N.T.
N.T.
13.02.2022 14:03
Iç gysma peýdaly bolup biler... Geçirilen eksperimentde gatnaşyjylara 6-15 minutlyk pikirlenip oturmak aýdylypdyr, ýöne isleseler öñündäki duran düwmä basyp özlerine tok urduryp bilýän ekenler.
N.T.
12.02.2022 14:29
#Dogry akyl garaýşy bolan adamyñ öz

maksadyna ýetmegine hiç zat PÄSGEL

BERIP BILMEZ!!!

#Nädogry akyl garaýşy bolan adama ýer

ýüzünde hiç zat KÖMEK EDIP BILMEZ!!!


@TOMAS JEFFERSON.
10
82
N.T.
N.T.
12.02.2022 00:01
❤Söýgi❤ Gara gözleriñe aşyk bolmuşam,😋 Şol gözleriñ menden özgä bakmasyn😌. Meni ýakan dideleriñ uçguny, Menden özgäñ ýüregini ýakmasyn.😊 ❤❤❤❤❤❤ Nurana ýüzleriñ pyýala gözleñ,😍 Egsilmejek yssy mähri
N.T.
N.T.
04.02.2022 22:34
Suratdan nähili many çykardyñyz eziz agzalar🤔🤔🤔 ************* Teswirleriñize garaşýan!!!
N.T.
N.T.
02.02.2022 23:08
Hiç ýadyñdan çykarmagyn!!! 🌧🌧🌧🌧➡️🌈🌈🌈🌈
N.T.
02.02.2022 22:37
Ýaşlygyñ ýasy...

Dowamy...

11

Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky,
Altyndan dişlerem bir gün poslaýar.
Wagtyň serhetinden çykyp kosmonawt,
Garraman galanok ýaşlykda baky.

Älemde, Zeminde ýokdur, agtarma,
Baky ýaşlyk asla syganok kellä.
Gidýäň, bir gün ýene bu dünýä gelýäň,
Ýaş sen, salam berýäň goja agtygňa?!

Goý, gowsy ýatlasyn ogul-gyzlaryň.
Syýahatçy üçin has täsin häzir
Dinozawryň özi däl-de, yzlary.

Bärde galýar ýaşlyk, baýlygam, mülkem,
Goýup bilseň, daşda yzyň goýmaly.
Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin.

12

Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin,
Ýaşlyga howlugan çagalyk hany?!
Kiçjik şytyr kelle suratda galdy.
Ýylçyr gojalygam bolar, ynha, düýn.

Ýüze gasyn düşer, saçyňam düşer,
Ösmez ýaly syrar ýyllaň päkisi.
(Köşgi bezän bilbilgöýäň käkili,
Peri bir garyba bolupdyr düşek).

Girseň penjiresiz, tutusyz jaýa,
Eşitmersiň bilbilgöýäň owazyn.
Yzyňda ýaňlanar tutuk jynaza.

Almagam gerek däl ýoluňa azyk,
Ikibaka ylgamagam suw diýip.
Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy.

13

Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy,
Çölde gül gögerse, köp-dä, ah, tirjek.
Gutulma ýok gaçyp, bolup hatyrjem,
Ölüm ölüm bolar, bilmez perýady.

«Wagtyndan ir…» diýen ýalňyş jümläni
Gaýtalaýas köplenç ýerliksiz ýere.
Dogulmak babatda dogrudyr, meger,
Tüýs wagtydyr gitseň goýup dünýäni.

Ajala alaç ýok, dolsa sanalgaň.
Gül bolup küýzede ýaşajak bolmak,
Ummanda ýapyşmak ýaly samandan.

Solmaz diýselerem çyn gülüň reňki,
Düýnki gunça birigün zibile düşer.
Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki.

14

Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki,
Gümana görjegim ýene gök asman.
Gabagym oň öňün örter-de, ahmal,
Irden gök reňkine boýalar meňzim.

Indiki demimi aljagym güman,
Olaryň her biri öňden hasaply.
Gaýtalaýan adyň, gora azapdan,
Bereweri Özüň, Alla jan, iman.

Aýdylýan sözlerden ýa aýna garap,
Düşünýän ýaşlygyň geçýänne magat.
Çünki käte ýara bilemok ýarap.

Şübhesiz, geçmeli ömrüňem basym.
Hakykat ýüzüňe aýdylsa ýagşy,
Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn…».



Magistral

Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn».
Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk».
Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp,
Islän külbederden alyp garasyn.

Bir tarapy gara, bir tarapy ak,
Olar geçen gije-gündizlem ýaly.
Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli,
Emma bundan düýne bir-de gapy ýok.

Girseň hemişelik ýapylýar gapy,
Uçmahyň açarny isleýäs ýene,
Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky.

Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin,
Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy.
Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki.


Awtory:ORAZMYRAT MYRADOW.
5
23
N.T.
02.02.2022 15:24
,,Ýaşlygyñ ýasy"...

Dowamy....

