Miss_Minnosh❤️
20.02.2024 00:07
Daliden gelyan hatlar.(3-nji bolum)
Men däli hana baryp gaýdamsoň aradan 2 hepde geçip-geçmäkä meň öýüme ýene bir hat geldi: Salam Plany Planyýew. Men siziň baryp gaýdan dälihanaňyzyň ýolbaşçysy. Siz meň ýanyma gelip, size biziň dälihanamyzdan gelýän hatlar barada binjalyk boldyňyz. Elbetde men sizi şonda aldamaly boldym. Hakykatda men dalihanaň adyndan gidýän hatlardan habarym bar. Ol hatlar diňe size däl eýsem dälihanaň işgärlerne we şol sanda maňada gelýär. Siz dogry düşiner ýaly men size bar zady yzgider aýdyp bereýin. Men entek orta ýaşly döwürlem siziň gören dälihanaňyzyň baş lukmanydym. Şol wagyt bize täze näsagy getirdiler. Geň ýeri ol entek ýaş oglandy we hiç kim bilen gürleşenokdy. Biziň dälihanamyzyň üýtgeşik ýeri, aňyňa täsir edýän täze derman serişdeleri näsaglarda barlap görýärdik, elbetde hökümediň talaby, gitjek ýeri ýok. Şol täze gelen oglanjykda derman serişdeleri barlamyzda ol gaty erbet kelle agyrlardan kösenýädi we gijelerne ýatyp bilenokdy. Şeýdip ol oglanjyk 4 ýyldan soň öldi. Ol oglanyň ölenine 40 gün geçensoň dälihanaň işgärleri her hili hatlar alyp ugradylar. Ol hatlaryň ugradylan adresi siziň baryp gaýdan dälihanaňyz. Şol ölen oglanjyga degişli bolan, azar beren ýa-da kömek eden adamlaň bary dälihanaň adyndan dürli hatlar alyp ugradylar. Hat şeýle sözler bilen gutarýar. Mende hiç hili söz galmady. Elbetde men tazeden ol dälihana baryp gaýtmagy we ol ýeriň ýolbaşçysy bilen gürleşmegi ýüregime düwdim...
Dälihanaň ýolbaşçysyndan gelen haty alamsoň men eglenmän ýene şol şähere ýola düşdim. Däli hanaň ýolbaşçysy meni kabul etdi, ýöne ol maňa gelen haty ýazandygyny boýun almady. Ýolbaşçyň sözleri şeýle; Size gelen hatdaky zatlar dogry. Hakykatdanam bize bir oglanjyk geldi we ol 4 ýyldan soň öldi. Ýöne synag edilýän derman serişdelerinden däl, öz bejerip bolmaýan keselinden öldi. Oglanjyk ölenden soň hakykatdanam däli hanaň adyndan dürli hatlar dürli ýerlerik ugradylyp ugrady. Esasan işgärlere bardy hatlar. Men ylym işgäri hökmünde ar alýan ruh we başga zatlara ynanamok, ýöne hatlaryň kim tarapyndan ugradylýanyny biz bilemzok. Oglanjyk bolsa ýaşlykdan akyly üýtgän, ony bize başga bir keselhanadan geçirdiler. Men entegem ol oglanyň keseli barada oýlanýan we belli diýagnaz goýup bilemok. Oň keseli entek medisina belli däl. Ol oglan özüni gaty geň alyp barýady, hiç kim bilen gürleşenok. Gelen döwürleri asla nahar iýmekden boýun gaçyrdy, biz näme etjegimizi bilmedik. Bolsada medsestra gyzlaryň biri oň bilen umumy dil tapdy we oglanjyk şol gyzyň beren naharyny iýip ugrady. Oglanjyk ölenden soň oňa öwrenşen medsestra gyz işden çykyp gitdi, belki ol oglanjyga öwrenşendir we dälihanaň dywarlary onda erber ýatlamalary oýarýandyr, biz bilemzok. Näme bolsada oglanyň ölüminden soň bir aýdan gowrak wagyt geçip dälihanaň işgärlerine herhili hatlar gelip ugrady. Hatlar öz düzümi boýunça gaty dürli. Bir hatda alkyş okalsa bir hatda diňe gargyç. Işgärlere barýan hatlar dälihanaň adyndan, ýagny işgärleň iş ýerinde, özem şol ölen oglanyň ýatan otagy adresda gökezilen. Işgärler bir bada bar zada oýundyr öýdip hatlary