Miss_Minnosh❤️
25.02.2024 21:00
Manyly suratlar
40
183
Miss_Minnosh❤️
23.02.2024 19:59
Bal suyji baldanam bala süýji😘
28
59
Miss_Minnosh❤️
23.02.2024 11:34
Dürli kärlerde ulanylýan ýalanlar

Satyjy: bizede şol bahadan gelýä

Maşyn söwda edýän: degimi ýok

köwüş satýan: geýiberseň giňeýä

mollym: okasa biljek çaga
39
205
Miss_Minnosh❤️
23.02.2024 00:00
Salam😇öwrenmeliniñ gerçek yigitleri👨‍💼👨‍💼 sizi bayramyñyz bilen gutlaýan size jan saglyk❤️işleriñizde ustunlik🥇 mydama yùzuñiz ýylgyryp😊durmagyny.Öýlenen agzalarymyz🤵🏻‍♂️👰🏻‍♀️ gelinleri çagajykalary👼🏻 bir ömrum bagtly durmus gecirmegiñizi.Öýlenmedik agzalar🤵🏻‍♂️durmusdaky ýekeje taýyñyzy tapyp👰🏻‍♀️söýüp hem söýlüp❤️ ýaşamagyñyzy arzuw etyan.Baýramyñyz gutly bolsun🥳🥳🥳

@Miss_Minnosh❤️
34
144
Miss_Minnosh❤️
22.02.2024 19:57
Yylgyralyn birazajygam bolsa...

Ayaly ertirlik uchin yumurtga chakjak bolup durka,anyrdan ari ylgap gelyar:
- seresap bol,SERESAP BOL diyyan,yagy kopurak guy!
Allajan, sen name uchin kop yumurtga chakypsyn? GATY KOP YUMURTGA.
Beylesine owur! BEYLESINE OWUR diyyan chaltrak bol,yagyny kopurak guymaly ekenin, GUYSANA BOL!!!
Allajan,seresap bol,seresap bolsana!!!
Sen yumurtga chakanda hich dinlanok meni,HICH wagt dinlanok!
Owur beylesine,my sen,sana diyyan!
Duz sepmani yatdan chykarma,DUZ SEP diyyan,her gezek duzlanok, DUZ ULAN, DUUUUZ diyyan men sana!
Ayaly gen galyp:
- name boldy gyyw sana,name men yumurtga chakyp bilmeyane menzeyanmi?
- ezizim men dine sana mashyn suremde gapdalymda otyranda sen ozuni nahili alyp baryanyny gorkezjek boldum.


Ayaly balkonda:
- boldy, men sabyr kasam doldy,ozumi oklajak indi,men shu oyin ishinden,nahar bishirmesinden,kir yuwmasyndan,sen mana edyan biwepalyklandan halys yadadym,ayyr elini itme meni...


Her gezek ayalym bilen sowushemizde men ona yokardan seredyan,oyde erkegin ornynyn beyik bolmalydygyny shkafyn ustunde dushundirmek ansat bolya...


Duyn dostlaryma "Telefonymy tapamok,jan etsene" diyp sms ugratdym. Hemmesi diyen yaly jan etdi...


Bir adam ichgili oyune gelip,ayalyna bildirmejek bolup noutbugy achyp,guymenen bolyar,ayaly gelip:
- yercheken yene ichdinmi? Yap chemedany, bar yat...


Oljek bolup yatan ayaly:
- ezizim men sonky dem:de yatyrn,dogryny ayt, mana ikilik etdinmi hey?
- mena aytsam, senem olmesen...
34
212
Miss_Minnosh❤️
22.02.2024 15:51
Zalym ykbal