9

Girseň hemişelik ýapylýar gapy,
Gussa düşegi hem ejir ýassygy
Bärde galýar, gojalygam, ýaşlygam,
Onda gum ýassanyp ýatylýar baky.

Ömür, şöhrat ýaly, injikden däl-de,
Soňlanýar müddetiň dolansoň bir gün.
Öňüň tüm, yzyňa garasaň, görgi,
Tümlük, ýagtylygyň sebäbi pälde.

Eltýär ýola däl-de, göre bu ýoda,
Düýn ýaşlygyň soňky tostun göterdim,
Ýyrtyk suratym dek döwüldi bada.

Perwana men, dört gün ygamsoň ýele,
Gül diýip gonanym dowzah ýalyny.
Uçmahyň açarny isleýäs ýene.

10

Uçmahyň açarny isleýäs ýene,
Bäşinji gün öýlän bolaýýar gijräk.
Guşlukda başymyz aýlaýar hijran,
Melgun gözel bolup özün beslese.

Ham hem süňküň arasyndan ýer tapan
Şeýtandan gorasa, goý, düşsün gasyn.
Güldürip gözlerin, açyp ýakasyn,
Onuň şägirtleri derrew şer tapar.

Serpende ýüzünden syrly perdesin,
Gara äýnek bilen goranmaýyn men.
Goý, çürkese, gasyn meni çürkesin.

Gözler kösemesin ýylan deý çakyp.
Dogry, terk etmek kyn bu dünýäň keýpin,
Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky.


Dowamy bar😉😊
8
12
N.T.
01.02.2022 22:24
ÝAŞLYGYÑ ÝASY...

DOWAMY...

5

Bir tarapy gara, bir tarapy ak,
Durmuş meňzeş çal başly bir gassaba.
Läş göwräni aýagyndan asýar ol,
Etmişli, etmişsiz, tapawudy ýok.

Nesimini, nepisligi bilenok,
Derkar oňa diňe sugry bagana.
Dogulmaga oýun, aşyk… bahana,
Ýöne muňa oýnamaga gelen ýok.

Ölmäge gelinýär, bu dünýe pany,
Tütjaram, neçjaram ölmeli ahyr.
Jany satyn alan bir kimse barmy?!

Jan alan weli bar, döküp al gany,
Garramak ne ýagşy gar düşüp saça.
Olar geçen gije-gündizlem ýaly.

6

Olar geçen gije-gündizlem ýaly,
Ynha, ýene bir gün — bir gyl agarýar.
Agarýar-da, soňra tänýär — azalýar,
Oň bilen deň damýar gözlemmiň ýagy.

Ýüze gasyn düşen garrylyk gözel,
Sugry bagana dek başda bolandan.
Garry goýun köp ýalbardy bogazka:
«Dogulmawer sugry bolup, jan guzym!»

Gözellik dünýäni edýärmi halas
Ýa-da dünýä gelip bolýarmy pida?!
Çözmeklik siz bilen, mesele, hana…

Pytransoň aýrylyp sünbülden däne,
Siňer ene ýere, birigmez gaýta.
Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli.

7

Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli,
Emma ertekide galan Akpamyk
Golaýna-da barmaz süýtli Akmaýaň,
Janam berip bolmaz ölene — gäbe.

Bir girilen derýa ikinji ýola
Giren heniz ýokdur, bolmaz indi hem.
Siliň garşysyna, aýdyň, kim ýüzen?!
Diri çykanam ýok inip girdaba.

Düýbünden peýdasyz dirilik suwy.
Ýaşlyk dolanmaýar a:l-pirim bilen,
Bugaryp, ho-ol göge gidensoň bugy.

Gojalygam geçýär, görden çykan ýok,
Açyp berselerem o dünýä işik,
Emma bundan düýne bir-de gapy ýok.

8

Emma bundan düýne bir-de gapy ýok,
Düýn haýsy, bu gün nä, olam gümürtik.
Ölüp dynýasmy biz gözel ömürden
Ýa çykýasmy görden, çatmaz akylym?!

Durmuş bizi kem-kem süýşürýär gyra,
Bu ömürden düýnem galmaz, erte-de.
(Ertiriňem birigüni bar, elbetde,
Galaryn ýazaýsam sygman çygyra).

Çünki Ýer üstünde gezip bir pursat,
Gör, näçe döwürler bolýas astynda?!
Döwlen sagat ýaly sem bolýar gursak…

Soň bir döwür okar açyp ýar haty,
Ýöne ýaşlyk bukja däldir açara.
Girseň hemişelik ýapylýar gapy.


ÝENE DOWAMY BAR😋😉😊
7
54
N.T.
N.T.
31.01.2022 22:25
Wagt geler dp garaşmañ!!! Siz wagta garaşýançañyz wagt sizden soraşman deñiñizden gecip gider. Muny duýmanam galarsyñyz!!!
N.T.
N.T.
31.01.2022 14:48
Hayatta 4 şeyden asla vazgecmeyin!!!