maňa getirip okatýardylar. Soň ol hatlaryň düzimü üýtgedi. Meň işgärlerden eşidişime görä hatyň düzüminde hiç kime belli bolmadyk maşgala syrlary ýaýradylyp ugrady. Mysal üçin bir işgäre seň aýalyň plany bilen gezýär, eger tutasyň gelse plan ýerik diýip gidende yzyna düşäý. Gelýän hatlaryň esasynda maşgalalar dagap ugrady. Işgärler işden çykyp ugradylar. Keselhanada her hili gorkynç rowaýatlar we başga aklyňa sygmajak zatlar ýaýrady. Gijeki nobatçy toparlaryň biri, hamala ölen oglanjygy, gije karidorlaryň birinde aglap ýören sesi eşidilýändigini barada gep ýaýradyp ugrady. Garaz oglanyň yzy bilen tutuş keselhanaň akly alaşdy. Köne işgärlerden diňe men galdym. Galany çydaman pytradylar. Elbetde hemme kişä erbet hatlar gelmedi, içinde gowy hat alanlaram bar. Ýöne ol adamlaram keselhanada ýaýradylýan rowaýatlardan soň işden çykdylar. Dogrysy her hili hatlar meň hem oý salgyma gelýärdi. Meň öýüme gelen iň soňky hat meni gaty geň galdyrdy. Ol hatyň düzümi şeýledi; Diňe sen galarsyň, şol gargyş siňen ýerde, bolan zatlary hemme kişä gürrüň bermek üçin. Elbetde men hatyň näme aňladýanyny bilýädim. Ol gelen iň soňky hatyň ugradylan adresi meni geň galdyrdy. Dälihana derek başga bir ýaşaýyş jaýyň salgysy görkezlendi. Men ol salga baryp gördim. Ol ýerde bir garry aýal ýaşaýardy. Ol aýal ugradylýan hatlar barada hiç zat bilemok diýdi, men näme üçindir oňa ynandym. Garaz syrly hatlar baradaky tapmaçadan men ýadadym. Dälihanaň işgärleri tutuş çalşansoň hatlar gelmäni goýdy. Belki ol käbir işgärleriň öýüne entegem gelýän bolmagy mümkin men bilemok. Ýöne uzak wagyt dinçlikden soň bir erkek adam eli hatly bärik geldi. Oň elinde bir topar hat bardy. Ol hatlaryň bary hamala biziň dälihanamyzdan ugradylanmyşyn. Ol adam hat ugradýan näsagy göresim gelýär diýdi. Men ol hatlar bir ýowuz oýundyr diýip ol erkek kişini ugratdym. Soň ol erkek gaýdyp gelmedi. Ýöne oňa biziň dälihanamyzdan gelen hatlaryň birini men alyp galdym, belki ol erkek bermezdi, ýöne men ýazylan haty näsaglaň "poçerki" bilen deňeşdijek diýip alyp galdym. Garaz ol erkek ýitip gitdi. Soň az salymdan bir aýal peýde boldy. Oň elundede biziň dälihanamyzdan gelen hatlar bardy, ol aýal hem syrly ýazjyny gözleýärdi. Ol aýal menden doly jogap alman ýitip gitdi we soň görünmedi. Özüne gelýän hatlar barada maňa hiç zat aýtmady. Indi ençeme wagytdan soň siz gelýäňiz eliňiz hatly. Men dogrymy aýtsam bu hatly waka hiç haçan gutarar öýdemok. Garaz ýolbaşçy sözlerini şeýdip gutardy. Men oň sözlerini bölmän diňledim. Soňundan men ondan şol erkek kişiden hile bilen alan hatyny soradym. Ol ýolbaşçy pikirlenmän haty maňa berdi. Ol hat 4-nji hat; Gadyrdan kaka, men söz berşim ýaly ýenede saňa ýazýan. Meň ýagdaýlam gowy, şoň üçin meni sorajak bolup alada galmaň. Elbetde meni keselhana tabşyransoňyz siziň oglyňyz bolandyr. Men jigimiň bolanyna begenýän. Elbetde men jigim bilen irde giçde görüşerin. Ol meň bardygym barada bilýänem däldir. Ýöne zyýany ýok, men seň we ejemiň ölüminden soň jigim bilen hökman tanşaryn. Ejeme we jigime gowja seret kaka. Esasanam ejeme. Bu 4-nji haty alyp men ýolbaşçy bilen hoşlaşyp öz öýüme gaýtdym.