Bir wagtlar men gaty bagtly gyzdym ejem bardy, kakam bardy, doganym bardy. Biz asyl 5 dogandyk. Men öýüň ýekeje gyzy bolamsoň lälikdim. Ejemden, kakamdan öýkelän bolardym. Emma men ýaňy bir 8-nji synpa ätlämde ejemjan agyr keselläp aradan çykdy. Bu ykbalyň maňa ilkinji zarbasydy öňler okuwa tahýaly gitsem soň ejemjanyň ýyly geçýänçä gara ýalykly gatnadym. Kä gijeler daňa çenli aglaýadym soňam ýüzümi çişirip okuwa gidýädim kakam maňa hemişede mert bolmagy ündeýädi. Wagt geçýädi menem ýuwaş-ýuwaş ejesizlige öwrenişýädim. Ýaňy bir öwrenşip başlamda 10-njy synpda-da kakamjan bilen doganym Seýrany ikisini bir günde ýitirdim şeýdip biziň öýümizden ýene-de jeset çykdy.Şol gün men içimiň ýangynjyna şeýle bir gülüpdim soňabaka demeim gysylyp başlady. Kakasy bilen dogany ölen gyzyň aglaman gülüp oturanyny geň gördüler. Meň kelläm üýtgändir öýtdiler.Bulam maňa ykbalyň ikinji zarbasydy.Men güň boldum hatda bir näçe aýlap keselli ýatdym. Okuwa gitmedim duýgudaşlyk bildirmäne gelselerem ýatansyrap olaram diňlemän yzyna ugratdym. Şol keselläp ýatan günlemde ejemjan bilen kakamjan düýşüme girdi olar meň aýaga galanymy, mert bolmagmy hemem okuwa gitmegimi isleýärdiler. Kakam entegem meň lukman bolanymy görmek isleýänimi aýdýardy ol hemişe meň ýanymdadygyny hemişe meni gorajakdygyny, goldajakdygyny aýtýady. Ejemjan bolsa jiglerme göz-gulak bolmagymy, olary gynandyrmazlygy hemem özümiňem mert bolmagymy ündeýärdi.Şol günden soň menem -menem ýuwaş-ýawaş sagalyp başladym. Soňam gowy aýaga galdym okuwa gitdim men indi 11-nji synpdym bir günem biziň mekdebimizi gutaryp giden bir oglan maňa söz aýtdy men onuň bir sözünede ynanmadym gaýtam ony kowdum ol bolsa menden el çekmedi. Hemişe meň ýolumda garawul durdy ahyram saý-sebäp bilen onuň bilen gürrüň açyldy-da biz dostlaşyp gitdik. Soňam... Ine bir günem men oňa okuwa gidip barýarkam duşdum ol meň ýanyma gelýän eken ýöne ýoldan geçip barýarka maňa ýetişşek bolup howlukdy şol wagtam ony kamaz kakdy. Bu zatlaryň ählisi meniň gözümiň öňünde boldy men gorkyma şol ýerde özümden gitdim. Gözümi açsam men öýdedim. Bulam ykbalyň maňa üçünji zarbasydy.Men gelnejem bilen hemme syrymy paýlaşýadym. Ol bolan zatlary eşdip gorkdy menem özüme bir zat ederin öýtdi ýöne men ony pikirem etmedim sebäbi meň jigilem bardy men gitsem olara kim seretmelidi biziň iň kiçimiz ýaňy 3-nji synp ahyry ýok men olary ýeke goýmaly däldim. Elbetde biziň dogan garyndaşlarymyz bizi ýeke goýanokdylar. Enem bilen kakamyň kiçi inisi maşagalasy bilen biziň ýanymyza göçdüler. Ýöne hiç kim biziň derdimiziň dermany däldi. Men durmuşdan şeýlebir öýkelidim ahyram içimiň ýangynyna çydaman elime galam aldym. Arada-da biri edil gabat garşymda durup: "Şul gyz ýetim-dä" diýip maňa ümledi. Meniň dünýäm üstüme ýykyldy öýe gelip jigilerime eştdirmän sessiz agladym. Şol gün agşamam meniň düýýşüme agam girdi. Ol gözümiň ýaşyny süpürip gitdi.
Bäh ykbal sen näme üçin beýle zalym?
Umuman söýenleriňiz ýanyňyzdaka gadyrlaryny biliň!
33
133
Miss_Minnosh❤️
21.02.2024 00:11
Söýgi owadanlykda däl!!!


Bir-birini biçak gowy gorýän bir är-aýal bar eken.Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyn ýüz-gozüni mama dişän ýaly edip,ony gorkden gaçyrypdyr.Bir gün bolsa, ýanky aýalyn adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kor bolupdyr.Muna garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy gorüp ýaşapdyrlar.
Wagtyn geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän,hasam beter bedroýlaşypdyr.Adamsy bolsa.ony ýene onkisi ýaly soýmegini dowam edipdir.Ine,onson ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr.Adamsy muna erbet gynanypdyr.Ol aýalyny jaýlap,ýas sadakasyny sowandan son,şäheri terk etjek bolup durka, egindeşlerinin biri ýanyna gelip:
-Halypa , senin gozünem-ä gorenok,On nämede bolsa ýanynda aýalyn bardy,indi olam-a ýok diýipdir.Şonda ýanky adam şeýle jogap beripdir:
-Men kor däl.Ýone aýalymy "kor boldum"diýip aldamaly boldum.Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup,menin gozüme gorünmek ona hasam agyr degjekdi.Men ony dine owadan bolany üçin soýmändim ahyry.Men onun mähir-mühebbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.

