November05
30.01.2023 23:28
Käwagt pikirler üýtgeýär.Ýeke hadysa şol ýekeje ýagdaý ýada şol ýekeje gün durmuşyňy bütinleý üýtgeder.Her hili ýagdaýda hem gowy hem erbet.Ýöne bize nähili geljegini biz bilip bilemizok.Her haýsy gelsede gowylygymyzy saklamaly emma bu hemişe başardanok.Sende ýok zady başgalary gözüňe salybersede ýakanok.Belki olarda beýle niýetem ýokdur, ýöne käwagt gaharymyza erk edip bilmän şeýle pikir etýäs.Bize iki elläp kömek etjek adamlary ýönekeý özümiziñ düşünmegi başarmaýan zadymyz üçin depýäs.!.
10
61
November05
15.01.2023 23:33
Käbir ýagdaýlar bolar.Gaty agyr deger...Siziñ bolmady barada dyrnak ýaly hem pikir etmeýän zatlaryñyz bolar.Emma bu zatlar siziñ ûçin erbetligi başga biriniñ gowulugydyr.Käwagt bu ýagdaýlar gaty gowy bildirer .Beýlekiler bilmän hem bu ýagdaýlar bilen size durmuşyň agyr şarpyklaryny çalar.Öwrenşersiňiz.Aslynda öwrenişmersiñiz Emma wagt ony has hem agyrdar...
12
72
November05
November05
03.11.2022 00:42
Degişme..)
November05
November05
30.10.2022 06:35
Söýgi Düşünemok men bu üýtgeşik duýga Aklymy serimden aldyda gitdi.
November05
17.10.2022 22:33
Gözleň oýnamasyn sakla erkiňi,
Din-imana bağla ýürek örküňi,
Elwan bägüllerden ajap görküňi,
Ýaman gözlilerden gizläp ýaşagyn.


Dost diýip duşmana baglaýma bili,
Musulman gyzysyň ýitirme dini,
Öljegňi bilseňde aldama ili,
Diňe hakykaty sözläp ýaşagyn.

Bir gün gyz başyňa atarlar kürte,
Şol gün gyz bolsaňda gelinsiň erte,
Süýjülik suwuny ýüzüňe sürte,
Bagty bir nikadan gözläp ýaşagyn.

Awtory:näbelli
8
73
November05
13.10.2022 01:38
Ýedi arkaňy bozarsyň,
Başga milletden öýlenseň.
Eneň-ataň ýat bolar,
Daş ýerlerden öýlenseň.

Çagalaryň gözi gök bolar,
Biruny süýnmek bolar,
İşiň ýuwunmak bolar,
Ors gyzyna öýlenseň

Şyňňyrdar gulak-halka,
Tans eder böke-böke,
Bolarsyň eke-üke,
Özbek gyz a öýlenseň

Kellâň ýary gulakdyr
Bir ýos ýogyn bilekdyr
Bar iyjegiň balykdyr
Galpak gyza öýlenseň.

Gidip getirseň daşdan
Tapdyrmaz gelseň işden
Dynarsyň göwher dişden
Çeçen gyza öýlenseň.

Gezip ýör hatar-hatar,
İsleseň gelip yeter
Äkelenem arzan satar
Tatar gyza öýlenseň

Barýan ýazan hak bolar
Gep gürrüňden dok bolar
Diňe dişi ak bolar
Negr gyza öýlenseň

Aýdanlarymyň bary ýalydyr
Söýüp almak myratdyr
Bar görjegiň bir zatdyr
Haýsy milletden öýlenseň

Şahyr gelýändir dile,
Gezersiň güle güle,
Goşulyp gidersiň ile,
Öz iliňden öýlenseň.
19
245
November05
November05
08.11.2020 12:59
Gözýaşam aglansa gizlenýär eken Gözüñden ýitmäne tizlenýän eken Gussaly mahalyñ ýa bagtly wagtyñ Olar saña derek ýüzlenýär eken. ??? Göwnümem gözler deý aglaýan eken Ýöne, ony hiç kim añmaýan eken
November05
November05
07.11.2020 08:15
Degişmeler
November05
November05
06.11.2020 21:57
Söýgi
November05
06.11.2020 21:53
Menem söýdüm söýülmedik juwany,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyñ
Söýgi hakda söhbetini diñledim.
???
Menem bagtly boldum ýagty dünýäde,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne ot başynda dünýäni undup,
Bagtlylaryñ söhbetini diñledim.
???
Ýok, men muny bilgeşleýin edemok,
Adamlara gulak asman bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim,
Elmydama özgeleri diñledim.
???
Indi bilenimden ýazýaryn aýdym,
Öz-özümden monça bolýan, ýeñleýän,
Ýöne sähralara çykamda, ýene
Özgäñ düzen aýdymyny diñleýän.

GURBANNAZAR EZIZOW
8
302