Iki sany ýürekdeş dost çölde syýahat edýärdiler. Syýahatyň dowamynda olaryň arasynda bir dawa bolýar we biri beýlekisiniň ýaňagyna şarpyk çalýar. Şarpygy iýeniň ýaňagy biraz agyrypdyr, emma hiç zat diýmezden ýere eglipdir we çägä şu sözleri ýazypdyr:
“Bu gün iň gowy dostum maňa şarpyk çaldy!”
Bular ýene jülgä ýetýänçäler ýöremegi dowam edipdirler. Jülgä ýetenlerinden soňra, olar suwa düşmegi ýüreklerine düwýärler. Hälki şarpygy iýen dosty batgalyga düşýär we ýuwaş-ýuwaşdan batgalygyň düýbüne çümmäge başlaýar. Emma dosty kömege ýetişip, ony ölümden halas edýär. Ol özüne gelenden soňra bir daşa sözleri ýazypdyr:
“Bu gün iň gowy dostum meniň janymy halas etdi!”
Şarpygy çalan we janyny halas eden dosty sorapdyr:
“Janyňy ynjydan wagtym çägä ýazdyň, indi näme üçin daşa ýazdyň?” diýipdir.
Beýleki dosty hem şeýle diýip jogap beripdir:
Kimdir biri göwnümize degen wagty bolan wakany çägä ýazalyň! Goý, şemal gelip ony bozsun! Emma kimdir biri biziň üçin ýagşylyk etse, bolan wakany daşa ýazalyň! Goý, şemal hem ony bozup bilmesin”.