Iki adam biri-birini soýende,olar hergiz aýra düşmejek bolar.Şonun üçin hem birek-biregin kemçiligini gormejek bolar.Gorse-de gormezlige salar.Soýýän adamyny bagtly etmek üçin,käte kor ýaly bolmagy hem başarmak gerek.
44
179
Miss_Minnosh❤️
20.02.2024 23:23
Daliden gelyan hatlar.
Soñky bolum 6

Hat şeýdip gutardy. Bu haty ejemiň ýazmana haky ýok. Ýöne poçerki edil ejemiňki. Men geň galardym bu hata, ýöne soňky günler meň bilen bolup geçýan we meň eşidýän zatlarymdan soň hiç zady geň göresiň gelenok. Garaz men haty bir iki gezek gaýtalap okap gyra aýyrdym. Hatyň içinde geň zat kän ýöne janyňa kast etdirjek zatlar ýok. Öz doglan günümde bir zatlar belli bolmaly ýalydy. Günler geçdi ahyrsoňy meň doglan günüm gelip ýetdi. Hemişeki ýaly ýeke özüm belledim we uzakly gün bir üýtgeşmä garaşdym, boşmady. Ertesi günem üýtgeşme bolmady. 3 gün geçensoň meň gapym kakylly. Gapyň aňarsynda iki sany oglan, elleri Polisiýa şhadatnamaly. Olar meni öz iş ýerlerne äkitdiler we bir ýaşy uly adamyň ýanyna saldylar. Ol ýaşy uly polisiýada uly wezipeli pensiýa çykaýmaň bär ýany adama meňzeýar. Ol meni otyrtdy, we geň galdyrjy mylakatly gürledi. Siziň ejeňiz we kakaňyz haçan aradan çykdy we nähili sebäplerde? Ol şu soragy berdi. Şunça wagytdan soň polisiýa meň ejem we kakam bilen gyzyklanýar. Men hiç hili gaharlanman ol soraga jogap berdim. Soň ol ýene sorag berdi. Ejeňiziň ölüminiň sebäbi belli däl diýip lukmanlar çözgüt berdi, siziň pikirňiz näme? Men bilemok diýdim. Şeýdip ol meni göýberdi, ýöne ertir çagyrmasyzdan sagat 9 gelmeli diýdi. Ertir dokuzda ol bar soraglarny gaýtalady. We şeýle diýdi. Bize anonim hatlar gowyşdy, siz hamala öz ejeňizi we kakaňyzy öz janyna kast etme halyna eltipmişiňiz? Bu soragdan meň kelläme göni 13 sany galan hat geldi. Belki şol hatlar barada gürüň gidýändir? Polisiýa işgäri söžlerini dowam etdi: Bize gowyşan hatlaryň içinde siziň ejeňiziň we kakaňyzyň hamala öz ýazan hatlary bar. Biz bilemzok ol hatlar şunça ýyllap nirde ýatypdyr we kim tarapyndan bize ugradylandygny ýöne ol hatlar bar. Hatyň mazmunyna görä, siz hamala öz ejeňizi we kakaňyzy hyýaly doganyňyzy öldüreni üçin azar berýämişiňiz. Şoňa garşy näme aýdyp bilersiňiz? Men eşiden sözlerimden soň dilim tutuldy. Elbetde men ýok diýip jogap berdim. Polisiýa işgäri ýene öz soragyny dowam etdi: Siz hyýaly dogangyzyň gözlegne çykyp goňşy şäherdäki dälihana baryp gaýdypsyňyz. Ony biz anyk bilýäs, sebäbi şol ýeriň ýolbaşçysy görkezme berdi. Siziň özüňizi beýle alyp barmaňyz geň dälmi, nähili pikir edýäňiz? Men mundan artyk çydap bilmän polisiýaň işgärine maňa gelen hatlar barada gürrüň berdim, hatda ol hatlary okamagada berdim. Ejem bilen kakamyň däli hana tabşyran doganym barada we oň ýazan bir giden hatlary barada gürüň berdim. Polisiýaň işgäri aýdanlamy belledi we bir iki günden ýene meni çagyrdy. Ol aýtdy; bilýäňizmi siziň syrly hatlar diýýän zadyňyz eýýäm ençeme ýyl bäri biziň edaramyzda çözülmedik mesele bolup ýatyr. Ýöne siziň aýdaýan maglumatlarňyzdaky şol 3000 gowrak haty göýbärýän gyzy biz tapyp bilmedik, aýdan adresiňizi barladyk, ol ýerde olar ýaly gyz ýaşanok. Diňe gary aýal ýaşaýar. Ol aýal siziň gelip öz doganyňyzy gözleýäniňizi aýtdy. Hamala siz özüňizi däli ýaly alyp barypsyňyz. Biz siziň gözleýän hyýaly doganyňyzy hem derňäp gördik, ol dokument boýunça hiç ýerden geçenok. Ol çaga hiç dogulmadyk, eger