Dünýä ummany: açylmadyk dünýäniň syrlary we faktlary
8-nji iýunda 30 ýyldan gowrak mundan öň, has takygy 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan esaslandyrylan ekologik baýramçylyk — Bütindünýä ummanlar güni bellenildi. Ummanlar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde-de wajyp orna eýedir. Alymlaryň getirip çykarýan çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýer ýüzüniň 40 million töweregi adamy ummanlar bilen bagly hünärlerde zähmet çeker.
Dünýä ummanlary barada bilinýän maglumatlar köp ýaly görünse-de, olaryň heniz nämälimligine galýany az däl. Hatda, bu babatda alymlar Ýeriň suw bölegine garanyňda adamlar Aý barada has köp zady bilýär diýip degişme äheňinde belläp geçýärler. Dürli maglumatlara görä, häzire çenli dünýä ummanlarynyň takmynan 10%-i öwrenilipdir. Sebäbi bu «çuň suwlaryň» aglaba meýdany adam aralaşardan çylşyrymly hasap edilýär. «Turkmenportal» web saýtynyň dünýä ummanynyň adaty bolmadyk maglumatlaryna salgylanyp ýetirýän materialy oňa azda-kände düşünmäge mümkinçilik berer.
1. «Dünýä ummany» diýen ylmy düşünje ilkinji gezek 1917-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ulgam rus we sowet okeanografy hem-de kartografy Ýuliý Şokalskiý tarapyndan döredildi. Ol Bütindünýä ummanyny dört bölege — Ýuwaş ummany, Atlantik ummany, Hindi ummany hem-de Arktika ummany diýip bölüpdir.
2. 2000-nji ýylda Halkara Gidrografik Guramasy (HGG) bäş ummana bölünişik barada karar kabul edip, ozalky bar bolan dört ummanyň üstüne Günorta buzly ummany hem goşmagy makul hasap etdi. Şeýle-de bolsa, HGG-niň bu karary tassyklanylmady. Muňa garamazdan, 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri ABŞ-nyň Milli geografiki jemgyýeti Günorta buzly ummany aýrybaşga, özbaşyna çäkli umman diýip ykrar etdi we ony kartalarda görkezip başlady.
3. Çuňlugy we meýdany boýunça dünýäde iň uly umman Ýuwaş ummandyr. Ol 180 million inedördül kilometre giňligine uzaýar, bu bolsa onuň gury ýeriň ähli meýdanyndan 30 million inedördül kilometr uludygyny aňladýar.
Ýuwaş ummanyny (Pasifico) bu hili at bilen portugaliýaly deňizde ýüzüji Fernando Magellan atlandyrypdyr. Magellan ummandan geçen ilkinji ýewropaly bolupdyr. Onuň ekspedisiýasy dört aý töweregi dowam edipdir we bu döwürde gämiler hiç hili tupana gabat gelmändir. Aslynda meşhur syýahatçynyň syýahaty şowly bolup, aslynda tupan turmagy Ýuwaş ummanynda adaty ýagdaý eken. Hut geçen mahaly tupansyz bolandygy üçinem ol bu giň ummany Ýuwaş umman diýip atlandyrypdyr.
4. Bütindünýä ummanynyň suwlarynda 20 million tonnadan gowrak altyn we 30 milliard tonna kümüş gyryndysy bar diýilýär. Şeýle-de bolsa, häzirki döwürde altyn gazyp almak netijeli däl hasap edilýär.
5. Marian çuňluklaryndaky «Çellenjer çuňlugy» Ýeriň iň çuň ýeri bolup, Ýuwaş ummanda ýerleşýär. Onuň çuňlugy — 10 994 metr, takmynan 11 kilometrdir. Deňeşdirmek üçin mysal alsak, Ewerest belentligini Marian çukuryna ýerleşdirip bolan bolsa, dünýäniň iň beýik dagy (8,848 m) dolulygyna suwuň astynda galardy.
