Lilia_
19.07.2023 23:51
Sabyn bilen nämeler edip bileris?


Öýüňizdäki käbir meseleleri sabyn bilen çözüp biljekdigiňizi bilýärdiňizmi?

Suwa düşýän wagtyňyz sabynyňyz yzygiderli eliňizden taýyp gaçýan bolsa, bu meseläni magnit bilen çözüp bilersiňiz.

Sabyn döwülen aýnany arassalamak üçin hem ajaýyp usullardan biridir. Bir stakan döwülende, uly bölekleri almak aňsat, ýöne göz bilen görmek kyn bolan ownuk bölekler babatda bolsa bu ýagdaý beýle däl. Şeýle ýagdaýda ownuk aýna böleklerini sabyn bilen arassalap bilersiňiz. Sabyny aýna bölekleriniň üstünde ýuwaşlyk bilen süýşüriň we döwülen bölekleriň hemmesiniň sabyna ýapyşýandygyny görersiňiz.

Sabyn diňe bir arassalamakda däl, eýsem, gapy gysylanda-da ýardam edýär. Gysylan gapyňyzyň iliklerine sabyn sürtüň we ony ýaýratmak üçin gapyny birnäçe gezek açyp-ýapyň.

Sabyn ösümlikleriňizden zyýanly bakteriýalary aýyrýar we onuň uzak ýaşamagyna sebäp bolýar. Organiki materiallardan ýasalan sabyn bilen ösümlikleriňizi has sagdyn edip bilersiňiz. 1 litr suwa bir nahar çemçesi suwuk sabyn we bir nahar çemçesi zeýtun ýagyny goşuň. Bu garyndyny ösümliklere yzygiderli pürküji bilen sepiň.

Ysyny halaýan sabynyňyzy şkafyňyza salyň. Şeýlelikde, eşikleriňiziň ysynyň tämizdigine göz ýetirersiňiz.

Diwardaky deşiklere sabyn çalyň we deşikden artyk galan sabyny mata bilen arassalaň.

Wepa HALIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
88
181
Lilia_
18.07.2023 23:57
Dünýädäki iň gadymy milli bank.


Italiýadaky «Banco monte dei paschi di Siena» häzirki wagtda-da işini dowam etdirýän iň gadymy bankdyr. Ol 1472-nji ýylda esaslandyryldy we 550 ýyldan gowrak wagt bäri müşderilere hyzmat edýär.

«TürkmenGazet».
86
205
Lilia_
18.07.2023 07:58
Atlar barada biläýmeli gyzykly maglumatlar


Rim imperatory Gaýus Kaligula atlara uly sarpa goýupdyr. Hatda iň gowy görýän atlaryndan birini senator edipdir.
Bilşiňiz ýaly, adamlarda gan toparynyň 4 görnüşi bar. Bu san atlarda 8-e çenli ýetip bilýär.
Öý hojalygynda saklanylýan atlaryň ortaça ömri 25 ýyl diýip kesgitlenýär.
Sagdyn at skeletinde jemi 205 sany süňk bar.
Ýerde ýaşaýan haýwanlaryň arasynda iň gymmatly jandaryň atdygyny bilýärdiňizmi?!
Atlar 360 dereje görüşe eýedirler.
Häzirki wagtda atlar köp keselleri bejermekde goldaw berýär. At – hormat, rehimdarlyk, aragatnaşyk we ynam bilen bagly kynçylyklary çekýän adamlara bejergi berýän bolsa, ysmazlyk we autizm ýaly saglyk meselelerinde bejeriş maksatly ulanylýar.
Dünýäde 160-dan gowrak at görnüşi bardyr.
Käbir maglumatlara görä, atlar gaýnadylan iýmitleri iýip bilmeýärler.
Bir atyň ýaşyny takyk kesgitlemek üçin iň gowy görkeziji onuň dişleridir.
Atlaryň adam seslerini seljermek ukyby hem bar. Şol pursatda sesinden ýylgyrýan adamyň duýgularyna düşünip biler.
Awstraliýada XVIII asyra çenli at tapylmandyr. Şol döwürde sebitiň ýaşaýjylary tarapyndan getirilen at sebitiň tapawutlanmagyna-da uly goşant goşupdyr.
Hasaplamalara görä, häzirki wagta çenli iň ýyndam at 88 kilometr tizlik gazanypdyr.
Azym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
82
143
Lilia_
17.07.2023 13:22
Dünýäde şeýle mekdepler bar…
Gyzykly maglumatlar