dogulan heň bolsa dokumentleşdirmedik. Ýöne ony dälihana tabşyrlan bolsa ol hökman dokumentleşdirilmeli. Garaz bar zatlar size garşy. Men bu sözlerden soň özümden çykdym. Elbetde kim ynansyn bolup geçen zatlara? Şeýdip men günde günaşa derňewe gatnap ugradym. Polisiýaň işgäriniň aýtmagyna görä, men öz ejem bilen kakamy öz janlaryna kast etmek derejä eltip, ejemi hatda özüm öldüren bolmagymam mümkin diýen pikir barmyş. Bar zat nämeden, hukuk goraýjy edaralara gelen bir näçe hatyň esasynda. Hamala ol hatda meň ejem bilen kakam kömek sorap ýazypdyrlar, kimdendigi belli däl. Ýöne barlag ol hatlary olaryň ikisiniň ýazandygyny anyklapmyşyn. Polisiýaň özem entek doly baş çykaryp bilenok, ýöne işläýmelimişin. Bir gün meni polisiýa işgärleri bir edara äkidip bir jaýa saldylar, ol ýerde bir giden ak halatly adamlaryň öňünde goýdylar. Ol ak halatly adamlar menden hatly wakalaryň baryny diňlediler, kabirleri soragam berdi. Soň wajyp sypatda maňa düşünen syrap ýygnagy gutardylar. Soň meni ýeni polisiýa edarasyna alyp gaýdyp şol başdaky gary işgär oz kabinetyna salyp şeýlr diýdi: Diňle meni jigim, ýaňky gören ak halatly oglanlaň wraçlar. Olar seň akylyňy barlap saňa däli diýip netije çykararlar, ýöne sen gynanma. Maňa gezek gelende men bilýän seň sagdygyňy we öz ejeň bilen kakaň ölümine degişli ýeriň ýokdygyny. Ýöne hatlar hakykatdanam geldi. Gelen hatlaryň içinde iň esasysy sen hökümediň dälihanada geçirýän synaglary barada gyzyklanyp ugranyň barada duýdurma. Şoň üçin senden hökman dynmaly, bize buýryk şeýle. Sen hakykatdanam dälihana baranyň barada şaýatlyk edýän adam bar. Bilýäňä bar ýerik burnyny sokýanlary halanoklar. Men özümi ýitirip ol adama topuldym. Ol gary ýaşuly meni uryp özünden aýyrdy. Soň meni tusagda köp wagyt sakladylar. Men köp diýäýýän, aslynda özümem bilemok, azmy köpmi. Iň soňunda meni ulaga ýükläp bir ýerlerik äkitdiler. Men baran ýerimi tanadym. Ol şol dälihanady. Dälihanaň ýolbaşçysy meni görüp geň galmady, hamala tanamaýan ýaly. Polisiýaň işgärleri meni tabşyryp gidensoň ýolbaşçy maň ýuwaşlyk bilen şeý diýdi: Sen gaýdip gelmerin diýip söz berdiňä, näme üçin geldiň. Men düşünmedim men dälimi ol däli. Meni bir adamlyk otaga ýerleşdirdiler. Başda daňyp sakladylar. Soň göýberdiler. Hiç ýerik çykarman şol otagyň içinde. Kelendaryň bolmasa gün aý hasaby ýitýän eken. Günleriň birinde meň ýanyma biri görmäge geldi. Meň ýanyma gelen sanytar seni gelin ejeň görmäne geldi diýdi. A men pikirlendim mende kim bar gelinejelerden? Hiç kim bolmaly däl. Meni daňyp kabulhana çykardylar. Men şol hat ugradýan doganyma sereden gyzy hördim. Ol meň bilen salamlaşdy. Hatda ýaňagymdan ogşadam. Soň şeýle diýdi: Seni daganyň ýatan otagyna ýerleşdiripdirler, ol ýerde doganyň iň soňky günlerini geçirdi. Hatlary ugradyp gutardym, diňe öz hatym galdy. Açmana gorkýan, belki hiç wagyt açmarnam. Seň bärdedigiňi ýolbaşçy aýtdy. Göwnüme bolmasa söňky 13 hat seň bärik düşmegiňe sebäp boldy öýdýän. Olaryň bary hukuk goraýjy edaralaryň adynady. Nämede bolsa seň doganyň günäkär bar zada. Men bir zatlar jogap bererdim bu sözlere ýöne kelle eýýäm başga zatlar barada pikir edýärdi. Meň aladam hatlar ýa-da doganym dälde, eýsem näme üçim piliň dört aýagy bar we näme üçin asman gök bulutlar ak? Gyz ýüzime kän seretdide şeý diýdi; Sen oňa ýaman meňzeş. Men kime diýip soradym. Jigiňe meňzeş diýip gyz jogap berdi ?

