Lilia_
03.09.2023 00:13
Diýýärler..

Diýýärler: “Ýylanyň gowusy bolmaz”,
Şu aýdylan gürrüň dogrudyr, belkem.
Emma oň şeýle bir dogry däldigne,
Ýaşap ýörseň akyl ýetirýäň kem-kem.

Ýalňyş — biraýakdan sürmek baryny,
Ýylanlaryň iň howplusy kepjebaş.
Ine, seň öňüňde örboýa galyp,
Taýýar häzir söweşmäge başa-baş.

Mertden eýmenmegiň zyýany ýokdur,
Birsalym endamyň tikeneklesin.
Azar bermäliň biz kepjebaşlara,
Gömülgenden bolsa Hudaý saklasyn.
53
60
wolf
3 Sentýabr 2023
👍🔥👍🔥👍
2580
3 Sentýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
mandarin
3 Sentýabr 2023
Gowy goşgy meñ pikirimce Huday sözini baş harpda yazsañyz oñat bolardy🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.