Ýaponiýada mekdeplerde diňe erkek kişiler işleýärler.
* * *
Hytaýyň mekdeplerinde sapaga başlanmazyndan öň, okuwçylar üýşüp maşk edýärler.
* * *
Finlýandiýada mekdeplerde sapaga diňe mugallym däl, onuň kömekçisi-de gatnaşýar.
* * *
Özüniň örän köp okuwçyly mekdepleri bilen meşhur bolan ýurt Hindistandyr. Ol ýurtda hatda 28 müň okuwçyly mekdep hem bar.
* * *
Norwegiýada okuwçylara 8-nji synpa barýançalar baha goýulmaýar.
* * *
Çehiýada iň gowy baha birlik, iň pes baha bolsa bäşlikdir.
* * *
Taryhda mekdebiň iň uzaga çeken sapagy 54 sagat bolupdyr.
* * *
Okuwlaryny tamamlaýan uçurymlaryň dabarasy ilkinji sapar Germaniýada bellenilipdir.
* * *
Palestinadaky Karauin musulman uniwersiteti dünýädäki iň gadymy mekdep hasaplanylýar.

Aýsülük SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
94
282
Lilia_
17.07.2023 07:13
Reňk terapiýasy


Reňk terapiýasy kolorologiýa ýa-da hromoterapiýa diýip hem atlandyrylýar. Bu terapiýa käbir akyl we beden saglyk ýagdaýlaryny bejermek üçin ulanylýan bejerginiň bir görnüşidir.

Bu görnüşdäki bejeriş usuly gadymy müsürlilere degişli bolupdyr. Şol döwürde bejergi maksatly reňkli aýna, güne batan otaglar ulanylypdyr. Reňk bejergisi ýyllar boýy meşhurlyga eýe bolsa-da, Günbatar lukmançylygynda henizem giňden kabul edilen bejeriş görnüşi däldir. Lukmançylyk işgärleriniň köpüsi muny ýokary eksperimental hem hasaplaýarlar.

Reňk bejergisiniň esasy, dürli reňkleriň her bir adamda dürli seslenmeler döretmegidir. Adamlar belli bir reňkleri bejeriş häsiýeti üçin hem giňden ulanýarlar. Bu teoriýa ynanýan hünärmenler reňkiň dürli tarapdan bize oňyn täsir edip biljekdigine we köp şertlerde kömek edip biljekdigine ynanýarlar.

Belli bir wagt, hemmämiz reňk bejergisini başdan geçirdik diýsek hem ýalňyşmarys. Käbir adamlar üçin gündelik ylgamakdan hem-de tebigaty ýaşyl reňkde görmekden lezzet alýarlar. Reňk bejergisi hindi aslyndadyr. Hindi filosofiýasyna görä, reňk tigirindäki ýedi esasy reňk bedenimiziň çakralaryny güýçlendirýär.

Reňk bejergisinde dürli reňkler dürli şertleri bejerip bilýär diýip çaklanylýar. Reňk terapewtleri, bedeniňizde belli bir reňkiň ýoklugy, durmuş ýagdaýyňyz üçin jogapkär bolup biler diýip hasaplaýarlar. Ine, reňk bejergisinde ulanylýan iň köp ýaýran reňkleriň sanawy we olary nädip ulanyp boljakdygy:

Gyzyl – bu reňk özüni ýadaw duýýan adamlary güýçlendirmek üçin giňden ulanylýar. Şonuň üçin gyzyl reňk bejergilerde seresaplylyk bilen ulanylýar.

Gök – hromoterapewtler depressiýany we agyryny bejermek üçin köplenç gök reňki ulanýarlar. Gök reňkdäki kölegeler hem köşeşdiriji häsiýete eýe hasaplanýar. Ukusyzlykdan ýa-da beýleki uky bozulmalaryndan ejir çekýän adamlar üçin hem bu reňk diýseň peýdaly bolup biler.

