— Ýokary okuw mekdebine ilkinji gadam basan günüňizden bäri gör näçe ýyl geçipdir. Indi siz belli bir ugur boýunça kämil hünärmen — diýip, mugallym toparyna ýüzlenipdir.
— Talyplyk ýyllarynda siz dürli dersleri özleşdirdiňiz. Meniňem size öwreden zatlarymy berk bellänsiňiz diýip umyt edýärin. Size kiçijek bir sowgadym bar yzym bilen geliň — diýip, mugallym talyplaryny synp otagyna alyp gidipdir.
— Talyplar şu şarlaryň içinde her biriňiziň adyňyz bar. Her biriňiz şu şarlaryň içinden öz adyňyzy tapyň, munuň üçin siziň bäş minut wagtyňyz bar.
Talyplar şaryň daşyna üýşüp, garabaşagaý bolup, adyny gözlemäge başlapdyrlar. Bäş minutdan soň mugallym wagtyň gutaranlygyny duýduryp:
— Kim öz adyny tapdy? — diýipdir. Talyplaryň hemmesi adyny tapmandygyny aýdanlaryndan soňra mugallym:
“Talyplar bulam size berjek iň soňky dersim bolsun. Durmuşda nebsiňizi öňe sürmäň. Biriniň rysgyny iýmäň. Bir ýumuş tabşyrylanda hemaýat almakdan çekinmäň. Eger-de bileleşseňiz öňüňizde durup biljek zat bolmaz. Meniň tabşyran ýumuşymda hem siziň bileleşmegiňiz gerekdi. Geliň wagty täzeden tutalyň” diýipdir-de, şarda ýazylan ady okamaga başlapdyr.
Her şar ady ýazylan eýesine gowşurylandan soň, ýene-de ep-eslije wagtyň galandygyny görýärler. Şeýlelikde, talyplar halypa mugallymlaryndan iň soňky durmuş dersini alypdyrlar.