M.B.N
10.12.2019 00:44
Güzeli güzel yapan edepdir edep ise güzeli sevmeye sebeptir.

Mevlane
3
154
M.B.N
08.12.2019 23:58
Sorag: Bir gyzjagaz 16ýaşynda bir oglan bn tanyşýar we bul oglany çyny bn halaýar oglan özünden1 ýaş uly. Bular bir birini hemme zatdan geşjek derejede halýar. Aradan 2ýyl geçýär oglan gulluga gidýär. Gyzyñ öýündäkiler bularyñ halaşýanyny bilýär we gyzyñ kakasy bolmansoñ oglan dogany muma namys edip bu gyzy mamalarna ugradýar. Gyz şol oglan ün 1ýyl ejesinden maşgalasyndan geçip mamalarynda bolýar. 1ýyldan soñ oglan dogany jigsiniñ ýanna gelip ejem agyr ýatyr gel meni bagyşla öýmize gideli diýýär. Gyz muña razy bolup öýüne gelýär gün geçmegi bn ejeleri gutulýar.
Oglan hem gullukdan gelýär gyz bn oglan ýene öñkisi ýaly biri birini halaýarlar ýöne bu günler uzaga çekenok oglan ýuwaş ýuwaş gyzdan daşlaşýar iñ soñunda bolmajagna gözi ýeten gyz oglandan aýrylmaly bolýar. Öýune gelse öýüne gyzyñ daýzalary myhmançyga gelen eken gyz salmlaşman sessizje öz jaýyna geçip aglap başlaýar gyzyñ gelenden habarsyz daýza we ejesi gyz barada gürrüñ edip başlanda gyz hem sessizje diñläp başlaýar. Daýzasy: "doganjan 19 ýyllap öz çagañdan aýyrman seretdiñ ýetimligni, ýesirligni bildirmediñ inni aýt haçana çenli aldap gezjek bilmäne haky bar" diýýär we gyz bu ýerde özüniñ gyzlyk alnandygny bilýär olam ýetmezmiş ýaly öz kakasyny öweý kakasynyñ öldürenligni eşidýär ejesi bolsa gyzjagaz doglan güni çaga üstünde aýrylypdyr. We gyzyñ öñki söýgülsi hem ejesini gudaçylyga ugratjak bolanna kakasy ganhor bize beýle adamyñ çagasy gerek däl dýp oglanyñ ejesiniñ özünden ýüz döndürenligni hem daýzasyndan eşidýär. 4sagadyñ dowamynda bu gyzjagaz durmuşyñ hakyky ýüzüni görýär.

Hakyky bolan waka gyzyñ ýerine bolan bolsañyz siz nm ederdiñiz bu wakañ bolanna 3gün bolly... Gyz meñ joram özümem şu gün eşdip size ýetiresim gelli pikiriñizi ýazaýyñ...
3
723
M.B.N
07.12.2019 23:02
Erkeksiräp el göterme Zenana....
Senem Zenan getirendir kemala...

Men daş töweregimdäki käbir gyzlara haýran galýan söýgülleri nm diýse (söwsede,gygyrsada) ýene şolary taşlap bilenoklar Söýgi bu sylanşyk dälmidir?!?!
8
204
M.B.N
06.12.2019 16:00
SOROG: Egerde bir adamy çynyñ bn gowy görseñ olam gözüñ öñünde señ diýeniñi etmän başga biri bn gürleşse näderdiñiz.?!

Her kim öz pikirini ýazaýsynda!!!
5
534
M.B.N
05.12.2019 22:03
Atam şeý diýerdi:
" Il güniñ aldap
Gezmeli dünýäde gezmegin, balam.
Aglanyñda merdiñ ýanynda aglap,
Namartdan göz ýaşyñ gizlegin, balam.

Ýola çykam dostyñ kimligin bilmän,
Suwa girme suwyñ çuñlygyn bilmän,
Ýalandan aglama ýalandan gülmän,
Sözläñde çynyñy sözlegin balam.

Işi düşen bendäñ işin düzedip,
Jomart boljak bolma ile göz edip,
Ekmedik bagyña eliñ uzadyp,
Şol bagyñ miwesin ýolmagyn balam.

Toprakdan aýama mañlaý deriñi,
Ajam bolsañ belent tutgun seriñi,
Özüñ büdräp, öz ýykylan ýeriñi,
Il ýykylmaz ýaly düzlegin balam.

Mämmet Seýidow (1925-1982) Ilkinji goşgular ýygyndysy "Aşgabat gülleri" diýen at bilen 1950nji ýylda neşir edilýä...

Meñ halaýan şahyrlarmyñ biri we köp okap manysyny durmuşda ulanýan goşgylarmyñ biri halanlar like goýmagy unutmañ ☺?
10
189
M.B.N
04.12.2019 09:11
Süýji bolsañ, seni datman iýerler.
Ajy bolsa, bir gyrada goýarlar.
Gedem bolsañ senden bahym doýarlar.
Ýalançyda gowy bolmak kyn eken.

Yuwaş bolsañ çalt, üssüñden basarlar.
Ýetim bolsañ, seni gyra gysarlar.
Pulsuz bolsañ, seni sana goşmazlar.
Ýalançyda gowy gezmek kyn eken.

Ejiz bolsañ, köp üssüñden gülerler.
Aglap gezseñ, gahar bn bakarlar.
Sözleşmeseñ boýuña zat dakarlar.
Ýalnçyda ýaşap gezmek kyn eken...

Meñ pikirimçe dogry... A siziñ pikiriñiz?!
12
404