Ýaşyl – tebigatyň reňki bolup, hromoterapewtleriň pikirine görä, bu reňk stressi azaltmaga we adamy rahatlandyrmaga kömek edýär.

Sary – bu reňk hal-ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmak we sizi bagtly hem-de işjeň etmek üçin ulanylyp bilner.

Mämişi – sary reňk ýaly, adamlarda bagtly duýgulary oýarmak üçin ulanylýar.

Eýsem, reňk bejergisiniň peýdalary näme?

Uzak ýyllaryň dowamynda reňk bejergisiniň fiziki taýdan akyl taýdan dürli peýdalarynyň bardygy subut edildi. Gök we ýaşyl reňkler stresli ýa-da aladaly adamlary köşeşdirýär. Açyk reňkler işdäňizi artdyryp biler. Gyzyl we sary reňkler energiýaňyzy artdyrmakda we sizi edýän işiňize has-da höweslendirmekde peýdalydyr.

Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
81
131
Lilia_
17.07.2023 00:37
Eşidýäris. Sebäbini bilýärismi?

Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.

Beýni öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.

Hojamerdan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
87
196
Lilia_
16.07.2023 19:34
Pul barada 20 sany gyzykly fakt

Pul barada 20 sany gyzykly fakt
Biz gazanýarys, töleýäris, başga biriniň hasabyna geçirýäris, harçlaýarys, hatda howa sowurýarys... emma aslynda welin, puluň näme zatdygyny anyk bilmeýäris. Dogrusy, pul dogrusynda örän täsin maglumatlar bar.

Pul barada çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň ünsüni çekip biljek 20 sany gyzykly fakty okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.


1. Gadymy döwürlerde töleg hökmünde merjenler, balykgulaklar, öý haýwanlary, däneler, balyklar, ýüňler we şular ýaly beýleki zatlar kabul edilipdir.

2. Dollaryň «$» nyşany ABŞ-nyň walýutasynyň döremeginden has ozal, hatda ABŞ-nyň ýurt hökmünde ýüze çykmagyndan-da öň peýda bolupdyr. «$» belgisi ABŞ-nyň walýutasyndan öň köp ulanylan Meksika pesosyny aňlatmak üçin gysgaça bolan «Ps» harplarynyň birleşmesidir. Bu belginiň ABŞ-nyň çäginde giňden ornaşdyrylmagy bilen, amerikan dollarynyň ulanyşynda hem dowam etdirilipdir.




3. Banknotlar — ýokançlaryň köpelip bilýän ýeridir. Alymlaryň pikiriçe, dünýädäki pullaryň 94%-i özünde bakteriýalary saklaýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri mikroblar üçin birnäçe walýuta nusgalaryny barladylar we 100 ýuanyň iň hapa puldugyny, onda 180 000-den gowrak bakteriýanyň bardygyny anykladylar. Has arassa banknoty bolsa özünde ortaça 11 000 bakteriýany jemleýän ýewro diýip hasaplamak bolar.

4. Kagyz banknotlarynyň ulanyş ömri 3-5 ýyl diýlip kesgitlenilýär.


5. Doly zyňaýmaly ýagdaýa gelýänçä bir pul serişdesi 30-50 müň adamyň elinden geçýär. Ýeri gelende aýtsak, banknotyň nomeri näçe kiçi bolsa, şonça-da tiz könelýär.





6. 100$-lyk ABŞ dollaryndan düzülen 1 million dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar.

7. Gadymy grek dekadrahmalary seýrek arheologiki tapyndy bolup, iň gymmat pul birligi hasaplanýar. Dekadrahma Afinada, Sirakuzada we Akragantda, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň döwründe (b.e.öň 336-323 ýý.) neşir edilipdir.