✨DOWAMY BAR.✨
38
122
4
Miss_Minnosh❤️
19.02.2024 23:02
Daliden gelyan hatlar.(2-nji bolum)
Birinji haty alanymdan 4 aý geçenden soň men 2-nji haty aldym. Ol hat şol bir däli hanadan ugradylypdyr. Ikinji hatdan soň meň kelläme gorkyly pikir geldi. Haty ugradýan kimem bolsa ol meň öý salgymy bilýär. Men boş wagyt tapyp şol däli hana gitdim. Ol däli hana biziň şäherimizden daşyrakda ýerleşsede gidip ol hat ýazyjyny öz gözlerim bilen göresim geldi. Men hatyň yzynda görkezilen adresdaky däli hanany tapyp, oň ýolbaşçysy bilen duşyşyp maňa gelen haty görkezdim. Dälihanaň ýolbaşçysy gowy adam bolup çykdy, maňa öz wagtyny sarp etdi. Ol adam maňa gelen iki hatam üns bilen okap görüp, öz keselhanasynda bu hatlary ýazyp biljek syrkawyň ýokdygyny aýtdy, we ol hatlar kimdir biriniň ýowuz oýnydyr diýip meni ynandyrjak boldy. Ýolbaşça men dälihana diýip gürleýän sözlem ýaramady öýdýän. Biziň gürüňdeşligimizde her gezek men dälihana diýemde ol meni keselhana diýip düzedýärdi, her gezek men däli sözüni agzamda ol näsag diýip meni düzedýär. Meň ýitiren wagtym biderek boldy ýöne ýolbaşçy bilen duşuşyk meni begendirdi. Näme diýseňem däli syrkawlary sylaýan ýolbaşçyň bardygyny bilmek ýakymly. Näsaglar barada maglumaty bermekden ýolbaşçy düýbünden boýun gaçyrdy. Sebäbi bu hereket kanuna laýyk däl. Maňa gelen iki hat ýuwuz oýundyr diýen pikir bilen men öýüme tarap ugradym. Ikinji hatyň mazmyny: Gadyrdan doganym elbetde bizi ýuwuz ykbal aýra saldy, ýöne sen gynanma. Meni bejerýän lukman meň irde giçde sagaljagyma ynanýar. Eger şeýle bolsa, a men oň şeýle boljagyna ynanýan, biz hökman ýene bileleşeris. Elbetde saňa köp zat barda gürüň beresim gelýär, ýöne men köp ýazyp bilemok, bejergi dermanlaň täsirinden meň ellem titreýär. Meň ugradan sowgadym seň göwnüňe ýarandyr diýip umyt edýän. Indiki doglan günüňe Ejemiziň ölümine sebäp bolan zady ugradaryn. Indiki hata çenli hoş gal.
✨Dowamy bar✨
33
128
12
Miss_Minnosh❤️
19.02.2024 17:01
Däliden gelyan hatlar.(1-nji bolum)
Maňa biri dälihanadan hat ýazýar. Men haýran dälihanadan diýen adresli hatlary hat gatnadyjy gulluklar kabul edişini. Elbetde kabul edýändir bolmasa ýazmazdylar. Hat şol bir adamdan gelýär. Oň hakyky ady maňa belli däl, ýöne ol men barada köp zat bilýär. Oň ugradan her bir haty "Gadyrdan doganym" diýip başlaýar. Dälihanadan iň birinji hat men 33 ýaşamda geldi. Ol haty ýazan adam meň doglan günimi takyk bilýän eken, we hat meň doglan günümiň 7 gün yz ýanyndan geldi. Hatyň mazmuny: Gadyrdan doganym, sen şu gün, ýagny Awgust aýynyň 22-ne 33 ýaşadyň. Elbetde men seni gutlamagy özüme makul bildim. Çaklaşym çyn bolsa sen men barada hiç zat bilmeli däl. Ejemiz we kakamyz bir eýam ölen bolmaly. Eger şolar saňa aýtmadyk bolsa hiç kim aýdan däldir. Biz ikimiz süýtdeş dogan, ýöne elbetde 33 ýaşda öz doganyň barada bilmek gaty geň bolsa gerek. Nämede bolsa garyndaşlyk baglanşyklaryny kesip bolmaz. Meň özümi duýşym gowy, meni soramak we görmäne gelmek zerur däl. Ýenede bir gezek seni doglan günüň bilen gutlaýan. Meň saňa sowgadym hatly konwerdyň içindedir. Hat şeýdip gysgajyk gutardy. Hat gelen konwerdiň içinde lezwi çykdy. Ol lezwi gabyndan açylan we pos tutyp giden, ýiti taraplrynda gatap giden gara tegmiler bar. Ýalňyşmasam ol tegmiller gatap giden gan öýdýän. Bu wakada geň ýeri meň kakam öz damarlaryny lezwi bilen dilip özüne kas edip öldi. Yz ýanyndan ejem hem köp eglenmän alada gaýgydan garrap, solup ölüp gitdi. Haty alamda birinji kellä gelen zat ýakyn tanyşlardan biri ýowuz oýun edendir öýtdim, ýöne beýle oýun edip biljek tanşym ýokdy. Ikinji kellä gelen waryýant haty meni gaty ýigrenýän biri menden ar almak üçin ugradandyr öýütdim. Ýöne näçe kelle döwsemem meni ýigrenýän adam hiç kellä gelmedi. Men hat barada ýadymdan çykardym, ýöne dali hanadan gelen ikinji hat meni haty ugradan ýazyjyň gözlegine çykmagy mežbur etdi.