6. Ummanlarda suwasty şarlawuklar bardyr. Olaryň ýüze çykmagynyň sebäbi duzlulygyň, temperaturanyň we aşaky topografiýanyň aýratynlyklarynyň düýpli üýtgemegi bilen baglydyr.
7. Ummanyň düýbünde wulkan kraterleriniň töwereginde howasy we yşygy bolmadyk suwda ýaşaýan jandarlar bardyr, bu ýerde suwuň temperaturasy 150 derejä ýetýär.
8. Ýuwaş ummanyň haýwanat dünýäsi beýleki ummanlara garanyňda, 3-4 esse baýdyr. Häzirki wagtda beýleki suwlarda tapylmaýan iň gadymy görnüşler bu ýerde saklanyp galypdyr. Bu ýerde endemikler hem ýetişýär, mysal üçin suw pişikleri we dýugonlar ýaly jandarlar ýaşaýarlar. Täsin ýeri, Ýuwaş ummanyň haýwanat dünýäsiniň köp görnüşine göwrüm taýdan ululyk mahsusdyr. Ullakan midiýalar we ustrisalar, ummanyň ekwatorial böleginde bolsa agramy 300 kg çenli bolan tridakna mollýuskalary ýaşaýar.
9. Atlantik ummany iň duzly umman bölegi bolup, ululygy boýunça ikinji orunda durýar. Atlantikada ummanlaryň iň syrly ýeri — Bermuda üçburçlygy ýerleşýär. Adamlar bu ýerde gämileriň we hatda uçarlaryňam syrly ýitip gidýändigini aýdýarlar. Aslynda, Bermuda üçburçlugynyň aşaky topografiýasy gaty çylşyrymly, bu ýerde köp sanly gäminiň we rifiň bolmagy nawigasiýany kynlaşdyrýar.
Atlantik ummanynda daýwertleriň arasynda ýene-de bir ajaýyp we meşhur ýer — diametri 300 metr we çuňlugy 120 metr bolan Uly Gök oýdur.
10. Ýuwaş ummanyndaky uly barýer rifi dünýädäki iň uly janly organizmdir, ol hatda kosmosdan hem görünýär. Uzynlygy 2300 km bolan ekoulgam birnäçe müň rifden we ýüzlerçe adadan ybarat bolup, 600-den gowrak gaty we ýumşak merjen görnüşlerinden emele gelýär. Bu ýerde köp sanly balyk görnüşleri, mollýuskalardyr deňiz ýyldyzlary, pyşbagalar, delfinler hem-de akulalar ýaşaýar.
11. Hindi ummanynda «süýt deňzi» diýen gyzykly hadysa şaýat bolup bolýar. Seýrek ýüze çykýan bu tebigy hadysa ummanyň suwlarynyň ýalpyldawuk görnüşde akmagy bilen, millionlarça Vibrio harveyi lýumesent bakteriýalarynyň birleşmegi netijesinde emele gelýär. «Süýt deňzi» birnäçe gijede 100 000 inedördül kilometrden gowrak meýdany tutup biler.
12. Demirgazyk buzly ummany gaty sowuk, ýöne meýdany we çuňlugy boýunça iň kiçi ummandyr. Onuň ortaça çuňlugy 1225 metre barabar. Alymlar 2100-nji ýyla çenli global ýylylaşma sebäpli, Demirgazyk buzly ummanyň tomusda buzlarynyň erejekdigini belleýärler.
13. Ýer ýüzüniň takmynan 70%-i suw bilen örtülendir. Alymlar bu babatda suwlaryň beýle köp mukdarynyň 3,5 milliard ýyl mundan ozal şeýle ýagdaýa gelendigi baradaky pikirde saklanýarlar.
Peýdalanylan çeşmeler: cawater-info.net; howdoright.ru; ru.wikipedia.org; kanal-o.ru; iwtsedov.ru