Ejesi nasihat biýrdi zürýada:
"Kebelegim hergiz uçmagyn oda"
Emma kebelejik gulak salmady
Ejesiniň nesihatyn almady.
Pysyr-pysyr edip geçdi her ýana
Yşygyň daşynda boldy perwana
Ejesi gygyrýar bolup ot-elek:
"Ägä bol! Ot gorkulydyr kebelek "
Joşup hyruj alýar hyjuwly ýaş gan
Pyrlanýar-pyrlanýar ol gulak asman
Lowurdaýar şem yşygnyň şöhlesi
Bes kebelek uçma diýýär ejesi
Birden oduň ýalynlary çabyrap,
Ýakdy kebelegi diline çolap
Saňa sapak bolsun,sapak al şondan
Gorkgun oglum! Gorkgun söýgi odundan!
(Genrih Geýne)