https://owrenmeli.app/19566-sonetler-cemeni.html#comment
N.T.
02.02.2022 22:37
Ýaşlygyñ ýasy...Dowamy...
11
Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky,
Altyndan dişlerem bir gün poslaýar.
Wagtyň serhetinden çykyp kosmonawt,
Garraman galanok ýaşlykda baky.
Älemde, Zeminde ýokdur, agtarma,
Baky ýaşlyk asla syganok kellä.
Gidýäň, bir gün ýene bu dünýä gelýäň,
Ýaş sen, salam berýäň goja agtygňa?!
Goý, gowsy ýatlasyn ogul-gyzlaryň.
Syýahatçy üçin has täsin häzir
Dinozawryň özi däl-de, yzlary.
Bärde galýar ýaşlyk, baýlygam, mülkem,
Goýup bilseň, daşda yzyň goýmaly.
Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin.
12
Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin,
Ýaşlyga howlugan çagalyk hany?!
Kiçjik şytyr kelle suratda galdy.
Ýylçyr gojalygam bolar, ynha, düýn.
Ýüze gasyn düşer, saçyňam düşer,
Ösmez ýaly syrar ýyllaň päkisi.
(Köşgi bezän bilbilgöýäň käkili,
Peri bir garyba bolupdyr düşek).
Girseň penjiresiz, tutusyz jaýa,
Eşitmersiň bilbilgöýäň owazyn.
Yzyňda ýaňlanar tutuk jynaza.
Almagam gerek däl ýoluňa azyk,
Ikibaka ylgamagam suw diýip.
Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy.
13
Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy,
Çölde gül gögerse, köp-dä, ah, tirjek.
Gutulma ýok gaçyp, bolup hatyrjem,
Ölüm ölüm bolar, bilmez perýady.
«Wagtyndan ir…» diýen ýalňyş jümläni
Gaýtalaýas köplenç ýerliksiz ýere.
Dogulmak babatda dogrudyr, meger,
Tüýs wagtydyr gitseň goýup dünýäni.
Ajala alaç ýok, dolsa sanalgaň.
Gül bolup küýzede ýaşajak bolmak,
Ummanda ýapyşmak ýaly samandan.
Solmaz diýselerem çyn gülüň reňki,
Düýnki gunça birigün zibile düşer.
Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki.
14
Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki,
Gümana görjegim ýene gök asman.
Gabagym oň öňün örter-de, ahmal,
Irden gök reňkine boýalar meňzim.
Indiki demimi aljagym güman,
Olaryň her biri öňden hasaply.
Gaýtalaýan adyň, gora azapdan,
Bereweri Özüň, Alla jan, iman.
Aýdylýan sözlerden ýa aýna garap,
Düşünýän ýaşlygyň geçýänne magat.
Çünki käte ýara bilemok ýarap.
Şübhesiz, geçmeli ömrüňem basym.
Hakykat ýüzüňe aýdylsa ýagşy,
Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn…».MagistralKöp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn».
Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk».
Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp,
Islän külbederden alyp garasyn.
Bir tarapy gara, bir tarapy ak,
Olar geçen gije-gündizlem ýaly.
Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli,
Emma bundan düýne bir-de gapy ýok.
Girseň hemişelik ýapylýar gapy,
Uçmahyň açarny isleýäs ýene,
Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky.
Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin,
Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy.
Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki.Awtory:
ORAZMYRAT MYRADOW.
5
23