8. ABŞ-da pul birligine häzirki wagtda ýaşa ýören adamlaryň şekilini ýerleşdirmek kanuny taýdan gadagandyr.


9. Gadymy Rim tegelek teňňeleriň zikgelenip başlanan ilkinji döwleti hasaplanýar.

10. Ilkinji kagyz pullar Hytaý Imperiýasynda, Tan dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 618 — 907 ýý.) ulanyşa girizilipdir, emma olar diňe hususy maksatlar bilen peýdalanypdyr. Pullar döwlet derejesinde bolsa ondan soňky döwürde — Sun dinastiýasynda (970 - 1278) ulanylyp başlanypdyr.

11. Dollar pulunyň 100$ görnüşinden başga ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň şekili ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda diňe iň uly dollar görnüşinde şekillendirilen Benjamin Franklin prezident bolmandyr.


12. Meşhur stol üstünde oýnalýan Monopoliýa oýnundaky pullar adaty dollar pul birliginden 30 esse köpdür.





13. Dollar bilen 2005-nji ýylyň Azerbaýjan manadyny ilkibada tanamak ýeňilem düşmändir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ikisini-de şol bir adamyň — awstriýaly dizaýner Robert Kalinanyň ýasandygydyr.

14. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 159 sany resmi walýuta bar diýlip kesgitlenilýär.

15. 1966-njy ýylda bankda ilkinji bankomat patentlenildi. Şotlandiýaly inžener Jeýms Gudfello müşderileriň identifikasiýasy üçin PIN koduny oýlap tapdy. Doly anyk bolmadyk bir maglumata görä, başda PIN kody alty sandan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, oýlap tapyjynyň aýalynyň diňe 4 sany ýatda bilýändigi sebäpli, Gudfellow kody gysgaltmaly bolupdyr.


16. Pullaryň saklanyp bilinjek ähli ýerlerinden (gapjyk, jübi we ş.m) ýitirilýän puluň bir ýyldaky ortaça möçberi 4,3 ABŞ dollaryna deňdir.

17. Funt sterling — häzirki wagtda hem ulanylýan dünýädäki iň gadymy walýutadyr. Iňlis walýutasy biziň eramyzyň VIII asyrynda ulanylyp başlanypdyr.



Surat: interesnyefakty.org

18. 1821 — 1825-nji ýyllar aralygynda Alýaskany dolandyrýan «Rus-amerikan» kompaniýasy düwleniň derisine çap edilen 10 000 sany banknoty çykarypdyr. Häzirki wagtda ol banknotdan takmynan 40 sanysy galypdyr.

19. Bagam adalarynda 2001-nji ýyldan bäri 1/2 dollarlyk nominaly bolan pul serişdesi dolanyşykda ulanylýar. Banknot numizmatlaryň arasynda giňden meşhurdyr.


20. Anyk bir taryhy maglumat saklanyp galmadyk bolsa-da, köp bilermenler rus dilinde ulanylýan «dengi» sözüniň türki diliniň sözlük düzümindäki «teňňe» diýen düşünjeden gelip çykandygyny belleýärler. «Kopeýka» sözüniň döremegi bolsa Iwan Groznynyň hökümdarlyk eden döwründe zikgelenen eli naýzaly (kopýe) atlynyň şekili bilen baglanyşdyrylýar.

Peýdalanylan çeşmeler: infozet.ru; infosvyaznoyplus.ru; стофактов.рф; raiffeisen-media.ru; notagram.ru; interesnyefakty.org
88
289
Lilia_
16.07.2023 12:37
Bermuda üçburçlugy. Wikipediýa

Atlantik okeanyň bu böleginde esasanam 1960-njy ýyllarda birnäçe gämidir uçarlar gözden gaýyp bolup, olardan hiç bir yz galmandyr. Hiçkimiň düşündirip bilmeýän bu täsin wakasy, birnäçe adamlar hat-da alymlar tarapyndan hem “tebigy bolmadyk birnäçe güýçleriň birleşýän ýeri” bolup tanadyldy we şeýle galdy. Emma uzyn ýyllar edilen tejribe işleri ýakyn geçmişde netije berdi we bu üýtgeşik, geň wakalaryň ýönekeýje “tebigi gazyň” oýnamasydygy orta çykdy.


