Lilia_
06.09.2023 13:55
Iki sany ýürekdeş dost çölde syýahat edýärdiler. Syýahatyň dowamynda olaryň arasynda bir dawa bolýar we biri beýlekisiniň ýaňagyna şarpyk çalýar. Şarpygy iýeniň ýaňagy biraz agyrypdyr, emma hiç zat diýmezden ýere eglipdir we çägä şu sözleri ýazypdyr:

“Bu gün iň gowy dostum maňa şarpyk çaldy!”

Bular ýene jülgä ýetýänçäler ýöremegi dowam edipdirler. Jülgä ýetenlerinden soňra, olar suwa düşmegi ýüreklerine düwýärler. Hälki şarpygy iýen dosty batgalyga düşýär we ýuwaş-ýuwaşdan batgalygyň düýbüne çümmäge başlaýar. Emma dosty kömege ýetişip, ony ölümden halas edýär. Ol özüne gelenden soňra bir daşa sözleri ýazypdyr:

“Bu gün iň gowy dostum meniň janymy halas etdi!”

Şarpygy çalan we janyny halas eden dosty sorapdyr:

“Janyňy ynjydan wagtym çägä ýazdyň, indi näme üçin daşa ýazdyň?” diýipdir.

Beýleki dosty hem şeýle diýip jogap beripdir:

Kimdir biri göwnümize degen wagty bolan wakany çägä ýazalyň! Goý, şemal gelip ony bozsun! Emma kimdir biri biziň üçin ýagşylyk etse, bolan wakany daşa ýazalyň! Goý, şemal hem ony bozup bilmesin”.
43
46
Lilia_
06.09.2023 09:16
ZENANLAR HAKDA DÜRDÄNE SÖZLER

Eli işli zenanyň akyl-paýhasy güýçli bolýar.

***

Zenanly öýde gülüň ysy bark urýar.

***

Gelin eje bolandan soň täzeden ýaşap başlaýar.

* * *

Eje bolmak uly bagt, enelik söýgüsine deňäp boljak başga bir gudrat ýokdur.

* * *

Enelik söýgüsi hat-da janly-jandarlarda hem çäksiz uly söýgini döretmäge ukyplydyr.

* * *

Gyz maşgala goraga mätäçdir. Çünki iň arzyly zatlar goralmaga mynasypdyr.

* * *

Zenanyň ömür ölçegi bellibir derejede onuň perzentlerine bagly bolýar.



Taýýarlan Oguljennet ALLAMYRADOWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.
42
45
Lilia_
06.09.2023 00:17
Eger sallançaklar üwrelip, hüwdi aýdylmadyk bolsa, ähtimal, dünýäde başga aýdymlar döremezdi.

***

Eneler — dünýäniň iň birinji şahyrlary!

***

Sowal — nyşany gözläp atylan ok. Jogap — nyşana degen ok.

***

Arzuwlar adamzadyň ömür serhedinden hem geçip gidýärler we asyrlary boýlap uçuberýärler.

***

Uruş hiç haçan adamlaryň sanyny köpeltmeýär, ýöne ol ýerdäki gahrymanlary artdyrýar.
45
37
Lilia_
05.09.2023 19:58
Dünýädäki iň halaýan adamyňyz kim? –– diýip sorapdyrlar. Olam:

–– Tikinçim –– diýip jogap beripdir. Sowal berenler geňirgenip:

–– Halypa, dünýäde başga adam gytmy? Näme üçin ala-böle tikinçini halaýarsyňyz? –– diýip soralarynda, akyldar şeýle jogap beripdir:

–– Hawa, dostlar! Men tikinçini halaýaryn. Sebäbi her gezek baranymda, ol meniň ölçegimi alýar. Emma başga adamlar welin beýle däl. Men hakda ilki başda nähili netijä gelen bolsalar, tä ölýänçäler şol göz bilen garaýarlar, şol ölçeg esasynda hereket edýärler.

Terjime eden: Ahmet MELÄÝEW.
48
97
Lilia_
05.09.2023 15:57
Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!
46
67
Lilia_
05.09.2023 13:01
Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.
48
62
Lilia_
05.09.2023 05:29
Her bir güni gowy garşylamagyň aňsat ýoly häzirki wagty netijeli peýdalanyp bilmeklikdir. Sebäbi geçen güni ýa-da geljegi üýtgetmek üçin hiç hili mümkinçilik ýok. Şu pursat bolsa heniz öz elimizde!
42
52
Lilia_
05.09.2023 00:08
Ýalňyşlyklar – kämilleşmegiň açarydyr. Hat-da kiçijik çagajyk hem ýöremegi ençeme gezek ýykylyp öwrenýändir.
43
45
Lilia_
04.09.2023 21:13
Ähli zady bir wagtda, bir günde başarmak mümkin däl. Birbada birnäçe işi etjek bolýan ynsan şolaryň haýsy-da bolsa birine az üns berýändir. Ähli ünsüňi diňe şu güne gönükdir!
43
52
Lilia_
04.09.2023 16:50
Öňüňde goýan maksadyň soňuna ýetmek üçin ýeterlik sabryň bolsun. Başlan işiň soňuna çenli dowam et. Men hem has akylly bolanlygym üçin däl-de kynçylyklara garşy soňuna çenli göreşenligim üçin maksadyma ýetýärin!
44
44