Lilia_
04.09.2023 08:53
Bagt öz ýanyňda
Günleriň bir güni güneşe çoýunyp ýatan ýaşy bir çene baran pişigiň ýanyndan haýdan-haý ylgap barýan ýaş pişijek büdräp ýykylypdyr. Dessine aýaga galybam halkalaýyn ylgapdyr.
— Näme edýäň? — diýip, gözüni çalaja açyp garryja pişik sorapdyr.
— Men öz guýrugymy tutmak üçin yzyndan ylgaýan — diýip, demi-demine düşmän ýaş pişijek jogap beripdir.
Bu jogaby eşiden garry pişik hezil edip gülüp: « Näme üçin?» diýip sorapdyr.
— Maňa seniň bagtyň guýrugyň diýip aýtdylar. Ynha, menem bagtymy tutmak üçin üç günden bäri guýrugymyň yzyndan ylgaýan, ýöne guýruk maňa tutdurar ýaly däl.
Garran pişiklere mahsus ýylgyryşy bilen garryja pişik ýaş pişijege seredip:
— Bir wagt menem ýaşdym. Şol döwür maňa hem guýrugyňy tutsaň bagt taparsyň diýip aýdyldy. Menem jan edip bagtyma ýetmek üçin iýmän-içmän guýrugymyň yzyndan kowalaýadym. Ysgyn-mydarym gaçsa-da, zordan aýaga galyp ylgaýadym. Şeýdip näçe wagt geçenini bilemok, ahyr mejalsyz ýagdaýda gözümiň düşen tarapyna ýöredim. Bilýäňmi men şonda näme üns berdim?
— Nämä? — diýip, pişijek bilesigelijik bilen sorady.
— Men nirä gitsem guýrugym menden galman yzymdan gelýänine gözüm düşdi. Şonuň üçin, gadyrdan, bagtyň yzyndan ylgama. Öz ýoluňy saýlap maksadyňa tarap gitseň, bagt seniň bilen ýanyňda gider.
Rus dilinden terjime eden Arzuw RAHMANOWA,
42
48
Lilia_
02.09.2023 00:20
Bütin dünýä meşhur bolan 12 adam barada gyzykly faktlar!
Wolter. Fransuz ýazyjysy we filosofy, meşhur - Wolter kofe içmegi gaty gowy görüpdir. Ol günde 50 stakan kofeany içip bilipdir. Dogry, bu biz üçin adaty kofe däl, şokolad we kofeli garyşma bolupdyr. Beýle rahatlandyryjy içgilige özüni beren bu akyldara töwerekdäkiler onuň tiz arada öljekdigini aýdypdyrlar. Emma Wolter 83 ýyl ömür görüp olary haýran galdyrypdyr.
Hristofor Kolumb. Bolan wakalara esaslanan rowaýatlaryň arasynda, Kolumba görüplik eden ynsanlar we deňizçilere Kolumbyň mynasyp jogaby baradaky hekaýalar hem bar. Şol gybatçy adamlar Kolumba hemişe Amerikany açmak kyn bolmadygyny gaýta-gaýta aýdýardylar. Ispan deňizçisi kolumb bolsa muňa gazaplanýardy. Kolumb olara şeýle çäre görmeklige karar etdi: deňizçi Kolumb bäsdeşlik edýänleriň ählisiniň her birine bir ýumurtgadan berip, ony dik ýagdaýda goýmalydygyny aýdýar. Olar näçe hereket etseler-de başarmandyrlar. Şondan soň bir sany ýumurtgany eline alan Kolumb ýumurtgany örän çaltlyk bilen pyrlaýar we şol ýagdaýda ony stolyň üstünde goýýar, ýumurtga dik ýagdaýda bolýar. Soňra Kolumb olara seredip ,,Amerikany açmak şeýle aňsat boldy" diýip aýdýar. Ýagny Kolumbyň açyşyna pisentsizlik bilen seredip aňsat açyş diýýänlere şol ýumurtganyň dik goýulyşy ýaly aňsat işi edip bilmeýişleri ýaly aňsat açyşam açyp bilmediklerini jogap hökmünde gaýtarýar.
Genri Ford. Meşhur telekeçi Genri Fordyň kompaniýasyna işçiler olaryň saglyk ýagdaýyna seredilmezden kabul edilipdir. Mysal üçin 1917-nji ýylda onuň kompaniýasynda 6000 sany maýyp zähmet çekipdir. Şeýlelikde bu ýagdaý kompaniýanyň däp-dessuryna öwrülipdir. Mundan başga-da bu telekeçi hemme işçilerine deň aýlyk hakyny bermekligi möhüm hasaplypdyr. Genri Fordyň bellemegine görä mayplar sag adamlara seredende käbir işler üçin has ukyply bolupdyrlar.
Karol Alfonso XIII. Karol Alfonso XIII köşgünde başgalardan tapawutly mahsus wezipe - gimnçi bolupdyr. Karol Alfonso XIII aýdym-sazdan ukyby bolmandyr. Şonuň üçin ol gimni (döwlet senasyny) başga aýdymlardan tapawutlandyryp bilmändir. Gimnçiniň wezipesi bolsa milli gimniň başlanýandygyny aýdyp duýdurmakdy.