Bermuda üçburçlygynyň görkezilen karta. 1.5 mil2 ( 1- nji surat )


Bermuda üçburçlygyna çümen uçarlardan biri (2- nji surat )

Ýeriň aşagyndan çogup çykýan tebigi gazlar diňe uly daş bölekleriniň aşagyndan däl, deňiz we okeanlaryň aşagyndan hem çogup çykýarlar. Sebabi deňiziň aşagy hem üsti suw bilen gaplanan (gury)ýer bölegidir. Şeýlelikde okeanlar gaty çuň bolany üçin aşagynda güýçli basyş bardyr. Ine, bu güýçli basyşyň aşagyndaky ýerlerden çykýan tebigy gazlar, çuňlukdaky ýylylygyň pesligi netijesinde “gaty” ýagdaýa gelerler we “hidrat” diýilýän ak we hek (мел) ýaly bir madda halyna öwrülýärler. Okeanyň iň çuň ýerlerine çenli çümüp bilýän robot kameralaryň ol ýerdäki gar ýaly ak okeanyň aşagyny we birnäçe gämi harabalaryň suratlaryndan soňra bu ýagdaýa ylmy düşündiriş getirilendir: Ýer şarynyň bu bölegi “Gulf Stream” diýip atlandyrylýan ýyly suwuň akyp geçyan ýeridir. Ýeriň aşagynyň käwagt ýylanmasyndan soňra bu “hek gazlar” ereýär we suwdan ýeňil bolany üçin ýokary galýarlar. Şol wagt suwuň aşagyndan ýokarsyna çenli boşluk (wakuum-deşigi) emele gelýär, okean deşilen ýaly bolýar. Şeýle ýagdaý bolup duran wagty şol ýerden geçýän näme bar bolsa çuňňur guýa gaçýan ýaly ýokary tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçar. Sebäbi suwuň aşagyndan çykýan gazyň göterme güýji gämileri galdyryp bilmejek derejede pesdir. Gazyň çogup çykmagy gutaranda bolsa boşluk ýene öňküsi ýaly dolar we hiç hili yz galdyrmaz.

Uçarlaryň suwa gaçyp ýitmesi hem ýene şol sebäpdendir. Ýokary çykan tebigy gazlar howadan ýeňil bolany üçin ýene ýokary galmaga dowam edýärler. Bu gezek wakuum şol ýerdäki howada (atmosferada) emele geler. Şo ýerden tötänleýin geçýän uçarlar derrew kontrolyny ýitirer we motorlary durar. Sebäbi motorlardaky benziniň ýanmasy üçin kislorod gereklidir we bu boşlukda (wakuumda) howa bolmadygy üçin kislorod hem bolmaz. Şoň üçinem uçarlar tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçarlar. Megerem biziň onlarça ýyllap gyzyklanan Bermudamyz ýönekeýje tebigy gaz sebäpli üýtgeşik, geň ýagdaýa eýe bolupdyr.
90
209
Lilia_
16.07.2023 00:19
Dünýä ummany: açylmadyk dünýäniň syrlary we faktlary


8-nji iýunda 30 ýyldan gowrak mundan öň, has takygy 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan esaslandyrylan ekologik baýramçylyk — Bütindünýä ummanlar güni bellenildi. Ummanlar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde-de wajyp orna eýedir. Alymlaryň getirip çykarýan çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýer ýüzüniň 40 million töweregi adamy ummanlar bilen bagly hünärlerde zähmet çeker.

Dünýä ummanlary barada bilinýän maglumatlar köp ýaly görünse-de, olaryň heniz nämälimligine galýany az däl. Hatda, bu babatda alymlar Ýeriň suw bölegine garanyňda adamlar Aý barada has köp zady bilýär diýip degişme äheňinde belläp geçýärler. Dürli maglumatlara görä, häzire çenli dünýä ummanlarynyň takmynan 10%-i öwrenilipdir. Sebäbi bu «çuň suwlaryň» aglaba meýdany adam aralaşardan çylşyrymly hasap edilýär. «Turkmenportal» web saýtynyň dünýä ummanynyň adaty bolmadyk maglumatlaryna salgylanyp ýetirýän materialy oňa azda-kände düşünmäge mümkinçilik berer.