Soñy?
34
138
Miss_Minnosh❤️
20.02.2024 16:52
5nji bolum

Daliden gelyan hatlar

Garaz 3000 gowrak hat, bir giden adamyň ömrüni zaýalady. Bary näme üçin? Bir oglana düşünmedik dünýe üçin. Oglanyň gözünde tutuş dünýe we adamlar, dälihana, ony zyňam eje we kaka, hemme ýylgyrýan we bagytly adamlar, uly bir duşmançylygyň bölegi. Ol hakykatdanam hemmeleri ýigrendi. Bir meni gowy görýärdi. Dälihanaň içinde hiç kimden ar alyp bilmejegini bilip, ölüminden soň hatlaryň üsti bilen öz oýununy başlady. Oglanyň ölüminden soň biziň şähermizde köp adam öz janyna kas etdi. Olaryň hemmesi dälihana degişli adamlar. Ýönekeý hatyň üsti bilen adamy ölüm ýagdaýa ertip bolýan eken. Elbetde ol hatdaky sözler ýönekeý däl. Her bir öz janyna kas eden adama, barýan hatlar gaty inçelik bilen ýazylan. Başda ýönekeý gargyç sözleri, soňky hatlarda durmuşda eden ýalňyşlyklaň, soň hiçkimiň bilmeýän syrlary, soň ol syrlary hatyň üstü bilen hemelere aýan ediljekdigi barada gorkyzma, we şuňa meňzeş usul bilen ýazylan zatlar. Meň göz öňüme gelýär hat alýan adam özüni nähili duýýar. Mysal üçin çaga döwüriň otlap öldüren gijügiň ýa-da pişigiň barada biri bilip hat üsti bilen saňa ýatladyp durýar. Biri seň durmuşyňy nokatma nokat bilýän ýaly. Elbetde ol hatlaň täsiri we ulanylýan psihologiki emelerini oglanyň özi düşündirdi. Maňa hatlary açyp okamagy ol düýbünden gadagan etdi, men okamazdymam, sebäbi okap men ol hatlaty ugradyp bilmezdim. Belli adresa iň soňky haty göýberemde ol haty aljak adam öz janyna kast etjegini men bilýärdim. Oglanyň öleninden soň köp wagyt geçsede men sagat takyklygynda göýbermeli hatlary poçta gatnadýan. Sizem şol hatyň pidasy. Ol ölmäkä aýtdy siziň gejegiňizi. Siziň ejeňiz we kakaňyzyň öljegini. Bilemok nähili derejede dogry oglanyň eden işi, ýöne ol hiç kime rehim etmedi. Diňe dälihanam ýolbaşçysyny diri goýdy. Bilemok näme üçin. Ugratmaly hatlar gutardy diýen ýaly. 15 sany hat galdy. Biri öz hatym, biri siziň hatyňyz, galan 13 haty indi ugratmaly. Ölmäkä oglanyň maňa diýen sözleri, entegem ýadymda: Meni gaty göresiň gelse saňa goýan hatymy açyp okap göräý. Elbetde ol haty men alyp okasam öz janyma kast ederin. Men aňýaryn ol hatda bolup biljek sözleri. Ýöne galan 13 ýaty ugratmasam men dünýeden gidip biljekdäl. Dälihanaň şu wagytky ýolbaşçysy, hatlaryň menden barýanyny gijem bolsa düşündi. Ýöne oň eýýäm öz akly azaşansoň hiç zat etjegem bolmady. Hakykaty bolşy ýaly kabul etdi. Bilemok ol size näme diýenini ýöne ol hem öz wagtynda şu siziň otyran ýeriňizde otyryp aňk bolup meň sözlerimi diňläp gitdi. Ol gelende mende 72 hat bardy. Indi hatlar azaldy. Belki oglanyň entegem gutarmadyk işi bardyrda ýerde. Gyz şu ýerde sözlerini gutardy. Mende sorag kändi, ýöne ol soraglaryň jogabyny men bilýädim. Men özüme nýetlenen haty elime aldym. Daşyna hiç hili adres ýazylmadyk konwert. Adrese derek şu sözler bar: Doganyma: Öz doglan günüňe aç, ýöne meni gaty göresiň gelse ir açyp bilersiň. Men aňýardym ol hatyň içinde nämäň bardygyny. Men gyzdan haty alyp öýe ýöredim. Mem