Nurmyradovna_a
14.07.2022 11:20
Öýmüziň garşysyna gyzlar üçin umumy ýaşaýyş jaýy gurulýar.Menem tiz gutarsyn diýip,mugtuna işleýän. Adamaçylyk ölmedi😅😅😅😁😁😁
10
143
2
Nurmyradovna_a
13.07.2022 21:35
Ejesi nasihat biýrdi zürýada:
"Kebelegim hergiz uçmagyn oda"
Emma kebelejik gulak salmady
Ejesiniň nesihatyn almady.
Pysyr-pysyr edip geçdi her ýana
Yşygyň daşynda boldy perwana
Ejesi gygyrýar bolup ot-elek:
"Ägä bol! Ot gorkulydyr kebelek "
Joşup hyruj alýar hyjuwly ýaş gan
Pyrlanýar-pyrlanýar ol gulak asman
Lowurdaýar şem yşygnyň şöhlesi
Bes kebelek uçma diýýär ejesi
Birden oduň ýalynlary çabyrap,
Ýakdy kebelegi diline çolap
Saňa sapak bolsun,sapak al şondan
Gorkgun oglum! Gorkgun söýgi odundan!
(Genrih Geýne)
10
62
0
Nurmyradovna_a
30.06.2022 20:24
Gözelleriň sarpasyny saklamak
Belent borjum diyip hasaplaýaryn
Heý, güle-de sürtüp bormy garany
Şeyle jenaýaty halamaýaryn.
Käte gözellerden bolýan nägile
Zaýalanda tämiz söýgiň adyny
Käte unudýarlar açgözlük bilen,
Balygyň gurçuk diyip aldanýanyny.
11
75
5
Yene yükle