✨Dowamy bar✨
35
148
9
Miss_Minnosh❤️
18.02.2024 08:52
#SeniňPikriňçe
1.Öwrenmeliñ iň akylly agzalary ?
2.Öwrenmeliñ iň owadan Gyzlary/Oglanlary ?
3.Öwrenmeliñ suwjuk agzalary ?
4.Öwrenmeliñ agras agzalary ?
5.Öwrenmeliñ kämahal ýarylaýjak bolýan,iň gaharly agzalary ?
6.Öwrenmeliñ aňsat-aňsat gahary gelmeýän,şadyýan agzalary ?
7.Öwrenmela iň gerekli agzalar ?
8.Öwrenmeliñ garrylary ?
9.Öwrenmeliñ çagalary ?
10.Öwrenmelide iň degişgen agzalar ?
11.Öwrenmeli has gowy bolmagy üçin,programma nämeler goşulmaly ýa-da aýrylmaly ?
12.Öwrenmelide iñ kop profil surat calysyan agzalar?
13.Öwrenmeli nahili programma
Öwrenmeli bilen galyn :)
Jogaplara garasyan :)
44
802
102
Miss_Minnosh❤️
17.02.2024 20:36
Özünki guwansyn özgâñki gynansyn Geşmişdâkiler ökünsün✌️
32
49
1
Miss_Minnosh❤️
16.02.2024 21:17
Başgalañ telini gelyan sms:
Salam balam sag amanja turdunmy ya-da Sag amanja yatyp tur gülüm
Menin telime gelyan sms:
Hormatly watandaşlar! Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde elektrik-gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmelidigiňizi, öýüňizden we iş ýerleriňizden gitmezden öň, olary öçürmelidigiňizi ýatladýarys! TIIM-niň ÝHG.
Hany adalat😅😅😅
38
355
7
Miss_Minnosh❤️
16.02.2024 16:22
🔴Adamlar alty duýgynyň kömegi bilen töwerekdäki giňişlik hakda maglumat alýarlar. Olar: gulak, göz, deri, dil, burun we westibulýar apparat.
🔴Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragynyň görüş organlary bilen baglanyşykly keselleri bar.
🔴Artykmaç iýmitlenmek eşidişe ýaramaz täsir edýär.
🔴Adamlar gaty iýmitiň tagamyny diňe tüýkülik bilen täsir eden soň duýýarlar.
🔴Dünýä ilatynyň 2% iniň ys alyş synasy ösmedik.
🔴Adam bir zady eşitmek islese sag gulagyny sesiň çeşmesine geçirýär, hatda iki gulagy deň eşidýänem bolsa.
🔴Ys almak duýgusyny ýitiren adamlar jynsy isleglerini hem ýitirýärler.
🔴Mawy gözli adamlaryň hemmesi, takmynan, 6000 ýyl ozal bedeninde üýtgän gen dörän şol bir ata-babadan gelip çykypdyr.
🔴Adamyň gözi 10 million ýyla çenli reňk saýgaryp bilýär.
🔴Adam beýnisiniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukuby örän ýokarydyr. Şonuň üçin adamlaryň belli bir pursatda duýýan zatlarynyň hemmesi, aslynda, durmuşynyň öňki pursatyna degişlidir.
🔴Adamyň gözüniň retinasy dünýäni tersine görýär, soňra beýni ony tersine öwrüp şekillendirýär.
🔴Düşünjeli ýaşda görejini ýitiren adamlar ukusynda dünýäni görmegi dowam etdirýärler.
🔴Doglan wagtyndan kör bolan adamlar umuman düýş görmeýärler.