1. «Dünýä ummany» diýen ylmy düşünje ilkinji gezek 1917-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ulgam rus we sowet okeanografy hem-de kartografy Ýuliý Şokalskiý tarapyndan döredildi. Ol Bütindünýä ummanyny dört bölege — Ýuwaş ummany, Atlantik ummany, Hindi ummany hem-de Arktika ummany diýip bölüpdir.


2. 2000-nji ýylda Halkara Gidrografik Guramasy (HGG) bäş ummana bölünişik barada karar kabul edip, ozalky bar bolan dört ummanyň üstüne Günorta buzly ummany hem goşmagy makul hasap etdi. Şeýle-de bolsa, HGG-niň bu karary tassyklanylmady. Muňa garamazdan, 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri ABŞ-nyň Milli geografiki jemgyýeti Günorta buzly ummany aýrybaşga, özbaşyna çäkli umman diýip ykrar etdi we ony kartalarda görkezip başlady.


3. Çuňlugy we meýdany boýunça dünýäde iň uly umman Ýuwaş ummandyr. Ol 180 million inedördül kilometre giňligine uzaýar, bu bolsa onuň gury ýeriň ähli meýdanyndan 30 million inedördül kilometr uludygyny aňladýar.




Ýuwaş ummanyny (Pasifico) bu hili at bilen portugaliýaly deňizde ýüzüji Fernando Magellan atlandyrypdyr. Magellan ummandan geçen ilkinji ýewropaly bolupdyr. Onuň ekspedisiýasy dört aý töweregi dowam edipdir we bu döwürde gämiler hiç hili tupana gabat gelmändir. Aslynda meşhur syýahatçynyň syýahaty şowly bolup, aslynda tupan turmagy Ýuwaş ummanynda adaty ýagdaý eken. Hut geçen mahaly tupansyz bolandygy üçinem ol bu giň ummany Ýuwaş umman diýip atlandyrypdyr.

4. Bütindünýä ummanynyň suwlarynda 20 million tonnadan gowrak altyn we 30 milliard tonna kümüş gyryndysy bar diýilýär. Şeýle-de bolsa, häzirki döwürde altyn gazyp almak netijeli däl hasap edilýär.

5. Marian çuňluklaryndaky «Çellenjer çuňlugy» Ýeriň iň çuň ýeri bolup, Ýuwaş ummanda ýerleşýär. Onuň çuňlugy — 10 994 metr, takmynan 11 kilometrdir. Deňeşdirmek üçin mysal alsak, Ewerest belentligini Marian çukuryna ýerleşdirip bolan bolsa, dünýäniň iň beýik dagy (8,848 m) dolulygyna suwuň astynda galardy.

6. Ummanlarda suwasty şarlawuklar bardyr. Olaryň ýüze çykmagynyň sebäbi duzlulygyň, temperaturanyň we aşaky topografiýanyň aýratynlyklarynyň düýpli üýtgemegi bilen baglydyr.


7. Ummanyň düýbünde wulkan kraterleriniň töwereginde howasy we yşygy bolmadyk suwda ýaşaýan jandarlar bardyr, bu ýerde suwuň temperaturasy 150 derejä ýetýär.

8. Ýuwaş ummanyň haýwanat dünýäsi beýleki ummanlara garanyňda, 3-4 esse baýdyr. Häzirki wagtda beýleki suwlarda tapylmaýan iň gadymy görnüşler bu ýerde saklanyp galypdyr. Bu ýerde endemikler hem ýetişýär, mysal üçin suw pişikleri we dýugonlar ýaly jandarlar ýaşaýarlar. Täsin ýeri, Ýuwaş ummanyň haýwanat dünýäsiniň köp görnüşine göwrüm taýdan ululyk mahsusdyr. Ullakan midiýalar we ustrisalar, ummanyň ekwatorial böleginde bolsa agramy 300 kg çenli bolan tridakna mollýuskalary ýaşaýar.




