Miss_Minnosh❤️
21.02.2024 00:11
Söýgi owadanlykda däl!!!


Bir-birini biçak gowy gorýän bir är-aýal bar eken.Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyn ýüz-gozüni mama dişän ýaly edip,ony gorkden gaçyrypdyr.Bir gün bolsa, ýanky aýalyn adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kor bolupdyr.Muna garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy gorüp ýaşapdyrlar.
Wagtyn geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän,hasam beter bedroýlaşypdyr.Adamsy bolsa.ony ýene onkisi ýaly soýmegini dowam edipdir.Ine,onson ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr.Adamsy muna erbet gynanypdyr.Ol aýalyny jaýlap,ýas sadakasyny sowandan son,şäheri terk etjek bolup durka, egindeşlerinin biri ýanyna gelip:
-Halypa , senin gozünem-ä gorenok,On nämede bolsa ýanynda aýalyn bardy,indi olam-a ýok diýipdir.Şonda ýanky adam şeýle jogap beripdir:
-Men kor däl.Ýone aýalymy "kor boldum"diýip aldamaly boldum.Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup,menin gozüme gorünmek ona hasam agyr degjekdi.Men ony dine owadan bolany üçin soýmändim ahyry.Men onun mähir-mühebbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.

Iki adam biri-birini soýende,olar hergiz aýra düşmejek bolar.Şonun üçin hem birek-biregin kemçiligini gormejek bolar.Gorse-de gormezlige salar.Soýýän adamyny bagtly etmek üçin,käte kor ýaly bolmagy hem başarmak gerek.
44
177
fl_ower
1 May 2024
😢😞🥺😔
1414
14 Mart 2024
@gavi, hm gitaranyň suraty durda profiliňizde şondan soradym bagyşlaň
1414
14 Mart 2024
@gavi, gitara çalýaňyzmy siz🤔
1414
14 Mart 2024
@gavi, salam
Relax
21 Fewral 2024
nez
Miss_Minnosh❤️
21 Fewral 2024
@Relax, sps 👍🏻
Miss_Minnosh❤️
21 Fewral 2024
@Relax, 😇 like basyñ
Relax
21 Fewral 2024
@Miss_Minnosh❤️, da
Miss_Minnosh❤️
21 Fewral 2024
@Relax, Ooo men goydummy 54 000 njini🤗
Relax
21 Fewral 2024
54 000 mün post programada 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.