Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts bilen bolan interwýularyň birinde ondan: «100 ýaşa ýeteniňizde-de kitap okamagyňyzy dowam ederdiňizmi?» diýip soraýarlar. Muny kitaphon tanyşlarymyň birine gürrüň berenimde, ol:
— Sowaly kitap okamaýan adamyň berendigi bes-belli-dä» — diýip jogap berdi. Men:
— O nähili? — diýenimi duýman galdym.
— Olar kitaby baýamak üçin, ýa bolmasa güýmenje üçin okanoklar. Bir zat öwrenmek üçinem okaýandyrlar öýdemok. Olar kitaby okaman durup bilmeýändikleri üçin okaýarlar.
Men onuň aýdanlaryna doly düşünmedim:
— O nähili okaman durup bilenoklar?! Beýle zat mümkinmi?
— Kitaby düýbünden okap bilmeýänlerem bar. Şolaryňky mümkin bolsa, okaman durup bilmeýänleriňki mümkin bolup bilmezmi?
Onuň sowalyna jogap berip bilmedim. Bu ritoriki sowaldy. Jogap talabam etmeýärdi.