Ýuliý Sezar. Ýuliý Sezar hemişe we ähli ýerde lawr ýapraklaryndan gülçemberi kellesine dakyp gezen. Hökümdar bu ýol bilen saçlarynyň dökülýändigini gizlejek bolupdyr.
Çarlz Darwin. Bize meşhur nazaryýetleriň biriniň üsti bilen tanyş bolan bu alym aslynda biologiýa ugrundan mahsus maglumata (diploma) eýe bolmadyk. Mekdebi gutarandan soň Darwin maşgala däp-dessurlaryny dowam etdirmek üçin lukmançylyk ugruna, Edinburg uniwersitetine okuwa girýär. Emma tiz wagtdan ol lukmançylyk ugruny taşlap gidýär. Çünki alym gandan çendenaşa gorkýardy. Belki Darwin barada indiki aýtjak maglumatym siz üçin täzelik bolup biler, ýöne köp ýerde onuň muny tassyklanlygy barada maglumatlar görkezilse-de Çarlz Darwin hiç haçan adamyň maýmyndan gelip çykandygyny tassyklamaýar. Ol diňe adam we adama meňzeş maýmynlaryň umumy gelip çykyşlygy bir bolmagy mümkindigi barada çaklama edýär. Bu iki düşünje, ýagny tassyklamak we çaklamak bolsa biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.
Karl VII. Köpçülik üçin tanyş bolan, täç geýdirilende aýdylýan: ,,Karol öldi, ýaşasyn karol" diýlen jümle ilkinji gezek Karl VII täç geýdiriliş dabarasynda aýdylýar. Bu hadysa 1422-nji ýylda bolup geçipdi. Bu meşhur jümläni ilki öňki karolyň jaýlanyş dabarasynda aýdýarlar. Onuň manysy bolsa şalygyň bir şanyň elinden başga şanyň eline geçendigini aňladýar.
Merilin Monro. Taryhyň iň gözel we üstünlikli aktrisalarynyň biri Merilin Monronyň durmuşy juda agyr we bagtsyzdy. Onuň ejesi uzak wagtyň dowamynda ruhy keseller keselhanasynda bejerilýär. Şol sebäpden gyz ýetimhanada ösmeli bolýar. Ony 11 sany dürli maşgala alyp saklamakçy bolýar (perzentlige). Ýöne her sapar, dürli sebäplere gör yzyna getiriberýärler.
Albert Eýnşteýn. Beýik fizik 1955-nji ýylda ýagty älemi terk edýär. Onuň ölüminiň sebäbi aorta damarynyň ýarylmagy bolup, muny patologoanotom Tomas Harwi tarapyndan mälim edilipdir. Ýöne Tomas Harwi fizigiň ölüm sebäbini anyklamak bilen çäklenmändir. Ol bu alymyň beýni bölümini öwrenip, onuň beýnisini kelle süňkinden bölüp alypdyr we boş galan ýeri balzam bilen doldurypdyr. Iň gzykyly ýeri Ýönekeý adamyň beýnisiniň agramy hem 1400 grama deň bolýar, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bolsa 1230 gram bolupdyr.
Jannad Ark. Jannad Ark ýaşan döwürlerde saçlary kesilen gyzlara duşmak diýerli eläçsizdi. Ýöne käbir dürtgileriň netijesinde Jannad ilkinjilerden bolup bu usuly gollap görýär. Aradan 500 ýyl geçip fransuz aýal gahrymany baradaky bu fakty eşiden polşaly bir dellegi ylhamlandyrýar we munuň netijesinde dellek ,,Bob" saç bezegini oýlap tapýar.
Awraam Linkolin. Awraam Linkolin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur prezidentlerinden biridir. Ol ýaşlyk döwründen oňat göreşçi bolan. Ol köp hallarda köpçülik adamlara garap göreşe çagyran we islendigi bilen güýç synanşyp biljekdigini aýdan. Aýnan şu hereketleri sebäpli oňa ,,Göreşijileriň şöhraty" milli zalyndan ýer beripdirler. Onuň göreşiji sypatyndaky lakamy ,,Hakkany Eýb" bolup, hemişe öz karzlaryny wagtynda gaýtarýanlygy üçin şu lakama eýe bolupdyr.
Napoleon Bonopart. Napoleon Korsika adasynyň Aýaçço çäginde dünýä inip, onuň ähli eždatlary (ata-babalary) florensiýalylar bolupdyr. Şu sebäpli ony fransiýaly däl italiýaly, has anygragy Korsikaly diýip atlandyrmak mümkin. Napaleon italiýan dilini mekdep döwürlerinde öwrenär, fransuz dilini bolsa 10 ýaşda öwrenip başlaýar. Napaleon Fransiýa we Italiýa imperatory hasaaplanan. Şol sebäpli Italiýanyň baýdagy işläp çykarylýan wagtda işe özi gözegçilik edip işiň başynda durýar. Esas edilip bolsa Fransiýa baýdagy peýdalanylan. Bu orunda üýtgedilen ýeke zat mawy reňki ýaşyl reňke çalşylmagy bolupdyr.
53
147