gyzdan haty alyp öýe ýöredim. Indi bolsada bar zat öz ýerine otyran ýaly, ýöne bir zat düşnüksiz, näme üçin ejem bilen kakam meň doganymy keselhana berip ondan dynjak bolupdyrlar? Akyly üýtgänem bolsa saklatmaz derejedäki çaga däldirä, ýa-da olar öňünden aňypdyrlar bir zady? Nämede bolsa bar zat eýýäm geçdi. Men ýolda barýarkam elimdäki iň soňky hat barada we galan 13 hat barada kän pikirlendim. Nämede bolsa haty açyp okasym geldi. Öýe barýançam garaşmagy ýüregime düwdim. Ýoldan gelip eşiklerimi çalşyp haty okap ugradaym. Haty açyp göremde meni geň galdyran zat, ol meň ejemiň adyndan maňa ýazylypdyr. Ol hatyň mazmuny: Salam oglym. Sen bu haty okaýan bolsaň diýmek eýýäm bar boljak işler boldy. Men eýýäm bu dünýede ýok, sen bolsa öz doganyň barada käbir zatlary bilýäň. Ýöne bar hakykaty sen doly bileňok. Seň doganyň doglan wagty biziň maşgalamyzda näsazlyklar bardy. Biziň maşgalamyz bölünmäň bär ýanynda bolup, seň doganyň uly ýük ýaly bolup göründi. Men köp pikirlenip, belli netijä gelip seň doganyňdan dynjak bolup oň agzyna bir esgini dykdym. Elbetde çaga öz özünden ölen ýaly etmek isledim, ýöne seň doganyň 8 sagat demsiz ýatyp birden özüne geldi. Şol wagyt ol 3 aýlyk çagady. Şol ýagdaýdan soň bar zat gowy boldy. Maşgalamyzyň ýagdaýy bir günde gowlandy. Ýöne seň doganyň ösüşi adaty çagalaryňkydan tapawutlandy. Hiç kim bilen gürleşenok, hiç kimiň diýenini edenok. Ondan başga men oň bilen öýde iki çäk galmany gorkýardym. Gijelerne öz otagyndan çykyp baş ujyňa gelip gözüni aýyrman seredip durýardy. Meň göwnüme bolmasa ony 3 aýlykga öldürjek bolanymy bilýän ýaly. Oň keselini bejerjek bolup bar keselhanalary aýlanyp çykdyk, ýöne hiç lukman keseliň yzlaryny tapmady. Biz kakaň bilen razylaşyp seň doganyňy keselhana tabşyrdyk. Aradan köp wagyt geçmäkä sen dünýä indiň. Biz seň doganyňa degişli ähli zatlardan dyndyk, hatda ýaşaýan ýerimizem çalşdyk. Epesli wagyt geçensoň bize dälihanaň adyndan hatlar gelip ugrady. Birinji haty kakaň aldy, ikinjini men. Ol hatlar seň doganyň adyndandy. Başda ýöne salamlaşma ýaly, soň gitdigiçe gaharly we gazaply hatlar. Maňa gelen her hatyň içinde gök esgiň bir bölejigi çykýardy. Men bilýärdim ol esgiň näme aňladýanyny. Ol şol seň doganyň agzyna dykyp bugup öldürjek bolan esgimiň bölegi. Kakaňy bilemok näme özinden çykaranyny ýöne meni şol esgi dälliretdi. Maňa gelen her hatyň soňunda "eje men seni bagyşlaýan" diýen sözler bardy. Ýöne men bilýädim ol sözler ýürekden çykňaýanyny. Kakaň, hatyň gelýän ýerini biljek bolup sunanşdy, ýöne netije bolmady. Şeýdip bir gün kakaň öz janyna kast etdi, yz ýanyndan men ol hatlaryň gelip çykyşyny gözledim, ýöne netije bolmady. Kakaň ölüminden soň has agyr düşip men öz ölerimi isledim, isleýşim ýaly boldam. Men, kakaň we doganyň indi dünýede ýok, ýöne sen entek ýaşaýaň. Eger sen haty öz doglan günüňde açan bolsaň seň wagtyň azaldy. Eger ir açan bolsaň entek öz doglan günüňe çenli wagyt bar. Garaz bar zat seň eliňde. Öz janyňa kas etmeli, ýa-da öz doganyň giden ýoly bilen gitmeli. Saýla....

