiziki zynjyr.
«Maşaň enesine gutap äkiden
Aýy bir töňňede alanmyş dynjyn…».

Onsoň näme, dogry, ikilik, bäşlik,
Kiçijik jezalar bezzatlyk etseň.
Hem…
Syrly sereden jadyly gözler…
Ah, şol gözler…
Ýatlamalaň baryndan
Nämçünkä, henizem görünýär rüstem?
29
102
Paradise
27.06.2023 11:24
Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
…Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin…
22
62
Paradise
24.06.2023 15:03
Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.

Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.

Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.

Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!

Sapa Hommadow
21
38
Paradise
23.06.2023 22:07
AÝRALYK GOŞGUSY

Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.

Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan ýerine barman.

Asmany özüme syrdaş tutundym,
Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek.
Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi?
Gel ahyr, söýgimi ömürlik berjek!

Men saňa şeýle bir düşünjek boldum,
Agtardym ýoluny ýüregňe girmäň.
Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän.

Emma sen geleňok, tersmikä bir zat…
(“Ýa demrinden boldy, ýa-da kömründen”)
Goý, bu söýgim ömrüm bilen bäs etsin,
Ýöne ömri uzak bolsun ömrümden.
31
156
Paradise
23.06.2023 12:11
— Ýokary okuw mekdebine ilkinji gadam basan günüňizden bäri gör näçe ýyl geçipdir. Indi siz belli bir ugur boýunça kämil hünärmen — diýip, mugallym toparyna ýüzlenipdir.
— Talyplyk ýyllarynda siz dürli dersleri özleşdirdiňiz. Meniňem size öwreden zatlarymy berk bellänsiňiz diýip umyt edýärin. Size kiçijek bir sowgadym bar yzym bilen geliň — diýip, mugallym talyplaryny synp otagyna alyp gidipdir.
— Talyplar şu şarlaryň içinde her biriňiziň adyňyz bar. Her biriňiz şu şarlaryň içinden öz adyňyzy tapyň, munuň üçin siziň bäş minut wagtyňyz bar.

Talyplar şaryň daşyna üýşüp, garabaşagaý bolup, adyny gözlemäge başlapdyrlar.  Bäş minutdan soň mugallym wagtyň gutaranlygyny duýduryp:
— Kim öz adyny tapdy? — diýipdir. Talyplaryň hemmesi adyny tapmandygyny aýdanlaryndan soňra mugallym:

“Talyplar bulam size berjek iň soňky dersim bolsun. Durmuşda nebsiňizi öňe sürmäň. Biriniň rysgyny iýmäň. Bir ýumuş tabşyrylanda hemaýat almakdan çekinmäň. Eger-de bileleşseňiz öňüňizde durup biljek zat bolmaz. Meniň tabşyran ýumuşymda  hem siziň bileleşmegiňiz gerekdi. Geliň wagty täzeden tutalyň” diýipdir-de, şarda ýazylan ady okamaga başlapdyr.

Her şar ady ýazylan eýesine gowşurylandan soň, ýene-de ep-eslije wagtyň galandygyny görýärler. Şeýlelikde, talyplar halypa mugallymlaryndan iň soňky durmuş dersini alypdyrlar.
30
96
Paradise
21.06.2023 21:01
Gözlerimden duýmadyňmy söýgümi,
Ýa-da bilmediňmi harplaryn sepläp?!
Günä mende, ýeri, neçün öňüňde
Ýalbarmadym şo gün owadan gepläp.

Sözlerim sünnäläp «Söýäý» diýmedim,
Gorkdum, birden seni aldaryn öýdüp.
Söýgi çuň bolanda beýan etmek kyn,
Ýöntem duýgulary bolýandyr aýdyp.

Owadan sözlere ýesir düşeňde
Duýup galdym bagtsyz bolup doglanym.
Gel, gör, yşkdan terkidünýä bolanny,
Seni söýýän diýmän, söýen oglanyň.
24
62
Paradise
21.06.2023 16:54
Menzil

Soňky günler ýygalypdyr gatnamam,
Ugursyz kalp bile otly menzile.
Şol ýerde çalyndy iň soňky mukam,
Hem gözden ýaş akdy söýgiň deňzine.

Ýüregmi ugradyp Murgaba tarap,
Dolandym ýüreksiz öýmüze bakan.
Seň münen otlyňa biperwaý garap,
Şonda çyn bagtymdan aýryldymmykam?

Hanha, otly!
Seni menden ogurlan,
Ynha, menzil!
Täleýdir-dä köýmede.
Aýrylanlar ýyllar geçip dolanýar,
Sen şonda bir duşmaweri öýmede
23
54