9. Atlantik ummany iň duzly umman bölegi bolup, ululygy boýunça ikinji orunda durýar. Atlantikada ummanlaryň iň syrly ýeri — Bermuda üçburçlygy ýerleşýär. Adamlar bu ýerde gämileriň we hatda uçarlaryňam syrly ýitip gidýändigini aýdýarlar. Aslynda, Bermuda üçburçlugynyň aşaky topografiýasy gaty çylşyrymly, bu ýerde köp sanly gäminiň we rifiň bolmagy nawigasiýany kynlaşdyrýar.

Atlantik ummanynda daýwertleriň arasynda ýene-de bir ajaýyp we meşhur ýer — diametri 300 metr we çuňlugy 120 metr bolan Uly Gök oýdur.


10. Ýuwaş ummanyndaky uly barýer rifi dünýädäki iň uly janly organizmdir, ol hatda kosmosdan hem görünýär. Uzynlygy 2300 km bolan ekoulgam birnäçe müň rifden we ýüzlerçe adadan ybarat bolup, 600-den gowrak gaty we ýumşak merjen görnüşlerinden emele gelýär. Bu ýerde köp sanly balyk görnüşleri, mollýuskalardyr deňiz ýyldyzlary, pyşbagalar, delfinler hem-de akulalar ýaşaýar.

11. Hindi ummanynda «süýt deňzi» diýen gyzykly hadysa şaýat bolup bolýar. Seýrek ýüze çykýan bu tebigy hadysa ummanyň suwlarynyň ýalpyldawuk görnüşde akmagy bilen, millionlarça Vibrio harveyi lýumesent bakteriýalarynyň birleşmegi netijesinde emele gelýär. «Süýt deňzi» birnäçe gijede 100 000 inedördül kilometrden gowrak meýdany tutup biler.

12. Demirgazyk buzly ummany gaty sowuk, ýöne meýdany we çuňlugy boýunça iň kiçi ummandyr. Onuň ortaça çuňlugy 1225 metre barabar. Alymlar 2100-nji ýyla çenli global ýylylaşma sebäpli, Demirgazyk buzly ummanyň tomusda buzlarynyň erejekdigini belleýärler.

13. Ýer ýüzüniň takmynan 70%-i suw bilen örtülendir. Alymlar bu babatda suwlaryň beýle köp mukdarynyň 3,5 milliard ýyl mundan ozal şeýle ýagdaýa gelendigi baradaky pikirde saklanýarlar.

Peýdalanylan çeşmeler: cawater-info.net; howdoright.ru; ru.wikipedia.org; kanal-o.ru; iwtsedov.ru
76
158
Lilia_
15.07.2023 19:03
Dogry netijäni nädip ýeňil we töwekgel gazanyp bolýar: Psihologlaryň maslahatlary

Biz her günde ýüzläp bolmasa-da, onlarça geljekki durmuşymyza azda-kände täsirini ýetirip biljek çözgütleri kabul edýäris. Adatça bolşy ýaly, «Pizza almalymy ýa-da kolbasa» diýen ýaly ownuk sowal üçin biz bary-ýogy 1-2 minut wagt sarp edýäris, emma biziň bütin ömrümiziň dowamyny, iş ýolumyzyň bütin dowamatyny eýeleýän çözgütler hem bolup bilýär. Köpler bolsa ykbal çözüji hasap edilýän şu hili netije çykarmak ýagdaýlarynda howsala düşýärler, şol sebäpdenem köp bilip azdan galýarlar.

Bu makalada psihologlaryň möhüm çözgütleri kabul etmekde duýgulara erk etmek hem-de iň zerur mümkinçiliklere nazar aýlamak babatdaky maslahatlary beýan edilýär.


1. Birbada birnäçe meseleleriň çözgütlerini kabul etmeli bolsa, onda şu aşakdakylary ýerine ýetirmäge synanyşyp bilersiňiz: olary gyssagly we gyssagly däl, soň bolsa möhüm we ähmiýetsiz diýen toparlara bölüň. Geljekdäki işleriňize täsir etjek, diňe anyk möhlet bilen ýerine ýetirmeli wezipeleri ileri tutuň. Möhüm meseleleriň arasynda başgalaryň kömegi bilen ýerine ýetirip boljagy bar bolsa, muny ähmiýetsiz goýmaly däl, işleri paýlaşmagy başarmak durmuşy ýeňilleşdirýär. O diýen bir zerur we gyssagly bolmadyk işleriň bolsa ählisini soňky nokada ýetýänçä goýbolsun edip ýaşap bolar.