🔴Täze doglan bäbekler, takmynan, 40 sm aralykdaky zatlary tapawutlandyrýarlar.
🔴Gara gözli adamlaryň köpüsi Türkiýe we Portugaliýada ýaşaýarlar.
🔴Statistiki hasaplamalara görä, ortaça aýallar bir ýylda 50 gezek, erkek adamlar bolsa 7 gezek aglaýarlar.
🔴Pagta çigidiniň nädogry peýdalanylmagy sebäpli her ýylda 300 müňden gowrak adam eşdişini ýitirýär.
🔴Gök gözli adamlar goňur gözli adamlara seredende, garaňkyda gowy görýärler.
🔴Tagam bilmek ukuby çagada dogulmazdan öň emele gelip başlaýar.
🔴Adamyň dili 5000 tagamy duýup bilýär.
35
114
4
Miss_Minnosh❤️
14.02.2024 00:30
𝙾𝚗𝚎𝚖 𝚒𝚔𝚒 𝚍𝚊𝚢𝚣𝚊 𝚐𝚞𝚛𝚛𝚞𝚗 𝚎𝚍𝚢𝚊𝚛𝚖𝚒𝚜
𝙶𝚎𝚕𝚒𝚗𝚔𝚊𝚔 𝚍𝚞𝚛𝚖𝚞𝚜𝚍𝚊 𝚐𝚘𝚛𝚖𝚎𝚍𝚒𝚔 𝚜𝚎𝚛𝚋𝚎𝚝
𝙹𝚘𝚛𝚊𝚓𝚊𝚗 𝚗𝚊𝚜𝚒𝚗𝚒 𝚊𝚢𝚝𝚢𝚊𝚗 𝚍𝚒𝚢𝚜𝚎𝚗𝚎
𝚂𝚎𝚋𝚊𝚙 𝚐𝚊𝚢𝚢𝚗𝚎𝚗𝚎𝚖𝚒𝚣 𝚎𝚛𝚋𝚎𝚝𝚍𝚒 𝚎𝚛𝚋𝚎𝚝
𝙶𝚞𝚗 𝚞𝚣𝚢𝚗 𝚒𝚐𝚎𝚗𝚒𝚙 𝚐𝚎𝚌𝚎𝚛𝚍𝚒 𝚙𝚊𝚑𝚢𝚛
𝙱𝚒𝚕𝚖𝚎𝚣𝚍𝚒 𝚝𝚘𝚗𝚗𝚊𝚕𝚊𝚙 𝚐𝚘𝚢𝚜𝚊𝚗𝚍𝚊 𝚑𝚘𝚛𝚖𝚊𝚝
𝙸𝚗𝚍𝚒 𝚐𝚊𝚢𝚢𝚗 𝚌𝚢𝚔𝚍𝚢𝚔 𝚍𝚒𝚢𝚒𝚙 𝚋𝚎𝚐𝚎𝚗𝚜𝚎𝚔
𝚃𝚘𝚛𝚞𝚖𝚒𝚣𝚎 𝚐𝚎𝚌𝚎𝚗 𝚐𝚎𝚕𝚒𝚗𝚕𝚎𝚛 𝚎𝚛𝚋𝚎𝚝
28
73
0
Miss_Minnosh❤️
13.02.2024 18:59
Möjek
Möjek ýyrtyjylar synpynyñ itler maşgalasyna degislidir.Ol yer yuzunde iñ kop yayran jandarlaryñ biridir.Ol esasan daglyk,duzluk,çollük we derýa yakalarymdaky jeññelliklerde ýaşaýarlar.Möjek erkeginiñ agramy 70 kg bolup,urkaçysynyñ agramy 50 kg yetyar.Göwrelilik dowri 64 gün.2 den 4 e cenli mojek cagasyny dogurýarlar.Onuñ esasy iymiti:oñurgaly haywanlar gemirijiler suydemdirijiler bolup ka halatlarda maslyk bilen iymitlenýärler.Möjek 14-15 ýaşaýarlar.
35
140
13
Miss_Minnosh❤️
07.02.2024 00:00
Salam agzalar giç yagsy.Öwrenmeliñ sahyrlarynyñ haysynyñ gosgularyny halaýanyz
1
@Mandarin
2.
@Awgust
3.Ylham Gurbanaly
4.Baýram Bejidow
5.
@Gulia
Maksatmyradowna
Kom bellañ :)
Öwrenmeliñ sahyrlaryna respect🌟
44
507
59
Yene yükle