M.B.N
05.12.2019 22:03
Atam şeý diýerdi:
" Il güniñ aldap
Gezmeli dünýäde gezmegin, balam.
Aglanyñda merdiñ ýanynda aglap,
Namartdan göz ýaşyñ gizlegin, balam.

Ýola çykam dostyñ kimligin bilmän,
Suwa girme suwyñ çuñlygyn bilmän,
Ýalandan aglama ýalandan gülmän,
Sözläñde çynyñy sözlegin balam.

Işi düşen bendäñ işin düzedip,
Jomart boljak bolma ile göz edip,
Ekmedik bagyña eliñ uzadyp,
Şol bagyñ miwesin ýolmagyn balam.

Toprakdan aýama mañlaý deriñi,
Ajam bolsañ belent tutgun seriñi,
Özüñ büdräp, öz ýykylan ýeriñi,
Il ýykylmaz ýaly düzlegin balam.

Mämmet Seýidow (1925-1982) Ilkinji goşgular ýygyndysy "Aşgabat gülleri" diýen at bilen 1950nji ýylda neşir edilýä...

Meñ halaýan şahyrlarmyñ biri we köp okap manysyny durmuşda ulanýan goşgylarmyñ biri halanlar like goýmagy unutmañ ☺?
10
189
M.B.N
6 Dekabr 2019
MukamBj maña diýdiñizmi!? Ýogsada siz nirden?
M.B.N
6 Dekabr 2019
MukamBj maña diýdiñizmi?
MukamBj
6 Dekabr 2019
Nirden sen
M.B.N
6 Dekabr 2019
Sagboluñ sizede
ÝAZMURADOWNA
6 Dekabr 2019
Bolya name ucin bolmasyn. Esasy zat elinde hunarin bolsun. Gul yaly. Sag amanja gutar! Okuwynda ustunlik arzuw edyan!
M.B.N
6 Dekabr 2019
Tehnikum bolsa bolanokmy bilmim şoña ýetdi we şoña girdim MTOHOM
ÝAZMURADOWNA
6 Dekabr 2019
Niriniñ talyby yagny haysy institut?
M.B.N
6 Dekabr 2019
Minnetdar. Da men Talyp siz talypmy
M.B.N
6 Dekabr 2019
Minnetdar. Da men TALYP siz talypmy
Sanjar
6 Dekabr 2019
Gowy goshgy

MBN siz talypmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.