✨DOWAMY BAR.✨
30
131
Miss_Minnosh❤️
20.02.2024 13:40
Daliden gelyan hatlar.(4-nji bolum)

Men öýe gelip gowy pikirlendim. Men takmynan çykaran netijäm şeýle. Meň ejem we kakam, men entek dogulmakam ogullary bolup ol oglany ruhy näsaglygy üçin keselhana tabşyrýarlar. Soň ol oglan, ýagny meň uly doganym, meň baryp gaýdan dälihanama düşýär. Ol ýerde näbelli sebäplere görä aradan çykýar. Köp wagyt geçmäkä hatly wakalar başlaýar. Ýolbaşçyň sözlerne görä däli hana bir erkek bilen bir aýal baryp gaýdypdyr. Eger şolar meň ejem bilen kakam bolsa bar zat düşnükli ýalam. Ýöne näme üçin men özümden uly doganym barada hiç zat bilemok? Bu syry ejem bilen kakamam ömrü ötünçä gizlin saklamagy başarypdyrlar. Oglanjygy gowy tanan medsestra gyzy tapmaly, belki şol ýagdaýy aýdyňlaşdyrar? Ýene bir barlamaly zat, ejem bilen kakamyň bar goşlaryny dökmeli, belki olara dälihanadan gelýän hatlar tapylar. Ýöneme meň öýe hat gelýäni we kakamyň ejemiň hat okap durany ýadymda ýok, belki olar menden gizleýändirler. Elbetde meň bar çaklamalam ýolbaşçyň sözlerniň esasynda gurylan. Belki ol ýolbaşçy dälliräp özi maňa we meň ejeme we kakama hat ugradandyr, belki hiç hili oglanjyk hem ýokdyr. Dälihanada ömrüňe işläp, däli bolmazlyk mümkin dälä. Dälihana barada maglumaty ýene bir adamdan eşitmeli, diňe ýolbaşçyň sözüne esaslanmaly däl. Şol oglan bilen ýakynlaşan gyzy tapyp bolaýsa. Birinji nobatda men öz öýmüzi dörüp dälihanadan gelen hatlary tapjak bolaýyn, eger olar hakykatdanam bar bolsa. Ejem bilen kakamyň otagynda hemme zat elenmän durdy. Men ol otagyň hiç zadyny üýtgetmedim. Boş günümi sarp edip olaryň otagyny doly dördim. Öýmüziň hiç ýerinde gizlin hatlar ýok. Hakykatyň anygyna ýetmek üçin iň soňky umyt şo dälihanaň işgäri gyzjagazy tapmaly. Ýolbaşçy adam özüne gelen bir hatyň salgysy bir ýaşaýyş jaýy diýipdi we şol ýerde bir aýal bar diýipdi, belki çözgüt şol ýerdedir? Men ýene boş günüme gabatlap şol şähere gidip dälihanaň ýolbaşçysynyň ýanyna ýene bardym. Ol meni görenine geň galmady. Men ondan şol özüne gelen hatyň ugradyjy adresini soradym. Men ol ýaşaýyş jaýy barladym ol ýerde hiç hili şübhenelere zat ýok, diňe bir gary aýal ýaşaýar diýdi. Men ondada ol ýeriň salgysyny aldym. Ýolbaşçy maňa ol ýeriň salgysyny berdi, ýöne gaýdyp hiç haçan dälihana gelme diýip menden söz aldy. Men şol salgy boýunça bardym. Gapyny dogrydanam bir gary aýal açdy. Men näme diýjegimi bilmän pikirlenip durdym. Men, öňümde gapyny açsalar sözler öz özünden agzyma geler öýtdim ýöne beýle bolmady. Gapyny açan daýza sesini çykarman meni synlady. Soň gapyny ýapman yzyna girdi we birne bir zat diýip hümürdedi. Az salymdan meň öňümde aýalmy ýa-da gyzmy belli däl, biri peýda boldy. Ol meni öýe çagyrdy. Men oň yzy bilen girdim. Ol meni öz otagyna saldy we diwanda otyrtdy. Menden gözüni aýyrman synlady. Sen oňa meňzeş diýip gyz duýdansyz gürledi. Kim oňa diýip men sorag berdim. Şol oglana....... sen bilýäňa men kim barada diýänimi, diýip gyz gaharlyrak jogap berdi. Soň men gyza maňa gelen hatlary görkezdim. Ýygna hatlaryňy, ol maňa hatlary okamagy gadagan etdi diýdi gyz. Kim ol diýip men ýene soradym. Seň doganyň diýip gyz jogap berdi. Gyz azajyk dymyp şeý diýdi: Men saňa bar zady öz bilşime görä aýdyp bereýin, ýöne sözümi bölme gutarynçam. Soraglaryňy aýdyp bolamsoň berersiň. Bolýamy? Men razylaşdym, gyz gürüňini başlady: Men şol dälihanada işleýän döwrüm bize täze ýaş oglanjygy geçirdiler. Men ol oglanjygy görenimden haladym, nähili haladym? Jynym aldy diýen ýaly. Geň tarapy ol oglan diňe meni öz ýanyna ertýärdi, we diňe meň beren naharymy iýýärdi. Ýolbaşçylar maňa bar işi taşlap diňe şol oglan bilen meşgullanmagy tabşyrdylar. Oglan ýaş bolansoň onda täze derman serişdeleri barlap ugradylar. Ýaş organizm duýgur bolýar, şoň üçin oglan gowy gabat gelýärdi barlaglara. Ýene oňaýly tarapy oglany hiç kim iýdänokdy, hosarlary soramaga gelenok. Ol dünýede ýalňyz ýalydy. Birden barlaglar esasda heläk bolsada hiç kimiň öňünde düşindirmeli boljak däldi. Garaz oglanjyk gaty oňaýlydy biziňkiler üçin. Oglanyň Meň bilen