Miss_Minnosh❤️
16.02.2024 16:22
🔴Adamlar alty duýgynyň kömegi bilen töwerekdäki giňişlik hakda maglumat alýarlar. Olar: gulak, göz, deri, dil, burun we westibulýar apparat.

🔴Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragynyň görüş organlary bilen baglanyşykly keselleri bar.

🔴Artykmaç iýmitlenmek eşidişe ýaramaz täsir edýär.

🔴Adamlar gaty iýmitiň tagamyny diňe tüýkülik bilen täsir eden soň duýýarlar.

🔴Dünýä ilatynyň 2% iniň ys alyş synasy ösmedik.

🔴Adam bir zady eşitmek islese sag gulagyny sesiň çeşmesine geçirýär, hatda iki gulagy deň eşidýänem bolsa.

🔴Ys almak duýgusyny ýitiren adamlar jynsy isleglerini hem ýitirýärler.

🔴Mawy gözli adamlaryň hemmesi, takmynan, 6000 ýyl ozal bedeninde üýtgän gen dörän şol bir ata-babadan gelip çykypdyr.

🔴Adamyň gözi 10 million ýyla çenli reňk saýgaryp bilýär.

🔴Adam beýnisiniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukuby örän ýokarydyr. Şonuň üçin adamlaryň belli bir pursatda duýýan zatlarynyň hemmesi, aslynda, durmuşynyň öňki pursatyna degişlidir.

🔴Adamyň gözüniň retinasy dünýäni tersine görýär, soňra beýni ony tersine öwrüp şekillendirýär.

🔴Düşünjeli ýaşda görejini ýitiren adamlar ukusynda dünýäni görmegi dowam etdirýärler.

🔴Doglan wagtyndan kör bolan adamlar umuman düýş görmeýärler.

🔴Täze doglan bäbekler, takmynan, 40 sm aralykdaky zatlary tapawutlandyrýarlar.

🔴Gara gözli adamlaryň köpüsi Türkiýe we Portugaliýada ýaşaýarlar.

🔴Statistiki hasaplamalara görä, ortaça aýallar bir ýylda 50 gezek, erkek adamlar bolsa 7 gezek aglaýarlar.

🔴Pagta çigidiniň nädogry peýdalanylmagy sebäpli her ýylda 300 müňden gowrak adam eşdişini ýitirýär.

🔴Gök gözli adamlar goňur gözli adamlara seredende, garaňkyda gowy görýärler.

🔴Tagam bilmek ukuby çagada dogulmazdan öň emele gelip başlaýar.

🔴Adamyň dili 5000 tagamy duýup bilýär.
35
114
ideallider
15 Mart 2024
Pagta çigidi barada näme diýildigi düşünmedim?
yurek
16 Fewral 2024
6 njy gaty dogry
yurek
16 Fewral 2024
Gaty gowy post ☺
yurek
16 Fewral 2024
@Kmg gurt, towaaa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.