2. Maslahatlar hiç haçan artykmaçlyk etmez. Başgalardan soramak ejizligiň ýa-da hiç zat bilmezligiň alamaty däl, köplenç beýleki adamlaryň berýän maslahaty meselä başga nukdaýnazardan seretmäge, kyn bolan çözgütleri kabul etmegi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

3. Duýgularyňyza bäs geliň. Bu kyn bolup biler, ýöne muňa meseläňizi üçünji bir adam ýaly pikirlenip çözmäge başlanyňyzda has aýdyň göz ýetirersiňiz. Meseläni öz-özüňiz bilen ara alyp maslahatlaşmaga, ýagny özüňi keseki bir adam diýip pikir edip synanyşyp bolar. Beýleki adamlaryň meselelerini köplenç duýgymyza täsir etdirmezden kabul edýäris we olaryň dogry çözgüdini tapmak duýga orun bermeýänligimiz üçin hemişe örän ýeňil düşýär.


4. Eger çylşyrymly, has köp oýlanmagy talap edýän meseläni çözmek gysga wagtlyk ýeňil-ýelpaý iş bolmasa, onda ony soňa goýmakdan başga alaç ýokdur. Ol barada her pursat alada edip, özüňi gynamak hasam samsyklyk bolsa gerek. Bu hili çemeleşme deliberation-without-attention (ünssüz oýlanmak) diýlip atlandyrylýar. Ol barada gaýybana, pikirde saklap, adaty wagtda bölek-büçek pikirlere gümra bolsaňyz dogrusy bolar.


5. Netijäniň haýryna ýa-da zyýanyňyza boljagyny kesgitlemek. Iň bolmanda ol ýa-da beýleki bir çözgüdiň haýsy ýagdaýlara sebäp bolup biljekdigini, iş ýoluňyza, maddy derejäňize, saglygyňyza we maşgala ýagdaýyňyza nähili täsir edip biljekdigine düşünmegiňiz möhümdir. Mümkin bolup biljek ýaramaz netijeler hakda oýlananyňyzda, olary ýeňip geçmek üçin iň bolmanda ýüzleý meýilnamaňyzy düzmek hem möhümdir.





6. Kesgitli netijä gelnenden soň bolup biljek oňyn we zyýanly üýtgeşmeleriň nähili ýagdaýa getirip biljekdigini bahalandyryň. Eger bularyň ikinjisiniň mümkinçiligi has ýokary bolsa, wagtlaýyn peýda ýa-da lezzet siz üçin näçe özüne çekiji bolup görünse-de, beýle çözgütden ýüz öwürmek has gowudyr. Köplenç şeýle emosional çözgütden soň ýüze çykýan kynçylyk, şol lezzete ýa-da peýda ymtylmagyň asla gerekli däldigini görkezýär.

7. Netije çykarmaly meseläňiz bilen baglanyşykly mümkin boldugyndan köp maglumat toplaň. Mysal üçin, başga bir ýurda göçmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, şol ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşy barada näçe köp bilseňiz, şol ýurda göçeniňe degýändigine ýa-da asla göçmeli däldigine göz ýetirmäge ýardam eder.

8. Şol bir wagtyň özünde negatiw maglumatlara gulak assaňyz, özüňizde biderek howsala döredip, ýene-de emosional täsire girersiňiz. Dogry maglumatlar bilen bolsa, meýilleriňizi anyk maksatlara öwrüp bilersiňiz.


Şu getirilen umumylaşdyrylan maslahatlardan görnüşi ýaly, kesgitli, dogry we oýlanyşykly netijä gelmek üçin mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrmak, maslahatlaşmak (olara ýagdaýa görä eýermek bolar), zerur bolan dogry maglumatlary toplamak we emosional ýagdaýlara ünsli çemeleşmek zerur bolup durýar.

Peýdalanylan çeşmeler: l-a-b-a.com; incrussia.ru
86
208