oňuşýanyny bilip ýolbaşçylar maňa doly rugsat berdiler, men oň otagynada uzakly gün oturýadym. Hemişe näsaglar umumy otaglarda bolýarlar, ýöne oglanjyk barlag astynda bolansoň aýratyn otag berdiler. Az salymdan ol meň bilen gürleşip ugrady. Men gaty geň galdym oň gürleýän gürrüňlerine. Geň ýeri oň keseli aý bilen baglanşykly ýalydy. Belli belli günler gürleşýärdi, belli belli günler kän söz alyşanokdy. Oň meň bilen gürleşmegi ýolbaşçylar üçin gaty wajypdy, sebäbi olar öz barlaýan dermanlarnyň täsirini bilmelidiler. Men şol ýagdaýdan peýdalanyp otagyň içine hiç kimi salman uzakly gün oglan bilen iki çäk geçirýärdim. Oglan diňe meň bilen iki çäk galanda gürleýärdi. Men ol oglana däli ýa-da näsag diýip biljekdäl, ýöne kabir zatlary geňiräkdi. Wagtyň geçmegi bilen barlag dermanlar oňa ýaramaz täsirini ýetirdi, gijelerne çydap bolmaýan kelle agyrlar we ukysyzlyk başlady. Ýöne ýolbaşçylar barybir öz synaglaryny dowam etdiler. Günleriň birinde men irden işe baryp oglanyň otagyna giremde men ony tanamadym. Bir gijäň içinde oglan gaty üýtgäpdir. Gözleri başgaça seredýär, has manyly. Men bir bada gorkdym oň bilen iki çäk galmana. Ýöne ol, gorkma men saňa zat diýmerin diýdi. Men oň sözlerine haýran galdym, hamala oglanyň bedeninde gulplanan uly erkek ýaly gürledi. Men oň adyny tutup ýüzlenemde ol maňa gaýdyp şol ady hiç haçan agzama diýdi. Men seň adyňy näme diýip tutaýyn diýip soramda, meň adym başga, sen gowsy meň çyn adymy bilme diýdi. Men oň bize dokumetler bilen gelen adyny tutýardym. Belki ýolbaşçylar hakyky adyny üýtgedendirler, men ony bilemok, Ýöne ol maňa adam ady bilen ýüzlenmäni gadagan etdi. Soň başlan zatlar tasana meň öz aklymy alaşdyrýardy. Oglan bir ýerlerden meň ähli syrymy bilýärdi. Men barada ähli zady. Meň özüme boýun almana gorkýän bar syrlarymy bilýärdi. Diňe men däl, eýsem öz ejesi kakasy barada ähli zady, hatda keselhanaň bar işgärleri barda ähli zady bilip başlady. Bilemok oglana näme täsir etdi, synag dermanlarymy ýa-da başga zatmy ol birden gaty üýtgedi. Ol meň erkimi doly döwdi, men hatda oň ýanynda gymyldamana gorkýädym. Ýöne jadylanan ýaly şoň otagyndan çykasym gelenok. Işden soň öýe barsam, günüň çaltyrat dogaryny diläp, turdygym ylgap göni işe gidýärdim. Oglanjygy meň gowy görşim ýaly hemmeler halanokdy, agşam nobatçylyk çekýänler häsýeti bardy, wagyt geçenok diýip näsaglara azar berýärdiler. Işgärleň içinde oglanyň göwnüne degeneň tapyldy. Elbetde şu wagyt ol adamlar öz edýän işleri üçin ýowuz töleg tölediler. Oglany tanan adamlaryň bary diýen ýaly ýowuz töleg tölediler. Hatda menem. Ýöne bar zat yzygyderlikde aýdaýyn. Wagtyň geçmegi bilen oglanda hemme kişä ýigrenç döräp ugrady. Ol hemmelerden ar alasy geldi. Öz ejesinden kaksyndan we keselhanaň işgärlerinden. Bir gün ol özüniň öljegini aýtdy we maňa hay ýazmaga kagyz we konwert getir diýdi. Men diýşi ýaly etdim. Oň iň birinji ýazan haty maňa degişli, ol haty kanwerda salyp peçatlady. Men entegem ol haty okamaga gorkýan. Soň ol gaty köp hat ýazyp başlady. Ýazan hatyny maňa görkezmän, konwerda salyp ugradyjyň ýerine dälihanaň adresini ýazyp, barmaly ýerine maňa beli däl adresi ýazyp, haty gyra aýyryp indiki hata başlaýardy. Men geň galýadym ol oglan ol öý salgylary nirden bilýär. Şeýdip ol 3000-den gowrak hat ýazdy. Ellbetde ol hatlary 4 ýylyň içinde ýazdy, ýöne birinem özi ugratmady. Ol hatlary ölenimden soň ugradyp başla diýip maňa tabşyrdy. Men bilemok ol hatlaň içinde näme bar we hat almalylar kimler, ýöne käbir zatlary oglan mäňa düşündirdi. Hat almaly adamlaň köpüsi öz janyna kas eder diýdi. Hatlar belli tertipde gider ýaly aýyň haýsy güni haýsy konwerdy poçta eltmelidigni maňa bellik edip berdi. Meň oň ölüminden soň hatlary edil oglanyň tabşyrşy ýaly yzygyderlikde poçta äkidip ugradym. Men bilýädim oň ýazan hatlary adamlaň içinde ahyrzaman döredýänini. Ýöne barybyr ol hatlary men ugratdym. Oglanjyk, maňa beli däl usul bilen adamlar barada hemme zady bilip ugraday, meň göwnüme bolmasa ol gelejegem bilýädi, mysal üçin seň şu gün geljegiňi maňa aýdyp gitdi.

Dowamy ba
29
99