Mugallymgyz🌸
Mugallymgyz🌸
31.08.2022 17:35
Sizdede seylemay
Mugallymgyz🌸
Mugallymgyz🌸
11.08.2022 00:25
Günüň sözi
Mugallymgyz🌸
08.08.2022 15:22
Okan kitaplarymyň birinde «Awtor öz kitabyny okajaklar üçin ýazsa-da, okyjylar ony awtor üçin okamaýarlar» diýen jümlä gabat gelipdim.

Ýazyjy gör, nähili pidakär adam!
14
145
Mugallymgyz🌸
03.08.2022 22:28
Okuwa-da gatnaýardym, türgenleşige-de. Onuň daşyndan her gün 5 sagat gurluşykda-da işleýärdim. Sebäbi ol wagtlar türgenleşik edýänlere hiç hili hak tölenmeýärdi. Güzeranymy aýlamaga-da pulum ýokdy. Şonuň üçinem işlemeli bolýardym. Hepdede 4 gün agşam sagat 8-den gije sagat 12-ä çenli dowam edýän aktýorçylyk kursuna-da gidýärdim. Şularyň hemmesine-de ýetişýärdim! Bir minutymy hem bihuda sarp etmeýärdim. Şeýdibem men şu günki derejäme ýetdim.

20 ýaşymda Londona gidip, «Mr. Universe» bäsleşigine gatnaşdym. Iň ýaş türgen hökmünde ýeňiş gazandym. Sebäbi meniň maksadym bardy. Eger siz hem geljegiňiz üçin öňüňizde belli bir maksat goýmasaňyz, alan galaňyz bolmaz.
8
155
Mugallymgyz🌸
Mugallymgyz🌸
02.08.2022 14:18
Alladan dilänim alnymdan çykyp, Meni bagta sary iterip barýar. Ol meni: «Namysym, mertebäm!» diýip, Golunda tug deýin göterip barýar. Gözlerini görejime dikende, Ady maňlaýyma ýazylyp gitsin. Ol —
Mugallymgyz🌸
31.07.2022 14:03
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts bilen bolan interwýularyň birinde ondan: «100 ýaşa ýeteniňizde-de kitap okamagyňyzy dowam ederdiňizmi?» diýip soraýarlar. Muny kitaphon tanyşlarymyň birine gürrüň berenimde, ol:

— Sowaly kitap okamaýan adamyň berendigi bes-belli-dä» — diýip jogap berdi. Men:

— O nähili? — diýenimi duýman galdym.

— Olar kitaby baýamak üçin, ýa bolmasa güýmenje üçin okanoklar. Bir zat öwrenmek üçinem okaýandyrlar öýdemok. Olar kitaby okaman durup bilmeýändikleri üçin okaýarlar.

Men onuň aýdanlaryna doly düşünmedim:

— O nähili okaman durup bilenoklar?! Beýle zat mümkinmi?

— Kitaby düýbünden okap bilmeýänlerem bar. Şolaryňky mümkin bolsa, okaman durup bilmeýänleriňki mümkin bolup bilmezmi?



Onuň sowalyna jogap berip bilmedim. Bu ritoriki sowaldy. Jogap talabam etmeýärdi.
12
132
Mugallymgyz🌸
30.07.2022 16:04
Häzirki döwürde ata-eneler tejribeli mugallymyň gözleginde. Ýatdan çykarmalyň mugallymlaram gowy ata-enäniň gözleginde. Ata-enesi terbiýelemedik çagany terbiýelemek örän kyn.

Pedagog
9
138
Mugallymgyz🌸
29.07.2022 20:54
Okuwçy mugallymyny gowy görse, onuň sapagyny hem gowy görýändir. Ýagny ilki ýürege, soňra beýnä täsir edip bolyar.

Dogan Jüjelogly
8
115
Mugallymgyz🌸
16.07.2022 15:07
Hiç bir ene-ata, mugallym çagasynyň zehininden gapyl galmaly däldir. Oňa biperwaý garalmagy geljekde ummasyz hasyl berjek miweli daragtyň ýöne bir çybyk bolup galmagyna sebäp bolan ýalydyr!
14
200
Mugallymgyz🌸
07.07.2022 16:44
Käte bir çaganyň durmuşyny ýekeje mugallym üýtgedýär, Käbir çagalar mekdebe şu gün diňe şol mugallym üçin gelýär. Ana, şol mugallym siz boluň! Özi-de her gün boluň…
19
86