Lilia_
29.08.2023 11:49
DÜRDÄNE SETIRLER
“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”.
Wilýam Şekspir
***
“Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”.
Wilýam Şekspir
***
“Erkinlik daşaryda bolsa, sürgünlik siziň ýanyňyzdadyr”.
Wilýam Şekspir
***
“Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”.
Wilýam Şekspir
***
“Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň manysy däl”.
Wilýam Şekspir
***
“Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer”.
Wilýam Şekspir
***
“Käbir ýykylmalar, has ajaýyp turmalaryň höweslendirijisidir”.
Wilýam Şekspir
***
“Ýara bilen öýun eder, ýaralanyp görmedik adam…”.
Wilýam Şekspir
***
“Günäli kelle şübhäniň hemişe ýüz tapýan ýeri”.
Wilýam Şekspir
***
“Galan miraslaryň hiç biri dogrulyk kimin baý bolup bilmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly”.
Wilýam Şekspir
***
“Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur”.
Wilýam Şekspir
***
“Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir”.
Wilýam Şekspir
***
“Dowzah boşdur. Çünki ähli şeýtanlar bärde…”
Wilýam Şekspir
***
“Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler”.
Wilýam Şekspir
***
“Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar”.
Wilýam Şekspir
***
“Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar”.
Wilýam Şekspir
***
“Nähak dawa üçin göreşmegi, hakyky batyrlyk hasap edip bolmaz”.
Wilýam Şekspir
***
72
97
Lilia_
28.08.2023 21:12
Ýaşlyk – munuň özi adamyň ýaşaýşa bolan hyjuwynyň mizemezligidir.Adam öz ýaşlygyny ömrüniň iň gözel döwri hasaplaýar. Ýaşlykda geçiren her bir pursadyny hemişe hakydasynda saklaýar. Ýaşlykdaky güýç-kuwwat, gujur-gaýrat näçe köp bolan hem bolsa, seriniň badyhowalygy, ham-hyýallygy sebäpli ol gujur-gaýratyň, güýç-kuwwatyň juda az ulandygy hakynda asla oýlanmaýar…
*****
Kämillik – mähek daşy. Onuň kömegi bilen altynyň sap altyndygyny ýa-da galpdygyny kesgitläp bolýar. Adam ömrüniň “güýzi” hem mähek daşyna kybapdyr. Akyly goýalyp, kämilleşen adam öz ýaşan ömrüniň menzillerine ser salýar. Goýberen ýalňyşlyklaryny, dogry we nädogry hereketlerini seljerýär hemde netije çykarýar…
*****
Dostluk — lezzetleriň we düşünjeleriň ylalaşmagydyr. Hiç garaşmadyk pursadyňda ýüregiňde döreýän yssy bir duýgudyr, begençdir. Durmuşda ömürlik ýoldaş boljak bu hakyky dostlukdyr. Dostlukda wagt çägi bolmadyk, başyňa iş düşende ýetişip, gapysyny kakanyňda gözleriňe seredip aňýan, mätäç bolanyňda, gerdeniňe başyny goýup, dogan ýaly syryny paýlaşyp bilýän ynsan bu çyn dostlukdyr. Dostluk hiç bir zada daýanmaýan söýgi bilen gurulsa uzaga çeker. Ýogsa ellerimize alan gum däneleri ýaly barmaklarymyzyň arasyndan duýman durkak ýitip gider…
*****
Söýgi – bu Zeminde düşündirip hem, düşünip hem bolmaýan gudratdyr. Söýgi adamy we dünýäni döredýän güýçdür. Söýgi ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary ahlak kadalarynyň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolup bilýär. Ol hemişe ähli ýerden, islendik ýagdaýlarda-da, ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar.
Taýýarlan: Halbibi SATLYKOWA,
72
61