November05
06.11.2020 21:53
Menem söýdüm söýülmedik juwany,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyñ
Söýgi hakda söhbetini diñledim.
???
Menem bagtly boldum ýagty dünýäde,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne ot başynda dünýäni undup,
Bagtlylaryñ söhbetini diñledim.
???
Ýok, men muny bilgeşleýin edemok,
Adamlara gulak asman bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim,
Elmydama özgeleri diñledim.
???
Indi bilenimden ýazýaryn aýdym,
Öz-özümden monça bolýan, ýeñleýän,
Ýöne sähralara çykamda, ýene
Özgäñ düzen aýdymyny diñleýän.

GURBANNAZAR EZIZOW
8
302
Myhman Myhman
16 Noýabr 2020
Gowy gosgularyn bar eken
November05
7 Noýabr 2020
Gulnar_03,ha howwa
guli_
7 Noýabr 2020
November05,Yio bilyan gosgydygyny kabirleri diyyara mena dostlarymyn soygulerini dinleyan dp menm sona diydim adam bn isim yok dp....
November05
7 Noýabr 2020
Gulnar_03,gosgy bul dineje
guli_
6 Noýabr 2020
Adam bn isim yok
November05
6 Noýabr 2020
Doctor,heh.onaryan
Doctor
6 Noýabr 2020
? ? ? Menem diñe Dostlarymyn söýgilerini dinleyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.